Täzelikler

Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi

04.06.2020
1591300431
3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler ...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

03.06.2020
1591127311
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram ...

Çagalar-sagaldyş merkezlerinde tomus möwsümi badalga aldy

02.06.2020
1591128694
Şu gün paýtagtymyzda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dab...
  • Image
  • Image

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

27.05.2020
1590610829
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň h...



Sementiň täze görnüşleriniň synag tapgyrlary çykarylyp başlandy


Image

Lebabyň sement zawodynda M-400-D-20 we M-500-D-20 görnüşli sementiň synag tapgyrlaryny çykarmaga girişildi. Bu gurluşyk materialyny önümçilikçiler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň himiýa we organiki çig mallar tehnologiýasy laboratoriýasynyň işgärleri bilen bilelikde işläp taýýarladylar.

Ýerli çig maldan alynýan owradylan bazalt tozy goşulan modifisirlenen bu sement berkidijisi sementiň mehaniki-fiziki sypatlaryna oňyn täsir edýär, ýagny onuň berkligini, dykyzlygyny, aýaza durtnuklylygyny güýçlendirýär, şeýle hem onuň özüne düşýän gymmatyny arzanladýar. Mundan başga-da, beton garyşyk mineral çig malyň ulanylmagy daşky gurşawa ýaramaz täsiri has azaldýar.

Ýakyn wagtda ýurduň ugurdaş zawodlary sementiň täze görnüşini çykarmaga girişerler. Täze önüm dürli fiziki-mehaniki we himiki-mineralogiki häsiýetli erginlerdir betonlaryň görnüşlerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Müşderiniň talaplaryna görä kärhanalaryň maddy enjamlaşdyrylyşyna laýyklykda sementiň dünýä ülňülerine laýyk gelýan beýleki görnüşleri-de çykarylar.

Häzirki wagtda gidrotehniki desgalarda ulanylýan sementiň has islegli M-400, M-500 we M-400 (sulfatadurnukly) görnüşleri öndürilýär. Mundan başga-da, Kelete sement zawodynda nebit-gaz pudagynda ulanylýan PST- 100 tamponaž portlandsementi çykarylýar.

Ozal sement önümçiligi üçin demir magdany daşary ýurtlardan satyn alynýardy. TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary «Türkmensenagat» Agentliginiň we «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Tüwergyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdeleriniň mümkinçiliklerini öwrenip, Çagyl käninden düzüminde demir bolan çig maly gazyp almagy ýola goýmaga kömek etdiler.

Ýerli çgi mal bolan demir oksidi daşary ýurtlardan getirilýäniniň ornuny tutdy. Demir magdanyny daşary ýurtlardan satyn almakdan ýüz dönderilmegi netijesinde bir ýylda ABŞ-nyň birnäçe million dollary möçberinde pul serişdesi tygşytlanyldy. Gurluşyk materiallary senagatynyň bu pudagynyň önümi daşary ýurtlarda-da uly islegli harytdyr. Şu ýyl Lebabyň kärhanasyndan Özbegistana we Owganystana 160 müň tonna golaý ýokary hilli sement ugradyldy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm