Täzelikler

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

16.01.2020
1579195332
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

15.01.2020
1579114563
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkme...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy

14.01.2020
1579035561
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara gurama...

«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi polimer turbalary çykarmagy özleşdirdi

13.01.2020
1579012095
«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy we 50 ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10.01.2020
1578682455
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyl...

Türkmenistanda reňkli aýna öndürmegiň innowasion tehnologiýasy özleşdirildi

10.01.2020
1578590282
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri ...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy

09.01.2020
1578600863
Ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygara beslenip geçen 2019-njy ýyldaky çäreler döredijilik many-m...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

08.01.2020
1578506311
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haý...



«Ezber daýhan» fermer hojalygy: netijeli telekeçilik ideýalarynyň gözleginde


Image

Şitil ýetişdirmäge ýörüteleşen «Ezber daýhan» fermer hojalygy şu ýyl Ahal welaýatynyň gök ekarançylaryna pomidoryň, hyýaryň, bolgar burçunyň sebitleşdirilen görnüşleiniň bir milliona golaýyny ýerleşdirdi.

Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ygtyýarynda köpugurly ýyladyşhana hojalygy we 100 gektar ekin meýdany bar. Fermerler ýyladyşhanalarda we açyk meýdanda her ýyl ekinlerden birnäçe hasyl alyp, 100-120 tonna gök ekin ýetişdirýärler. Önümiň aglaba bölegini olary gaýtadan işleýän we gaplaýan hususy haryt öndürijiler satyn alýarlar.

Häzirki wagtda «Ezber daýhan» fermer hojalygynda köp ulanylýan jaz bolan burç goýaltmasyny öndürmegi özleşdirmäge taýýarlanylýar. Munuň üçin hojalyk Türkiýeden bu ugra degişli enjam satyn aldy. Şu ýylyň noýabrynda önümiň ilkinji tapgyryny çykarmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem telekeçiler ýyladyşhanalary gurmak we olaryň tehniki üpjünçiligi babatda hyzmatlary-da ýerine ýetirýärler. «Ezber daýhan» fermer hojalygynyň işiniň ýene bir ugry –ösümçilikde seçgi işidir. Häzirki wagtda hojalygyň nahalhanasynda pomidoryň alty, ajy we bolgar burçuň üç görnüşi synag edilýär.

TSTB-niň agzasy «Ezber daýhan» fermer hojalygy ýurdumyzda ilkinji bolup senagat möçberinde Pawloniýa, ýagny Adam ata daragty ady bilen tanalýan agaç nahallaryny ýetişdirip ugrady. Hojalygyň Ak bugdaý etrabyndaky tejribe meýdançasynda bäş ýüz düýpden gowrak bag nahallary ösüp otyr.

Pawloniýa ýetişdirmek ykdysasdy taýdan girdejilidir: ol ynjyk däldir, agaç tutuşlygyna diýen ýaly – onuň düýbi-de, ýapragy hem, güllerem dünýä bazarlarynda islegli haryt, çünki olar köp ýerde: mebel we saz gurallaryny ýasamakda, nahar taýýarlamakda, dermnahana önümçiliginde, parfýumeriýada, biotehnologiýada we beýleki ugurlarda ulanylýar. Mundan başga-da, Pawloniýa bally ösümlikdir, çünki onuň agajynyň ekologiýa taýdan arassalyk we berklik, oda hem çyga çydamlylyk, deformasiýa we zyýanly mör-möjeklere durnuklylyk ýaly gymmatly sypatlary bardyr.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image