Täzelikler

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

27.05.2020
1590610829
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň h...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

26.05.2020
1590518888
Şu gün Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we ...

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi

25.05.2020
1590436864
Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurban...
  • Image
  • Image

Bitarap Watanymyz — Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti

18.05.2020
1589830288
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyz...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image



Weteranlaryň sarpalanmagy


Image

Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýakynlaşyp gelýän 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny, tylyň zähmetkeşlerini we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny hatyralamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, olara pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylgy.

Köşgüň öňünde sungat eserleriniň — suratçylaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, bezegçileriň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Olarda ildeşlerimiziň söweş meýdanlarynda we tylda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylyklary wasp edilýär.

Dabara weteranlar-frontçular we esgerleriň ýanýoldaşlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna görkezen deňsiz-taýsyz edermenlikleri üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Olaryň hormata we tagzym edilmegine mynasyp mähriban topragymyza bolan söýgüleri, jeň meýdanynda görkezen gaýduwsyzlyklary ýaşlarymyz üçin hemişe ýokary ahlak nusgalary bolup durýarar.

Weteranlar we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaşuly nesle berýän hemişelik ünsi, urşa gatnaşanlar we wepat bolanlaryň maşgalalary babatda edýän aladalary üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Weteranlara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýurdumyzyň belli aýdymçylary we döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlarynda weteranlary gutladylar we hoşallyklaryny beýan etdiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image
  • Image
  • Image