Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

06.12.2019
1575667017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bit...

Milli Liderimiziň çykyşlarynyň ýygyndysynyň nobatdaky tomy

05.12.2019
1575571009
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutl...

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitaby arap dilinde neşir edildi

03.12.2019
1575414544
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...
  • Image
  • Image

Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody önümçiligi giňeldýär

02.12.2019
1575382271
«Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawody...

Türkmen wekilýeti EXPO 2020 sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

01.12.2019
1575142303
Dubaýda (BAE) EXPO 2020 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi, ol ilkinji gezek Ýakyn Gündo...

Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär

28.11.2019
1574958892
Şu gün Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel —2019»...

Türkmenistanda iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň halkara sergisi we pudaklaýyn maslahat geçirilýär

27.11.2019
1574893346
Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Tür...
  • Image
  • Image

Türkmenistan-Russiýa: ynsanperwer hyzmatdaşlyk

26.11.2019
1574794052
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDA-nyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we...



Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär


Image

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady.

Ýöriteleşdirilen forum geçirilýän ýyllarynda milli we dünýäniň kitap neşir etmek hem-de çaphana sungatynyň gazananlaryny görkezmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Ol türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýä ýüzüne ýaýmaga, döwlet durmuş syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ýurdumyzyň kitap-neşirýat ulgamyny ösdürmäge, bu ugurda möhüm ugurlar we esasy meýiller bilen tanyşdyrmaga, döwrebap tehnologiýalary ilerletmäge hem-de öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, neşirýat gullugynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, onda halkara sergi-ýarmarkanyň we ylmy maslahatyň bu ulgamy ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Kitap ruhy baýlyk bolup durýar. Ýokary derejede çeper we hakyky sungat eserleri bolsa, haýsy halka ýa-da millete degişliligine garamazdan, umumadamzat gymmatlygyna öwrülýär».

Milli Liderimiz ulgamyň işgärlerine ýüzlenip: «Ýazylýan kitaplaryň many-mazmunynyň ilhalar bolmagy, redaktirlemek, bezeg we neşir işleriniň has kämil derejä ýetirilmegi, bu işde dünýä tejribeleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy, aýratyn hem mekdebe çenli çagalar edaralaryna, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerine niýetlenen kitaplardyr gollanmalaryň öz wagtynda we talabalaýyk çap edilmegi üçin siz zehiniňizi, yhlasyňyzy, tejribäňizi gaýgyrmaly dälsiňiz» diýip belledi.

Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň dürli öwüşginli çykyşlary bilen utgaşdy.

Milli mirasyna çuňňur sarpa goýmagy, beýleki medeniýetlere hormat bilen garamagy halkymyzyň parasatly milletdigine, onuň ylalaşdyryjylyga we hoşniýetli goňşuçylyga ymtylýandygyny görkezýär. Munuň özi dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen pudagyň wekillerinde uly gyzyklanma döredýän serginiň bezelişinde we guralyşynda öz beýanyny tapdy.

Şu ýyl foruma dünýäniň 16 döwletinden metbugat öýleriniň we neşirýat kärhanalarynyň, işewür hem-de edebi toparlaryň, ylym we bilim merkezleriniň wekilleri, belli ýazyjylar, alymlar, terjimeçiler, kitaphana işi, IT-tehnologiýalar boýunça hünärmenler, žurnalistler gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Awstriýa, Azerbaýjan, Belarus, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Koreýa Respublikasy, Moldowa, Pakistan, Polşa, Russiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Ukraina, Fransiýa döwletlerinden wekiller bar.

Sergi-ýarmarkada iri daşary ýurt okuw mekdepleriniň — Moskwanyň politehniki uniwersitetiniň, Maşadyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Pekin döwlet uniwersitetiniň, Kiýewiň Boris Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň, Stambul uniwersitetiniň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Türkmenistandan sergä edara-kärhanalaryň 58-siniň, ýokary okuw mekdepleriň hem-de ylmy institutlaryň, kitaphanalaryň we muzeýleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Iri döwlet kärhanalary, şeýle hem hususy çaphanalar ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, dürli neşir önümleriniň giň toplumyny görkezdiler.

Owadan bezelen bölümler kitap we neşir önümleriniň täzelikleri, kitap neşir etmekde we kitaphana işinde ulanylýan täze tehnologiýalar bilen tanyşdyrýar. Kitap sergi-ýarmarkanyň ýeke-täk eksponaty däl. Bu ýerde dürli çap enjamlaryny, kömekçi serişdeleri öndürijileriň diwarlyklary hem ýerleşdirildi. Meýdançalar tanyşdyryş dabaralaryny, döredijilik duşuşyklaryny we işewür gepleşikleri geçirmek üçin göz öňünde tutuldy.

«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» diýen şygar astynda geçýän kitap forumy 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ýetýän belent sepgitlerini hem-de gazanýan üstünliklerini, mähriban halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan özgertmeleriň özenini, many-mazmunyny, ähmiýetini açyp görkezmekde, wagyz etmekde we dünýä ýaýmakda, halkara derejede iň täze gazanylanlaryň halkymyza ýetirilmeginde döwürleýin metbugata, neşirýat-çaphana ulgamyna möhüm orun degişlidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm ynsanperwer düzümleriniň biri bolan bu pudagy ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň innowasion tehnologiýalarynyň we döwrebap tehnikalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda neşir önümçiliginiň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi. Täze enjamlar bilen üpjün edilen çaphanalar diňe paýtagtymyzda däl-de, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem işleýär.

Bularyň hemmesi ýokary hilli neşir önümlerini, şol sanda jemgyýetçilik-syýasy, çeper hem-de ylmy edebiýatlary, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny, owadan bezelen, çagalar üçin kitaplary we neşirleri çykarmaga ýardam edýär, bu bolsa adamlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Kitap — ylym we bilim bilen üznüksiz bagly bolan çeşme, olar adamzadyň ösüşiniň esasyny düzüp, islendik döwletiň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, kitaphanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzda geçirilýän işleriň uludygyny bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde kitaphanalaryň medeni-aň bilim bermek wezipesi ozalkysy ýaly bolmagynda galýar, emma onuň amala aşyrylmagy täze ýollary gözläp tapmagy talap edýär. Çünki tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de sanly ulgama geçilmegi bilen kitaphanalaryň däbe öwrülen wezipeleri — sowatlylygy, bilimi, ruhy baýlygy artdyrmak işi peselmän, tersine, has-da giňeldi. Häzir olar diňe kitap saklanylýan ýerler bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-medeni özara gatnaşyklar edarasyna öwrülip, ýurdumyzda ösüşi, şahsyýetiň we jemgyýetiň döredijilik işjeňligini höweslendirmeli bolýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda çykyş edip, ýaşlary kitaphanalara çekmegiň, şolaryň hyzmatlaryndan peýdalanmak derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny möhüm wezipeleriň hatarynda görkezmegi bellärliklidir.

Sergi-ýarmarkanyň meýdançasynda dürli öwüşginli kitaplar, owadan bezelen albomlar, okuw kitaplary, nusgawy türkmen we dünýä edebiýatynyň eserleri, döwürleýin çap edilýän žurnallar, dürli reňkli bukletler hem-de dizaýnerçilik ussatlygy bilen özüne çekýän bukjalar görkezilýär.

Bu ýerde döwürleýin arhiw materiallary, türkmen akyldarlarynyň we şahyrlarynyň golýazmalarynyň göçürmeleri, şeýle hem biziň günlerimizde ajaýyp çap edilen görnükli türkmen alymlarynyň işleri, nusgawy türkmen edebiýatynyň eserleri bilen tanyşmak bolýar.

Häzirki zaman türkmen döwletiniň gazananlaryny dünýä ýaýmagyň, onuň baý taryhy, medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrmagyň özboluşly serişdesi bolmak bilen, ýurdumyzda neşir edilýän kitaplar abraýly sergilerde ýokary baha mynasyp bolýarlar.

Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine aýratyn orun berildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaplar, «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» we beýleki ençeme eserler bar. Milli Liderimiziň her bir eseri häzirki zaman Türkmenistan bilen tanyşmagyň özboluşly açary hem-de milli medeniýetiň we däp-dessurlaryň baý dünýäsine ýolgörkeziji bolup durýar.

Şeýle hem bu ýerde 2019-njy ýylda dünýäniň dürli dillerinde çap edilen täze işler — «Türkmen alabaýy», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», şeýle hem «Türkmen halk ertekileri» hem-de beýleki täze neşirler bar. Şolar bilen tanyşdyrmak kitap forumynyň çäklerinde hem meýilleşdirildi.

Döwlet edaralarynyň hem-de ylym-bilim merkezleriniň, dünýäniň ençeme ýurtlaryndan neşirýat öýleriniň we söwda kärhanalarynyň diwarlyklarynda ylmy, çagalar, çeper edebiýatlar, sungat hem-de taryh boýunça kitaplar, okuw gollanmalary we fotoalbomlar görkezilýär.

Paýtagtymyzda öz önümlerini Russiýanyň «Epoha», «Gangut», «Absolýut», «Monoritm», «Biçik», «LokoTeh-Signal» we «Art-Proýekt» hem-de beýleki neşirýatlar görkezýärler. Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary şöhlelendirýän hem-de köp sanly okyjylaryny türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrýan «Turkmenistan» halkara žurnalynyň diwarlygy sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. 2019-njy ýyly Kitap ýyly diýip yglan eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Kitap palatalary hem öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.

Neşirýat senagatynyň uly mümkinçiliklerini hususy kompaniýalar hem görkezýärler.

Sergä yzygiderli gatnaşyjylaryň hatarynda neşirýat senagaty üçin enjamlary getirýän Awstriýanyň iri «Heidelberg» kompaniýasy bar.

Häzir neşirýat senagaty sazlaşykly ösýän ulgam, maglumat we kommunikasiýalar pudagynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň ösmegi neşirýat tehnologiýalaryny bazaryň isleglerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär, munuň şeýledigini ýurdumyzyň pudak kärhanalary, şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalar görkezýärler.

Serginiň çäklerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «metbugat. gov.tm» internet saýtynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.

Bu forum kitaba hem-de kitap işine bolan gyzyklanmany artdyrmaga, pudagyň innowasiýalary hakynda maglumat almaga, hünär gatnaşyklarynda tejribe toplamaga ýardam edýär. Bu meseleler günüň ikinji ýarymynda geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Ol Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda neşirýat toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, kitaphanalaryň wekillerini, neşir önümleri boýunça hünärmenleri, ýazyjylary we žurnalistleri bir ýere jemledi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda neşirýat pudagynyň gazananlary, kitap hem-de beýleki neşir önümleriniň önümçiligine täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, elektron hyzmatlar ulgamyny döretmegiň, sanly görnüşde habarlary bermegiň we kitaplary ýaýratmagyň tejribesi bilen tanyşdylar.

Pikir alyşmalaryň barşynda ugurdaş düzümleriň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, şol sanda neşirýat we kitaphana işiniň, çaphana tehnologiýalarynyň, terjimeçilik işiniň hünärmenlerini taýýarlamagyň meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň medeniýet işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby boýunça döredijilik duşuşygy geçirildi.

Forumyň çäklerinde «Neşirýat pudagyna täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy» diýen mesele boýunça tegelek stoluň başynda maslahat, paýtagtymyzyň «Ylham» seýilgähinde döredijilik agşamy geçirildi.

Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň tapgyry 6-njy noýabrda dowam eder.

Myhmanlarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işiniň on birinji kitaby bilen tanyşdyrylar.

Şeýle hem şol gün «Halklaryň gadymy gymmatlyklaryny aýawly saklamakda we ýaýmakda kitabyň orny», «Sungat dünýäsinde» atly döredijilik duşuşyklary geçiriler.

Ýokary okuw mekdeplerinde ussatlyk sapaklary geçiriler. Döwlet çeperçilik akademiýasynda kitap bezegi babatda hünärmenleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýazyjylar we şahyrlar «Ertekiler dünýäsine syýahat» atly çäräniň dowamynda çagalar üçin döredijiligi ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan dürli dillerde çap edilen çagalar üçin kitaplar bilen tanşarlar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçiriljek döredijilik duşuşygy kitap neşir etmegiň taryhyna hem-de döwrebap kitaphanalaryň işine bagyşlanar.

Ýene-de bir çäräniň mowzugy — terjime sungaty hem-de milli Liderimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly bolar. Ýazyjy-şahyrlar, medeniýet işgärleri, redaksiýalaryň işgärleri, türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri «tegelek stoluň» başynda duşuşarlar.

6-njy noýabrda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň hem-de ylmy-maslahatyň ýapylyş dabarasynda sergä gatnaşyjylara, şeýle hem onuň çäklerinde geçirilen «Ýylyň iň gowy kitaby», «Ýylyň iň gowy okuw kitaby», «Ylmy-köpçülikleýin we çeper neşirler», «Çagalar kitaplary», «Poligrafiýa taýdan iň gowy çap edilen kitap», «Iň gowy neşir bezegi» diýen ugurlar boýunça bäsleşikleriň ýeňijilerine diplomlar gowşurylar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image