Täzelikler

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

27.05.2020
1590610829
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň h...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

26.05.2020
1590518888
Şu gün Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we ...

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi

25.05.2020
1590436864
Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurban...
  • Image
  • Image

Bitarap Watanymyz — Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti

18.05.2020
1589830288
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyz...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image



Türkmen sinoptikleri howa maglumatyny taýýarlamagyň täze usullaryny özleşdirýärler


Image

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň hünärmenleri Orta Aziýada ilkinji bolup, sebit üçin howanyň ýagdaýyny modelirlemegiň we howa maglumatyny taýýarlamagyň täze nusgasy bilen tanyşdylar.

«Türkmengirdometiň» edara binasynyň maslahatlar zalynda geçirilen okuw-türgenleşigine howa maglumatyny taýýarlaýan sinoptikler, howa öwreniji-seljerijiler, oba hojalyk we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar NetCDF programma üpjünçiligi we ylmy maglumatlary alyşmak üçin standartyň goşundysy bilen tanyşdyryldy.

Okuwda çykyş eden GIZ-iň gazagystanly halkara bilermeni Dauren Žumabaýew çykyş edip, meteorologiýa maglumatlary bilen işlemegiň şu görnüşiniň artykmaçlygy barada gürrüň berdi, ony birnäçe günden bir ýyla çenli dürli wagtlarda ygallaryň düşüşini we howanyň ýagdaýyny görkezýän bütewi karta birleşdirip bolýar.

Okuwa gatnaşanlar köpugurly modul arkaly ýurt boýunça ygalyň düşüş ýagdaýyny seljerdiler. Olaryň aglaba bölegi Balkan welaýatyndaky subtropik ýerleriň paýyna düşýär, has gurak ýerler bolsa, Garagumda, «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.

Programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrylyş we amaly sapaklar Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşi üçin howanyň üýtgemegini nazarda tutup ýerden durnukly peýdalanmak» Sebit maksatnamasynyň goldaw bermeginde geçirildi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image