Täzelikler

Türkmenistan halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrar

22.01.2022
78744
Türkmenistan deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar, ol Türkmenbaşy Halkara deňiz p...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.01.2022
22 01 22pr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini...

Türkmenistanda raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba almak boýunça taslama işlenip düzülýär

19.01.2022
Online regist
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýur...

«Aýdyň gijeleriň» önümleri: planşetler, «akylly» telefonlar, telewizorlar we täze tehnologiýalar

19.01.2022
252566
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek urga çydamly «Aýtab» söwda nyşanly 8 we 10 inçlik (8 (10) x 2,54) gar...
  • Image

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Özbegistana sapary amala aşyrdy

18.01.2022
Taskent
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetin...

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

17.01.2022
Pr palace1
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegç...

Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi

15.01.2022
Owgan del
Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana s...

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

12.01.2022
13 01pt
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...



Türkmenistan - Täjigistan: söwdanyň ösüş depgini ösdürilýär


Image

Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligi 2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlary bilen söwda dolanyşygynyň has-da artandygyny we Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň 2,7 esse ösendigini habar berýär.

Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek we hil taýdan ösdürmek 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy temlarynyň biri boldy. Bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek boýunça geljekki bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlaryny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk, dokma, derman senagatynyň, oba hojalygynyň we beýleki pudaklaryň önümleriniň söwdasy ulgamynda Täjigistan bilen hyzmatdaşygy has-da giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi. Iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak baradaky taýýarlygy gepleşiklerde gol çekilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda ministrliginiň arasynda Türkmenistanda we Täjigistan Respublikasynda söwda öýlerini döretmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022-2023-nji ýyllarda haryt dolanşygyny köpeltmek barada «Ýol kartasy»; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda işewürler geňeşini döretmek hakynda Ylalaşyk ýaly resminanamalarda bellenildi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda bu resminanamalary durmuşa geçirmekligi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow bilen onuň täjik kärdeşi Sirojiddin Muhriddin ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artandygyny bellediler we iki tarapyň-da ýakyn geljekde özara söwdany giňeltmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny beýan etdiler. Duşuşykda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet saparynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýy we ykdysadyýet, söwda, ýangyç-energerika ulgamy, ulag we logistika, oba hojalygy, suw hojalygy, ýeňil we gaýtadan işleýän senagat ýaly ikitarapalýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny işjeňleşdirmek ara alnyp maslahatlaşyldy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm