Täzelikler

Türkmen elektroenergetikasynyň eksport kuwwaty artýar

24.01.2020
1579893319
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompani...
  • Image

Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlarynyň duşuşygy

23.01.2020
1579804891
Şu gün paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewürler toparl...

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

22.01.2020
1579730753
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

21.01.2020
1579628416
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respubl...

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy: şanly senäniň hormatyna täze saýt

20.01.2020
1579467698
«Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halk...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.01.2020
1579291783
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdak...

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

16.01.2020
1579195332
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

15.01.2020
1579114563
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkme...



Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitaby arap dilinde neşir edildi


Image

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynyň ikinji jildiniň arap dilinde çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Patyşalykdaky diplomatik ulgamynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, syýasatşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň kitaby ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Yklymyň iki bölegini birleşdiren, söwda ýoly hökmünde däl-de, eýsem, taryhy-medeni hakykat hökmünde hem Beýik Ýüpek ýolunyň täsinligini açyp görkezýän eserde türkmen halkynyň taryhy ýoluna hem-de dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan çäksiz goşandyna anyk baha berilýär.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň başlygy, professor Ýahýa bin Mahmud Jüneýd bu kitabyň ylmy toparlar üçin hem gyzyklanma döredýän ýöriteleşdirilen neşirdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işi, Beýik Ýüpek ýoly barada bolşy ýaly, Türkmenistanyň geostrategik ýagdaýy, sebitiň tutuş ösüşi, ynsanyň gurşap alan dünýä bilen özara gatnaşygy barada anyk maglumatlaryň egsilmez çeşmesi bolup durýar.

Türkmenistan häzir asyrlaryň örän baý gymmatlygyny aýawly saklaýar hem-de oňa sarpa goýýar. Kitabyň arap diline terjime edilmegi ony arap dünýäsiniň örän köp sanly okyjylary üçin hem açýar. Olar üçin indi türkmen halkynyň baý taryhy we täsin medeniýeti hem-de ruhy gymmatlyklary barada bilimlerini artdyrmaga ajaýyp mümkinçilik döredilýär.

Täze neşiriň çapdan çykmagy türkmen-arap gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadyr. Soňky ýyllarda iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym hem-de bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda biziň ýurtlarymyzyň aragatnaşygy giňelýär.

Şu ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda hem-de Maryda guralan Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri muňa şaýatlyk edýär. Medeniýet günleri halkymyzy dostlukly ýurduň köptaraply medeniýeti, aýdym-saz däpleri we aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.

Ýurdumyzyň alymlary hem ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri maslahatlara gatnaşmak, tejribe alyşmak hem-de özara gatnaşyklary berkitmek üçin Saud Arabystanynda yzygiderli bolýarlar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty bölüminde arap diliniň öwrenilmegi bilim ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynyň ikinji jildiniň täze neşiriniň ylym we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, taryhlary asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän iki dostlukly halkyň arasynda özara düşünişmäge we ynanyşmaga ýardam berjekdigi şübhesizdir.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image