Täzelikler

Milli Liderimiziň çykyşlarynyň ýygyndysynyň nobatdaky tomy

05.12.2019
1575571009
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutl...

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitaby arap dilinde neşir edildi

03.12.2019
1575414544
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...
  • Image
  • Image

Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody önümçiligi giňeldýär

02.12.2019
1575382271
«Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawody...

Türkmen wekilýeti EXPO 2020 sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

01.12.2019
1575142303
Dubaýda (BAE) EXPO 2020 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi, ol ilkinji gezek Ýakyn Gündo...

Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär

28.11.2019
1574958892
Şu gün Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel —2019»...

Türkmenistanda iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň halkara sergisi we pudaklaýyn maslahat geçirilýär

27.11.2019
1574893346
Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Tür...
  • Image
  • Image

Türkmenistan-Russiýa: ynsanperwer hyzmatdaşlyk

26.11.2019
1574794052
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDA-nyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we...

Aşgabatda Aral boýunça Sebit iş toparynyň duşuşygy geçirilýär

25.11.2019
1574703460
Şu gün Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde paýtagtymyzyň «Arçabil» m...
  • Image
  • Image



Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Dubaýda we Abu-Dabide birnäçe duşuşyk geçirdi


Image

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ministrler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara meseleleri babatda meňzeş nukdaýnazarlaryň hem-de başlangyçlaryň köptaraplaýyn görnüşlerde ikitaraplaýyn goldanylmagy barada bellenip geçildi. Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň gatnaşmagy meýilleşdirilýän “EKSPO-2020” halkara serginiň wajyplygyny bellediler.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

24-nji noýabrda Abu-Dabi şäherinde R.Meredow bilen BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezident işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Döwlet baştutanlarynyň birek-birege saparlarynyň türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň berkemegine uly itergi berýändigi barada hem bellenip geçildi. Şeýle-de taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de ýokary tehnologiýalar, şäher gurluşygy, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda tejribe alyşmagyň möhümdigi hakynda aýratyn belläp geçdiler.

Ondan soňra R.Meredow BAE-niň Daşary işler döwlet ministri Anwar Mohammed Gargaş bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Baş konsullygynyň açylyşynyň wajyplygy hakynda aýdyp, ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi barada aýratyn gürrüň edildi. Şeýle hem energetika, ulag, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmek meselelerine seredildi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm