Täzelikler

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

05.06.2020
1591389200
Şu gün oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi

04.06.2020
1591300431
3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler ...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

03.06.2020
1591127311
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram ...

Çagalar-sagaldyş merkezlerinde tomus möwsümi badalga aldy

02.06.2020
1591128694
Şu gün paýtagtymyzda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dab...
  • Image
  • Image

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...



Türkmenistanyň Prezidenti daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi


Image


Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!

Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr.

Mähriban watandaşlar!

Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny depginli ösdürmäge, şeýle hem daşky gurşawa zyýansyz bolan önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Berkarar Watanymyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyz Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Sebäbi durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletmiziň daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir.

Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly, köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýarys hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýäris.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki maslahatlarda daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Aralýaka sebitiň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çözmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça sebit we dünýä ähmiýetli täze tekliplerini beýan etdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi biziň bu döwrebap başlangyçlarymyzyň iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara Ylalaşygynyň, «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasynyň, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan birnäçe ylalaşyklaryň kabul edilmegi, häzirki wagtda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna we onuň Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasyna Watanymyzyň başlyklyk etmegi, Garaşsyz döwletimiziň halkara derejede öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!

Sizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan-saglyk, maşgala abadançylygyny we gözel Diýarymyzda daşky gurşawy gorap saklamagy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm