Täzelikler

Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

21.01.2020
1579628416
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respubl...

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy: şanly senäniň hormatyna täze saýt

20.01.2020
1579467698
«Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halk...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.01.2020
1579291783
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdak...

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

16.01.2020
1579195332
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

15.01.2020
1579114563
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkme...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy

14.01.2020
1579035561
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara gurama...

«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi polimer turbalary çykarmagy özleşdirdi

13.01.2020
1579012095
«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy we 50 ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10.01.2020
1578682455
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyl...



Türkmenistan — Italiýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar


Image

Şu gün Mejlisde Italiýa Respublikasynyň parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Myhmanlar Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan okgunly ösüşine has uly itergi berýän, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň düzümi hem-de işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Halkara hukugyň kadalaryny ornaşdyrmak boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri bellenildi, munuň özi häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Ettore Rozato öz ýurdunyň dürli ugurlarda Türkmenistan bilen oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk tejribesini alyşmagyň, iki döwletiň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýän yzygiderli duşuşyklaryň hem-de geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

* * *
Şu gün şeýle hem Italiýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wekiliýeti Daşary işler ministrliginde kabul edildi, bu ýerde özara bähbitlilik esasynda guralýan gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlaryň şeýle hem adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Türkmenistanyň Adalatçysy bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda myhmanlar bu ugurda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Ol işler ÝHHG, BMG we beýleki halkara düzümler, şeýle hem raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.

Ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde italýan parlamentarileri türkmen paýtagtynyň iri muzeýleriniň gymmatlyklary, taryhy-medeni ýadygärlikleri we beýleki ajaýyp künjekleri bilen tanyşdylar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm