Täzelikler

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

05.06.2020
1591389200
Şu gün oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi

04.06.2020
1591300431
3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler ...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

03.06.2020
1591127311
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram ...

Çagalar-sagaldyş merkezlerinde tomus möwsümi badalga aldy

02.06.2020
1591128694
Şu gün paýtagtymyzda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dab...
  • Image
  • Image

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...



Türkmen ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi


Image

Türkmenistanyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 11-nji iýunda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipelerine hem-de oba hojalygynyň möhüm meselelerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynyň barşynda hasabat berildi.

Umuman, ussat ýüpekçiler döwletimize dokma senagaty üçin gymmatly ýokary hilli çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar. Şeýlelikde, meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi.

Bu ajaýyp zähmet ýeňşi milli Liderimiziň oba zähmetkeşleri baradaky hemmetaraplaýyn aladasyna mynasyp jogapdyr, döwlet Baştutanymyzyň obasenagat ulgamynda başyny başlan, pudagyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga, onuň toplumlaýyn özgerdilmegine hem-de geljegi nazara almak bilen, okgunly ösdürilmegine gönükdirilen syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Ýurdumyzyň ähli sebitleri pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň hötdesinden abraý bilen geldiler. Bu barada ilki Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň zähmetkeşleri, soňra bolsa Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ýüpekçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler.

Şu ýyl — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda dürli oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, piläniň satyn alnyş nyrhy ep-esli ýokarlandyryldy. Bu çäreler daýhanlary has-da ruhubelentlik bilen zähmet çekmäge ýardam edip, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň mukdarlaryny mundan beýläk-de artdyrmak üçin uly höweslendiriş çäresi boldy. Şonuň bilen birlikde, oba zähmetkeşleriniň ýüpekçilik bilen meşgullanmaga gyzyklanmasy artýar. Bu önümçiligiň taryhy türkmen topragynda ençeme müňýyllyklara barabardyr.

Ýüpekçiligiň milli däpleri we tejribesi nesilden-nesle aýawly geçirilipdir. Türkmen ussatlary tarapyndan taýýarlanylan ajaýyp ýüpek matalary gadymy döwürlerden bäri Gündogaryň we Günbataryň bazarlarynda meşhurlyga eýe bolupdyr. Olar şol ýerlere gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollary arkaly ýetirilipdir.

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýüpekçiligi ösdürmek, onuň gadymy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak babatda maksadalaýyk çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn we iýmit binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär.

Sebitlerde tut ýetişdirilýän meýdanlaryň giňeldilmeginiň hem ýerlerde ekologiýa ýagdaýyna oňaýly täsir edýändigi bellärliklidir. Çünki tut agajy diňe uzak ýaşaýandygy bilen däl, eýsem, köp sanly peýdaly häsiýetleri bilen hem tapawutlanýar. Mundan başga-da, tut agaçlarynyň ekerançylyk meýdanlarynyň gyralarynda ekilmegi oba hojalyk ekinlerini ýelden goraýar, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkidýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda dokma senagatynyň önümçilik düzümi, şol sanda onuň ýüpekçilik pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Bu pudagyň önümleri ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär hem-de uly islegden peýdalanýar. Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ýüpekçilik senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ony hil taýdan täze sepgitlere çykarmagyň zerurdygy baradaky talaplaryna laýyk gelýär.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm