Täzelikler

Türkmenistan Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň mejlisine gatnaşdy

13.10.2021
B9f4d72d63fb14bc51494a27905c1c5e3da3b8c7f5d7b30f4f867474e67c3e71
2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça...

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

13.10.2021
131021 pr 01
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ...

Sebitdäki iň uly söwda we dynç alyş merkezi Aşgabatdadyr

13.10.2021
Af9ca9b3a9ce4ee2633b9cbb055ee4b3a86425aa422de3ecc9e6d9e61af871be
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşma...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda halkara lukmançylyk forumy geçirildi

08.10.2021
07cb759504db2dcb41ef1c95633e127468df7bf13abf459216fe389ca0e0b3ec
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe b...
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýoly bilen

07.10.2021
616dc6f3c8d842f653cf65c9c4c46ffd0ff551c85168f321e982d33183c73b8c
Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçi...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

06.10.2021
07 10 001
Şu gün — Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepa...
  • Image
  • Image

Türkmen talyplary Halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyryna çykdylar

05.10.2021
Ec6793f218078629aed694e34f1964ffe6bdb247b3b8c0820190fd293aa9afb9
Türkmenistanyň ýedi ýokary okuw jaýlarynyň talyplary Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary bilim ministrliginiň howa...

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy

04.10.2021
05 10 002 pr
Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegista...
  • Image
  • Image



Türkmenistan Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň mejlisine gatnaşdy


Image

2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gazagystana sapary guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi.

Söhbetdeşligiň başynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gazagystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit hem-de halkara gün tertibine aýratyn üns bermek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplyn türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de söhbetdeşler Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriniň netijeliligi nygtadylar.

Bu ugurda, ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň VI Sammitiniň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kasym-Žomart Tokaýew türkmen-gazak strategiki hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynyň has hem işjeňleşdirilmegi nukdaýnazaryndan, bu halkara çäresiniň aýratyn wajyplygyny belläp geçdi.

Soňra Daşary işler ministri R.Meredow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ministrler derejesinde geçirilýän duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistana bu Guramada synçy-ýurt derejesiniň berilmeginiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň işiniň esaslanýan ýörelgelerini hem-de wezipelerini, hususan hem gepleşikler we hyzmatdaşlyk arkaly Aziýa yklymynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagyny, umumy bölünmeýän sebit hem-de halkara howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny beýan etdi.

R.Meredow Geňeşiň agza-ýurtlaryna Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Halkara parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikde alnyp barylýan işler babatynda minnetdarlygyny bildirip, olary 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Bu çäre geljekde halklaryň parahatçylykly we ynanyşyp ýaşamagynyň dessurlarynyň kemala getirilmegi, halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ählumumy ýola goýulmagy boýunça giň göwrümli halkara hereketleriniň jemini jemlär, diýip türkmen wekiliniň ýolbaşçysy belläp geçdi.

Ministriň nygtaýşy ýaly, türkmen tarapy umumy wezipeleriň hem-de gymmatlyklaryň durmuşa geçirilmegi maksady bilen, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň BMG, YHG we beýleki abraýly guramalar bilen özara hereketleriniň giňeldilmegini teklip etdi. Mundan başga-da, türkmen tarapynyň birnäçe teklipleri hem-de BMG-niň işiniň ileri tutulýan bäş sany ölçegi boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleriň çäklerindäki geljegi ugurlar beýan edildi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm