Täzelikler

Türkmenistan halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrar

22.01.2022
78744
Türkmenistan deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar, ol Türkmenbaşy Halkara deňiz p...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.01.2022
22 01 22pr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini...

Türkmenistanda raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba almak boýunça taslama işlenip düzülýär

19.01.2022
Online regist
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýur...

«Aýdyň gijeleriň» önümleri: planşetler, «akylly» telefonlar, telewizorlar we täze tehnologiýalar

19.01.2022
252566
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek urga çydamly «Aýtab» söwda nyşanly 8 we 10 inçlik (8 (10) x 2,54) gar...
  • Image

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Özbegistana sapary amala aşyrdy

18.01.2022
Taskent
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetin...

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

17.01.2022
Pr palace1
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegç...

Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi

15.01.2022
Owgan del
Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana s...

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

12.01.2022
13 01pt
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...



Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalaryň saglygyny bejermek üçin serişde goýberdi


Image

Ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Şunda durmuş goldawyna mätäç çagalara aýratyn üns berilýär. Ynsanperwerlik, ýagşylyk, birek-biregi goldamak ýaly asylly ýörelgeler asyrlarboýy türkmen halkynyň häsiýetleriniň özenini düzýär. Bu ýörelgeler çaganyň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepillikleri hem-de mätäç çagalaryň jemgyýete uýgunlaşmagyna, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady çäreler bilen utgaşyklylykda amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, şol maksat bilen, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan şol gazna degişli ugurda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplaryndaky we şäherlerindäki hassahanalaryň çagalar bölümleri üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur almak bilen, paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Mary we Lebap welaýatlarynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri geçirildi. Häzir olaryň ýagdaýy kanagatlanarly bolup, lukmanlar degişli gözegçiligi amala aşyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän çagalaryň operasiýa bejergisi, lukmançylyk maksatly degişli serişdeler üçin tölegleri Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna tölemek barada Çözgüde gol çekdi.

Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň çagalary aýratyn üns we alada bilen gurşap almak bilen bagly ajaýyp däpleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrebap çagalar baglary, umumybilim berýän orta mekdepler guruldy we gurulmagy dowam edýär. Bu ugurda ösüp gelýän nesliň saglygyny goramak we berkitmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurulmagy we ulanmaga berilmegi çagalaryň döwrebap bilim almagy üçin şertleriň döredilmegine ýardam etdi.

Ýaş türkmenistanlylar hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ata Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň saglygy we abadançylygy barada edýän atalyk aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan edýärler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm