Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

23.09.2020
1600808525
Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasy...

Söwda pudagynda täzeçil usullar

21.09.2020
1600712901
Ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde okgunly ykdysady ösüş ýoluna düşdi. Bu ...

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisine we sanly ykdysadyýet boýunça maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

19.09.2020
1600460536
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenista...

Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan forum geçirildi

19.09.2020
1600535688
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyş...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastynyň arasynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

19.09.2020
1600515119
18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň...
  • Image

Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi

17.09.2020
1600368085
Şu gün Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejli...

Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň firma dükanlarynyň sany artýar

17.09.2020
1600360212
Aşgabatda, Oguz han köçesiniň ugrundaky «Dokmahyzmat» Döwlet kärhanasynyň ýanynda pudagyň kärhanalarynda öndürilýän ö...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

15.09.2020
1600191712
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prez...



Aşgabatda Aral boýunça Sebit iş toparynyň duşuşygy geçirilýär


Image

Şu gün Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda «Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň gurluşyny we hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça sebitleýin iş toparynyň üçünji duşuşygy öz işine başlady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu meseläniň derwaýyslygy Merkezi Aziýanyň çäklerinden alyslara çykýar, şonuň üçin bu ýerde abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen işjeň gatnaşykda yzygiderli döwletara hyzmatdaşlyk üçin mäkäm binýady döretmek zerur bolup durýar.

Şu günki duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak» atly sebit maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkezi (CAREC) bilen bilelikde amala aşyrylýan Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada Neksus Dialog» atly taslamasynyň goldaw bermeginde AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy.

Sebit iş toparynyň mejlisine Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Biziň ýurdumyz 2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-da başlyklyk etmek bilen, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge örän düýpli çemeleşip, ony ýörite işlenip taýýarlanylan konsepsiýanyň esasynda amala aşyrýar. Şol konsepsiýa gaznanyň işini kämilleşdirmäge we netijeliligini ýokarlandyrmaga, geljegi nazara almak bilen hem-de ozal bellenilişi ýaly, abraýly halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklary saklamak arkaly Aral deňzi sebitindäki ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmegi ugur edinýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça sammitinde we beýleki iri halkara forumlarda beýan eden başlangyçlary hut şoňa gönükdirilendir. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipler bar.

Türkmenistanyň bu ugurda yzygiderli görýän çäreleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. «Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup, şolaryň birinjisi 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde, ikinjisi şu ýylyň maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan bu Kararnamalarda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň we utgaşdyrmagyň möhümdigi bellenilýär, şeýle hem 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynyň jemlerine doly goldawyň berilýändigi beýan edilýär.

Umuman, bu resminamalar BMG-niň we AHHG-nyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar üçin hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda ähmiýetli ädime öwrüldi.

2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň AHHG-a synçynyň derejesini bermek hakynda Kararnamasy kabul edildi, bu, öz nobatynda, Aral meselesiniň dünýä derejesindäki häsiýetini hem-de ony çözmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassyklan tapgyrlaýyn waka öwrüldi.

Şunda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň hem-de öňe sürýän anyk başlangyjynyň Milletler Bileleşiginiň esasy maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gös-göni baglydyr.

Biziň ýurdumyz ykdysady, durmuş, ynsanperwer we tebigaty goramak ulgamlarynda giň gerimli milli maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmek bilen, eýe bolan baý tejribesini we döredijilik kuwwatyny umumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga çalyşýar. Türkmenistan öz tarapyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatyna laýyklykda, Aral ýakasyndaky durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suwy oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy sebit hem-de dünýä derejesinde giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasyny (ADSM-4) işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek Aral çökgünligi bilen baglylykda sebitde dörän meseleleri çözmegiň has netijeli gurallarynyň biri bolup durýar. AHHG-nyň döredilen pursadyndan bäri häzire çenli ADSM, ADSM-2 we ADSM-3 ýaly maksatnamalaryň üçüsi amala aşyryldy.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň mejlislerinde 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda we 23-nji awgustynda kabul edilen çözgütlerine laýyklykda, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetine ADSM-4 resminamasyny Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy topary hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara topar bilen bilelikde, şeýle hem milli bilermenleri we halkara hyzmatdaşlary çekmek bilen taýýarlamagy üpjün etmek tabşyryldy.

Ol şu ugurlar: suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady; düzümleýin-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek ugurlary boýunça amala aşyrylýar. Bu maksatnama Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça ýurtlaryň borçnamalaryny, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny hem-de degişli milli maksatnamalary, şol sanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan maksatnamalaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylýar.

ADSM-4-e girizmek üçin AHHG-ny esaslandyryjy ýurtlar hem-de olaryň halkara hyzmatdaşlary tarapyndan maksatnamanyň dört ugruny gurşap alýan teklipleriň 140-a golaýy taýýarlanyldy. Sebit iş toparynyň şu ýylyň iýulynda Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň barşynda şol tekliplerden ileri tutulýan taslamalaryň 36-sy seçilip alyndy. Bu taslamalar gutarnykly işlenildi hem-de ADSM-4-i taýýarlamak boýunça iş toparynyň iki günlük mejlisiniň gün tertibine ylalaşmak üçin girizildi.

Ertir AHHG-nyň gurluşyny we hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça sebit iş toparynyň mejlisi hem geçiriler. Duşuşygyň jemleri boýunça geljekki gatnaşyklaryň çäreleri ylalaşylar hem-de degişli çözgütler kabul ediler.

Bulardan başga-da, 27-nji noýabrda ADSM-4-i amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek üçin Aşgabatda AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň halkara guramalaryň wekilleri hem-de geljekki hemaýatkärler bilen utgaşdyryjy duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image