Täzelikler

Milli Liderimiziň çykyşlarynyň ýygyndysynyň nobatdaky tomy

05.12.2019
1575571009
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutl...

Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitaby arap dilinde neşir edildi

03.12.2019
1575414544
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...
  • Image
  • Image

Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody önümçiligi giňeldýär

02.12.2019
1575382271
«Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasynyň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawody...

Türkmen wekilýeti EXPO 2020 sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

01.12.2019
1575142303
Dubaýda (BAE) EXPO 2020 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi, ol ilkinji gezek Ýakyn Gündo...

Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär

28.11.2019
1574958892
Şu gün Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel —2019»...

Türkmenistanda iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň halkara sergisi we pudaklaýyn maslahat geçirilýär

27.11.2019
1574893346
Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Tür...
  • Image
  • Image

Türkmenistan-Russiýa: ynsanperwer hyzmatdaşlyk

26.11.2019
1574794052
Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde GDA-nyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we...

Aşgabatda Aral boýunça Sebit iş toparynyň duşuşygy geçirilýär

25.11.2019
1574703460
Şu gün Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde paýtagtymyzyň «Arçabil» m...
  • Image
  • Image



Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär


Image

Şu gün Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel —2019» atly XII halkara sergisiniň jemleýji gününiň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistan we dünýä maglumat —telekommunikasiýa ulgamlary» ylmy maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki döwletiň aragatnaşyk operatorlary arkaly «Türkmenistan — Azerbaýjan Respublikasy» ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki- süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmagy, eýelik etmegi hem-de ulanmagy guramak baradaky ylalaşyga gol çekilmegi dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekilleri ýygnan forumyň aýdyň netijeleriniň biri boldy.

Gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň geçen çäklerini öz gerimine alýan bu taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenbaşy hem-de Siýazan şäherlerini birleşdirer we Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda telekommunikasiýa üstaşyr ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda hem-de kämilleşdirilmeginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrar. Statistiki maglumatlara görä, Aziýanyň ilaty 4 milliard adamdan geçýär, Ýewropada 990 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Yklymlaryň arasynda maglumatlary alyşmagyň zerurlygy sekuntda 200 — 400 gigabit möçberinde hem-de sekuntda 4-5 Tbaýta çenli internet-trafik alyşmasyny giňeltmäge mümkinçilik döreder.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we «AzerTeleсom» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet bu ulgamyň gurluşygynyň taslamasy boýunça bilelikdäki işi geçirdiler.

Aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynda bilelikdäki işleri geçirmegiň mümkinçiliklerine Ýaponiýanyň içeri işler we kommunikasiýalar ministri jenap Masatoşi Işida bilen duşuşyk mahalynda garalandygyny bellemek gerek. Hususan-da, ýapon tarapyndan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda suwasty optiki süýümli aragatnaşyk ugurlarynyň gurluşygyna goldaw bermäge taýýardyklary beýan edildi.

Biziň ýurdumyzyň çäklerini iň häzirki zaman optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary kesip geçýär. Ýerli telefon belgileriniň sanynyň artdyrylmagy halkara we şäherara aragatnaşyk ýaýlymlarynyň möçberiniň artmagyna getirdi. Türkmenistanyň çäkleri boýunça Trans — Aziýa — Ýewropa optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň 708 kilometr uzynlykdaky böleginiň geçýändigi uly ähmiýete eýedir. Hytaýyň Urumçy şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli onuň umumy uzynlygy 27 müň kilometre deňdir.

Ýurdumyzda Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Daşoguz — Aşgabat optiki-süýümli halkalaýyn aragatnaşyk ulgamy hem-de Garabogaz —Türkmenbaşy — Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Kerki — Ymamnazar radial ulgamy hereket edýär, şolar goňşy döwletleriň ulgamlary bilen birleşdirilendir. Şolary çekmegiň taslamalary DWDM (Dense Wavelength Division Multipleхing-dykyz tolkunly multipleksirleme) ýaýlymyň goýberijilik kuwwaty halkara üstaşyr we ýerli internet akymlaryny geçirmek üçin sekuntda 100 gigabite deň bolan köp ýaýlymly optiki ulgamlar tehnologiýasynyň binýadynda amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek üçin halkara telefon trafigini we maglumatlary geçirmegi köpugurly diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler alnyp barylýar.

Bu gün Türkmenistan ýurdumyz boýunça — Aşgabat — Bajigiran (Eýran), Serhetabat — Hyrat (Owganystan), Ymamnazar — Akina (Owganystan), Türkmenabat — Buhara (Özbegistan) we Garabogaz —Fetisow (Gazagystan) ugurlary boýunça optiki süýümli baş halkara aragatnaşyk ulgamyna eýedir.

Häzirki döwürde tehnologiýa täzeçilliklerini hasaba almak bilen yzygiderli kämilleşdirmäge hem-de ykdysadyýetiň dolandyrylmagyna ornaşdyrmaga ukyply ýurtlar bäsdeşlige has ukyplydyrlar. Türkmenistan hem şeýle döwletleriň hataryna girýär. Bu tapgyrda dünýä maglumatlar giňişliginde öz ornuňy pugtalandyrmak möhümdir.

Ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynyň maýa goýum derejesi ýokarlanýar hem-de netijede, simli, ykjam aragatnaşyk we internet ulgamlaryndan peýdalanyjylaryň, şeýle hem ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli ulgamlar arkaly gurnalan aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sany artýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakyn wagtda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Oba ýerlerinde aragatnaşyk ulgamynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Habar berlişi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda giň gerimli kommunikasiýa ulgamyny döretmek, Türkmenistanyň iň uzakda ýerleşýän künjeklerine giň zolakly internete elýeterliligi giňeltmek bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini köpeltmek boýunça iri taslamalara badalga berdi.

Telekommunikasiýalar ulgamynda ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar, munuň özi bu pudaga iň täze tehnikanyň, enjamlaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň giňden çekilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurlygyny şertlendirýär.

Soňky üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň satyn alýan halkara internet teleýaýlymlarynyň umumy göwrümi on esse artdy. Şol döwürde internetden peýdalanyjylaryň sany ýurdumyzda 500 müň adam köpeldi hem-de bu görkeziji gün-günden ýokarlanýar.

Häzirki wagtda maglumat çeşmeleri strategiki milli serişde, ykdysady taýdan ösen islendik döwletiň esasy baýlyklarynyň biridir. Durmuş-ykdysady zerurlyklaryň nähili möhümdigine garamazdan, maglumatlaşdyrylan jemgyýet häzirki zaman siwilizasiýasynda möhüm şertleriň biri bolup durýar.

Emma halkara ulgamlaryna birikmegiň hem-de milli maglumat ulgamlarynyň emele gelmeginiň oňyn netijelerden başga-da, zyýanly taraplary hem bardyr, ol maglumat howpsuzlygyna howp salyp biler. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýanynda kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Bu gullugyň işi özara ynama esaslanýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup biler, maslahatda türkmen tarapy şeýle hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Forumda iň täze tehnologiýa işläp taýýarlamalaryň tanyşdyryş çäreleri-de guraldy, şolaryň peýdalanylmagy teleradio gepleşikler, halkara ýaryşlary görkezmegi we eşitdirmegi guramak hem-de beýleki ähmiýetli çäreleri geçirmekde, kinematografiýada, sanly aragatnaşyk ulgamynda we howpsuzlyk babatynda aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, telekommunikasiýa ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak boýunça teklipler aýdyldy.

Maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda forumyň üstünlikli geçirilmegine ýardam berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi we öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýa işläp taýýarlamalary durmuşa işjeň ornaşdyrmak hem-de kommunikasiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işine ähli bilimlerini we tejribelerini gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm