Täzelikler

Milli Liderimiziň çykyşlarynyň ýygyndysynyň nobatdaky tomy

05.12.2019
1575571009
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutl...

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitaby arap dilinde neşir edildi

03.12.2019
1575414544
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...
  • Image
  • Image

Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody önümçiligi giňeldýär

02.12.2019
1575382271
«Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawody...

Türkmen wekilýeti EXPO 2020 sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

01.12.2019
1575142303
Dubaýda (BAE) EXPO 2020 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi, ol ilkinji gezek Ýakyn Gündo...

Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär

28.11.2019
1574958892
Şu gün Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel —2019»...

Türkmenistanda iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň halkara sergisi we pudaklaýyn maslahat geçirilýär

27.11.2019
1574893346
Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Tür...
  • Image
  • Image

Türkmenistan-Russiýa: ynsanperwer hyzmatdaşlyk

26.11.2019
1574794052
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDA-nyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we...

Aşgabatda Aral boýunça Sebit iş toparynyň duşuşygy geçirilýär

25.11.2019
1574703460
Şu gün Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde paýtagtymyzyň «Arçabil» m...
  • Image
  • Image



Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy


Image

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda bolsa türkmen kinofilmleri görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýedir, şunda ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Bu bolsa medeni gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, dürli halklaryň däpleri we baý taryhy mirasy, olaryň şu güni bilen tanyşmaga ýardam edýär.

Gadymy Siwas şäheri doganlyk ýurduň wekillerini myhmansöýerlik bilen garşylady. Ýerli kitaphananyň binasynda geçirilen medeni forumyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň tagallalary bilen ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet, bilim, ylym, milli mirasy goramak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Medeniýet ulgamynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklaryň gurallaryny kämilleşdirmek, bilelikdäki taslamalary we çäreleri, şol sanda saz, folklor we teatr festiwallaryny, dürli sergileri we bäsleşikleri geçirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Dabara Türkiýe Respublikasynyň köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Şu döredijilik çäresi iki ýurduň gadymy döwürlerden ruhy we medeni gymmatlyklar bilen bagly bolan halklarynyň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek boýunça alyp barýan işiniň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Şeýle hem kitaphanada muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş sungaty eserleriniň hem-de halkymyzyň amaly-haşam döredijiliginiň, fotosuratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy. Medeni-taryhy mirasymyzyň hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman çeperçilik durmuşynyň şunuň ýaly özboluşly keşbi myhmansöýer türk topragynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň işiniň özboluşly başlangyjyna öwrüldi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ynsanperwer gatnaşyklar — halkara hyzmatdaşlygyň ruhy özeni bolup durýar. Olar medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, sungatyň ösmegine ýardam edip, dürli ýurtlaryň we halklaryň wekillerini ýakynlaşdyrýar, munuň şeýledigini türkmen döredijilik wekiliýetiniň gatnaşmagyndaky çäreler hem tassyklady.

Siwas şäheriniň Atatürk adyndaky medeniýet merkezinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Meşhur estrada aýdymçylary, folklor we tans toparlary, bagşylar öz çykyşlarynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi netijesinde kuwwatly itergä eýe bolan häzirki zaman milli medeniýetiň ýokary derejesini wasp etdiler.

Türkiýeli tomaşaçylar artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegi beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhüm şertidir. Ynsanperwer ulgamda iki ýurduň bähbidine kybap gelýän bilelikdäki möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy özara düşünişmegiň, birek-birege hormatyň berkidilmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki halkyň taryhy, medeni we ruhy ýakynlygy türkmen-türk gatnaşyklarynyň mäkäm binýady bolup durýar. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däplerimizi dowam etmek we olary geljekki nesillere ýetirmek baradaky sargytlaryny durmuşa geçirmek biziň mukaddes borjumyzdyr diýip, milli Liderimiz belleýär.

Medeni çäreleriň çäklerinde milli atçylyk, hususan-da, seýisçilik sungatyna bagyşlanan «At — myrat» atly çeper film görkezildi. Türkiýede biziň milli baýlygymyz bolup durýan ahalteke bedewlerimize uly söýgi bilen garaýarlar, şonuň üçin bu film türk tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döretdi.

Bu döredijilik forumy iki ýurduň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklap, olaryň köpugurly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image
  • Image
  • Image