Täzelikler

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzy Hindistan gününiň baýramçylygyna we ýokary derejeli sammite çagyrdy

03.12.2021
03122021 modi
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidentini Gurbanguly Berdimuhamedowy Hindi...

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalaryň saglygyny bejermek üçin serişde goýberdi

02.12.2021
Fond
Ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi, beden hem-de...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşy

28.11.2021
2811 37
(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabry) Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşç...

Türkmenistan YHG agza ýurtlaryny energiýa we transport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

28.11.2021
2811 09
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryny ulag we energiý...

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi

28.11.2021
2811 38
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Gur...

ŞHG bilen gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasatynyň beýanydyr

25.11.2021
251121 51
Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Gura...

Awtoulag benzininiň eksporty artýar

25.11.2021
251121 09
Özbegistan Respublikasynyň Döwlet komitetiniň statistika boýunça metbugat gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň 10 aýynd...

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

24.11.2021
Pr 25 11
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe top...



Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar


Image

Şu gün tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadançylygy öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, öňdebaryjy ekerançylygyň ýurduna öwrüldi. Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi we taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyz gülläp ösýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýyl hem uly üstünliklere beslenip, ýurdumyzyň saçagy bereketli önümlerden dolduryldy. Türkmen pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, ýokary hilli “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar. Gallaçylarymyz hem meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý tabşyrdylar. Gök we bakja önümlerini öndürijiler uly üstünlikleri gazandylar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, önümçiligi ösdürmegiň, gowaçanyň hem-de dänäniň ýokary hilli görnüşleriniň ekilmeginiň, döwrebap agrotehnikalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde mümkin boldy.

Bu ulgamda özgertmeleriň häsiýetli aýratynlygy düýbünden täze ykdysady usulda amala aşyrylýandygyndan ybaratdyr. Şunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, telekeçilik başlangyçlary, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek höweslendirilýär. Daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý, gowaça we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýer gaznalary döredildi. Şol gaznalar bu ekinlerden, gök hem-de bakja ekinlerinden bol hasyl almak, ýeralma, üzüm, miwe öndürmek üçin niýetlenendir.

Hojalyk işi bilen baglanyşykly meseleleri özbaşdak çözmek hukugyna eýe bolan kärendeçiler, daýhanlar, daýhan birleşikleri, hususyýetçiler, oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak we gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak, ýerlemek bilen meşgullanýan telekeçiler içerki bazarlarda azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşup, ondan artygyny daşary ýurtlara eksport edýärler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba zähmetkeşleri barada edýän aladasynyň netijesinde ekinleri suw hem-de obasenagat toplumyny täze tehnikalar bilen üpjün etmek işine ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksat bilen dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Şunuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilik işine, tiz ýetişýändigi hem-de ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmäge uly üns berilýär. Oba hojalygyny sanly ulgama geçirmek, takyk ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy agrotehniki tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär.

Şanly waka mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dürli mowzuklaýyn maslahatlar geçirildi, mähriban topragymyzyň sahawatlylygyny görkezýän sergiler we ýarmarkalar guraldy. Däp bolşy ýaly, esasy baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzda geçirildi. Bu ýere ähli sebitlerden halk hojalygynyň öňdebaryjy wekilleri geldi.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki oba hojalyk hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy we onda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýyl ýokary netijeleri gazanan obasenagat pudagynyň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy.

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasy esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde oba hojalygynyň hem-de agrosenagat toplumynyň gazanan üstünlikleriniň uly sergisi guraldy.

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleri bar. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar hem-de tans toparlarynyň çykyşlary bol hasyl ýetişdirýän oba zähmetkeşlerine bagyşlandy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda Hasyl toýunyň halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydygy bellenilýär.

Siziň çekýän tutanýerli zähmetiňiz netijesinde bereketli türkmen topragynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygy has-da berkidilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarda ýokary ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanasynda siziň tutanýerli, halal zähmetiňizden bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza Hazyna atly ajaýyp ahalteke bedewiniň gowşurylmagy baýramçylygyň möhüm wakasy boldy.

Sergi merkezinde obasenagat toplumynyň ähli edaralary we kärhanalary öz bölümlerini ýaýbaňlandyrdylar. Pagtaçylyk, däneçilik pudaklarynyň, maldarçylyk, azyk, dokma senagatynyň önümleri we haly önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň täze oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary-da görkezildi.

Sergide “ak altyny” gaýtadan işlemek ulgamynda gazanylan üstünliklere aýratyn üns berildi. Türkmenistan ýurdumyz ekerançylygyň bu möhüm önümi öndürmek babatda taryhy däpleri saklamak hem-de baýlaşdyrmak bilen, dünýäde ýokary hilli pagtany esasy öndürijileriň biri bolup durýar. Pagta okgunly ösýän dokma senagatynyň döwrebap kärhanalarynyň onlarçasy üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Türkmen nah ýüplükleri hem-de matalary, trikotaž we jins matalary, dizaýnerçilik, tehnologik çözgütler esasynda taýýarlanylan taýýar önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Pagta süýüminden ýüplükler, matalar we egin-eşikler taýýarlanylýar. Ondan lukmançylyk pamygy, kosmetiki serişdeler, dokalmaýan serişdeler hem-de tehniki maksatly önümler öndürilýär. Pagta birnäçe azyk önümleri üçin hem çig mal bolup hyzmat edýär. Şolaryň hatarynda pagta ýagy aýratyn ähmiýete eýedir. Gowaça gülüniň baly bolsa melhemlik häsiýete eýedir.

Welaýatlaryň baýramçylyk sergi bölümlerinde “ak altynyň” täze hasyly, guşgursak bugdaý, bakja, gök önümleriň hem-de miweleriň köp görnüşleri görkezildi. Sergi diwarlyklaryny meşhur “Waharman”, “Garrygyz”, “Gyzyl gülaby” gawunlary, “Jeýhun”, “Serdar”, “Dişim” garpyzlary, “Palaw kädi”, “Daş kädi”, “Düwdibişer” kädileri bezedi. Üzümiň dürli görnüşleri bilen bezelen diwarlyk myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Bu gün bagbanlar üzümiň “Terbaş” we “Gara üzüm” ýaly, gadymy türkmen görnüşleri bilen bir hatarda, “Kaberne”, “Saperawi”, “Gülgüne taýpy” görnüşlerini hem ösdürip ýetişdirýärler.

Milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň ruhy siňen bu baýramçylyga folklor toparlarynyň hem-de bagşy-sazandalaryň çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy.

Günüň ikinji ýarymynda baýramçylygyň maksatnamasynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy: ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, Agrar partiýanyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri hem-de obasenagat ulgamynda işleýän telekeçiler, alymlar, bilermenler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy meseleleriniň hatarynda ýurdumyzyň oba hojalygynda gazanylan üstünlikler hem-de amala aşyrylýan özgertmeler, ekinleri ýetişdirmekde ylmyň iň gowy tejribelerini ulanmak we seçgiçilik bilen bagly ugurlar boldy. Türkmen çig malyndan taýýar önümleri dünýä bazarlaryna çykarmagy has-da ilerletmek, Türkmenistanyň pagtaçylygyny we pagtany gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň wezipelerine hem garaldy.

Oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň barşynda daşary ýurtlaryň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize, oba hojalyk pudagynyň işgärleri barada yzygiderli alada edýändigi üçin, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hasyl toýy mynasybetli eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda dabaraly çäreler, oba hojalyk işgärlerini hormatlamak çäreleri hem-de konsertler, sport ýaryşlary, beýleki medeni-köpçülikleýin dabaralar guraldy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image
  • Image