Täzelikler

Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

21.01.2020
1579628416
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respubl...

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy: şanly senäniň hormatyna täze saýt

20.01.2020
1579467698
«Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halk...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.01.2020
1579291783
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdak...

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

16.01.2020
1579195332
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

15.01.2020
1579114563
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkme...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy

14.01.2020
1579035561
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara gurama...

«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi polimer turbalary çykarmagy özleşdirdi

13.01.2020
1579012095
«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy we 50 ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

10.01.2020
1578682455
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyl...



Peterburglylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby bilen tanyşýarlar


Image

1-nji noýabrda Sankt-Peterburgda, «Russiýa- meniň taryhym» Taryh seýilgähinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby bilen tanyşdyrylyş boldy.

Çäräni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda Dünýä türkmenleri ynsanperwer assosiasiýasynyň Sankt-Peterburg we RF-iň Demirgazyk-günbatary boýunça bölümi, Sankt-Peterburgdaky «Mekan» Türkmen medeniýeti jemgyýeti, Sankt-Peterburgyň Milletara gatnaşyklary we migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek baradaky komiteti, Sankt-Peterburgyň Milletler öýi guradylar.

Dabarada bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan tapgyry dowam edýän kitap bilen tanyşdyrylyşyň Russiýanyň medeni paýtagty Sankt-Peterburgda geçirilmeginiň özi simwoliki ähmiýete eýedir.

Bu ýere gelenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belli türkmen tohum itiniň artykmaçlygy barada gyzykly maglumatlar, arheologik barlaglaryň netijeleri baradaky we etnografik maglumatlar, şeýle hem alabaýyň keşbiniň halk döredijiliginde beýan edilşinden mysallar getirilýän täze eseriniň gysgaça mazmuny bilen tanyşdyryldy.

Türkmen žiwopisçileriniň suratlary we halkymyzyň amaly-haşam eserleriniň sergisi duşuşygyň tematikasynyň üstüni ýetirdi.

Serginiň açylyşyna Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň: daşary gatnaşyklar baradaky komitetiniň, Milletara gatnaşyklar baradaky komitetiniň, Sankt-Peterburgyň Jemgyýetçilik palatasynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň Sekretariatynyň agzalary gatnaşdylar.

« Sankt-Peterburgyň Hökümeti GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlgy ösdürmäge uly üns berýär, Türkmenistan bu hatarda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Gatnaşyklarda we yzygiderli özara hereketde biziň diňe bir dostlukly gatnaşyklary saklap galman, eýsem ýurtlarymyzyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine strategik hyzmatdaşlygy geljekde mundan beýlägem ilerletmäge ýardam etjek bilelikdäki geljegi uly taslamalar üçin berk binýady kemala getirýändigimize ynam bildirýärin» --diýlip Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň agzasy –Daşary gatnaşyklar baradaky komitetiň başlygy Ýewgeniý Grigorýewiň dabaraly çärä gatnaşyjylara hatynda aýdylýar.

Sankt-Peterburgyň Milletara gatnaşyklary we migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Wadim Okruşko agşamyň guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Dünýä türkmenleri ynsanperwer assosiasiýasynyň Sankt-Peterburg we RF-iň Demirgazyk-günbatary boýunça bölüminiň, Sankt-Peterburgdaky «Mekan» Türkmen medeniýeti jemgyýetiniň Ata watanyň medeni däplerini ýaýmaga we russiýa-türkmen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge uly goşant goşýandygyny belledi.

Türkmen wekilýetiniň agzalaryna özboluşly we zehinli sungaty üçin Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň hem-de Russiýanyň medeniýet işgärleriniň döredijilik birleşiginiň ýadygärlik haty gowşuryldy.

Duşuşygyň hormatly myhmanlarynyň arasynda Sankt-Peterburgyň «Zenit» klubynda çykyş edýän belli futbolçy, asly türkmen Serdar Azmun hem bardy. Serdara dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem-de Dünýä türkmenleri ynsanperwer assosiasiýasynyň Sankt-Peterburg we RF-iň Demirgazyk-günbatary boýunça bölüminiň, Sankt-Peterburgdaky «Mekan» Türkmen medeniýeti jemgyýetiniň hormatly agzasynyň haty gowşuryldy.

Çärä daşary ýurtly diplomatlar – Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Siriýanyň, Pakistanyň baş konsullary, şeýle hem milli-medeni birleşikleriň hem-de awtonomiýalaryň ýolbaşçylary, Russiýanyň sebitlerinden myhmanlar, ýaşlar we talyplar gatnaşdylar. Tanyşdyrylyşa gatnaşan myhmanlaryň ählisine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby sowgat berildi.

Duşuşyk datly türkmen tagamlarynyň hödüri we konsert bilen jemlendi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image