Täzelikler

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy

07.04.2020
1586204841
1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýi...

Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň geljegi wideokonferensiýalar görnüşinde ara alnyp maslahatlaşyldy

06.04.2020
1586201689
Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň iri halk hojalyk pudaklarynyň wekillerini...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

03.04.2020
1585947226
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň g...

Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň maslahaty

01.04.2020
1585762131
Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýa...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi

31.03.2020
1585681344
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler

29.03.2020
1585502644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, ekişe ýurdumy...

Spanbonddan meltblauna çenli: Türkmenistanda islegli dokalmaýan materiallar öndürilýär

27.03.2020
1585330029
«Тürkmen senet» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup täze görnüşli dokalmaýan material – spanbond çykarmagy özl...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26.03.2020
1585250759
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...



Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi


Image

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleri kabul etdi.

Myhman özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini aýtdy. Munuň özi ýangyç-energetika toplumy ýaly möhüm ugurlardaky netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa dünýäniň energetika ýurtlary bolan hem-de nebitgaz serişdeleriniň baý gorlaryny özünde jemleýän iki döwlet üçin hem ähmiýetlidir.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary bar bolan köpýyllyk tejribeleri we oňyn mümkinçilikleri nazara almak bilen, işjeň hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň bu kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşygy binýatlaýyn resminama bolup durýar. Şonuň esasynda taraplar degişli işleri alyp barýarlar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine hem-de sebit we halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň, pudaklaýyn meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini nazarlaýan gazhimiýa senagatynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, nebitgaz toplumyny öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün etmek ýaly ugurlardaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman Türkmenistanyň hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň uzakmöhletleýin esasda we anyk netijeleri nazarlaýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine taýýardygyny tassykladylar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün