Täzelikler

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

16.01.2020
1579195332
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

15.01.2020
1579114563
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkme...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy

14.01.2020
1579035561
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara gurama...

«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi polimer turbalary çykarmagy özleşdirdi

13.01.2020
1579012095
«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy we 50 ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10.01.2020
1578682455
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyl...

Türkmenistanda reňkli aýna öndürmegiň innowasion tehnologiýasy özleşdirildi

10.01.2020
1578590282
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri ...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy

09.01.2020
1578600863
Ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygara beslenip geçen 2019-njy ýyldaky çäreler döredijilik many-m...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

08.01.2020
1578506311
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haý...



Watanymyzyň bähbidine çeken halal zähmeti üçin döwlet sylaglary gowşuryldy


Image

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, medeniýet pudagyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Şunuň bilen bir hatarda sylaglananlaryň zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga hem-de terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti, ýokary hünär ussatlygy, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge gatnaşandyklary nazara alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu günki geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylaryna, baýramçylyk dabaralary taýýarlamaga hem-de geçirmäge işjeň gatnaşan aýry-aýry raýatlara minnetdarlygyny bildirdi, şeýle hem olary ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglamak kararyna gelendigini yglan edip, degişli Permana gol çekdi.

Watandaşlarymyzyň hormatlanmagy öz borçlaryny nusgalyk ýerine ýetirýän adamlara ýurdumyzda aýratyn üns we hormat bilen garalýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Şol adamlar ata Watanymyzyň bähbidine yhlasly zähmet çekýärler. Olar — hemmelere, aýratyn-da ýaşlara mynasyp nusga.

Milli Liderimiziň tabşyrmagy bilen ählumumy jebislik hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşyp, ýygnananlary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bilen mähirli gutladylar hem-de bagtyýarlyk, abadançylyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze döredijilik we zähmet üstünliklerini arzuw etdiler.

Sylaglara mynasyp bolanlar öz işlerine berlen ýokary baha hem-de işlemäge, okamaga, döretmäge döredilen şertler üçin döwlet Baştutanymyza çyn ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň öňe sürýän ösüşlere beslenen dünýä derejesindäki başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy artýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalar hem-de senagatlaşdyrmak, pudaklary sanly ulgama geçirmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli gurluşyklar alnyp barylýar, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürýän döwrebap kärhanalar, ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalary ulanylmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýumlary gönükdirilýär.

Halkymyzyň şöhratly taryhynyň we asylly däpleriniň hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň öwrenilmegine örän uly üns berilýär. Bu bolsa milli Liderimiziň ylmy we edebi döredijiliginde beýanyny tapýar. Umuman, bularyň ählisi geljekki nesiller üçin medeni mirasy gorap saklamakda, şol mirasy dünýäde giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir diýip, çykyş edenler nygtadylar.

Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen täze möhüm çözgütleriň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda ýene-de bir kuwwatly itergi beriji güýje öwrüljekdigi aýratyn bellenildi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň oňat arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlaýan ösüşlere beslenen özgertmelerini hem-de jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli güýçlerini, tejribelerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

* * *

Şu gün Ylymlar akademiýasynyň maslahatlar zalynda dissertasiýalary üstünlikli goran türkmen alymlaryny hormatlamak dabarasy boldy. Olara ylymlaryň doktory we kandidaty diýen alymlyk derejeleri berildi.

TYA-nyň hem-de onuň pudaklaýyn institutlarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň görnükli alymlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, aspirantlar kärdeşlerini gutlamaga geldiler.

Dabaranyň barşynda bellenilişi ýaly, ýokary hünär derejeli alymlary we hünärmenleri taýýarlamak strategiki wezipeleriň biridir. Onuň çözülmegi amaly we düýpli ylymlaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegini üpjün eder. Türkmenistanda ylmy işler, jemgyýetimiziň ýokary derejeli intellektual gatlagynyň kemala gelmegi üçin hemme şertler döredilýär.

Sylaglananlar öz işlerine berlen ýokary baha, hemmetaraplaýyn goldaw we hünär derejäňi ýokarlandyrmaga hem-de ylmy işler bilen netijeli meşgullanmaga döredilen oňaýly mümkinçilikler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Alymlar türkmen ylmyny dünýäniň öňdäki sepgitlerine çykarmak, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklaryna häzirki zaman ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak üçin ähli güýçlerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image