Täzelikler

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

22.01.2020
1579730753
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

21.01.2020
1579628416
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respubl...

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy: şanly senäniň hormatyna täze saýt

20.01.2020
1579467698
«Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halk...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

17.01.2020
1579291783
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdak...

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara

16.01.2020
1579195332
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda

15.01.2020
1579114563
Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkme...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyna gatnaşdy

14.01.2020
1579035561
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara gurama...

«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi polimer turbalary çykarmagy özleşdirdi

13.01.2020
1579012095
«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy we 50 ...



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy


Image

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, birnäçe desgalaryň taslamalary hem-de şäheriň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler bilen tanyşdy.

Wise-premýer Aşgabatda gurulýan täze desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna elektrik energiýasy bilen üpjün etjek ulgama degişli desgalaryň taslamasyny hödürledi. Bu taslama ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, paýtagtymyzda gurulýan döwrebap binalary we desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektrik üpjünçilik meselesiniň çözülmeginiň bildirilýän baş talaplaryň hatarynda durýandygyny nygtap, şunda desgalaryň üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamynyň nazarda tutulmagynyň örän uly ähmiýetli bolup durýandygyny belledi. Bu ugurda tutuş paýtagtymyz boýunça hem öňde durýan wezipeler ýerine ýetirilende şol ýörelgeden ugur alynsa maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, bu ulgam üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler görülýär.

Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň okgunly ösüşini, ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň kuwwatynyň artmagyny nazara almak bilen, täze energetika ulgamlarynyň kuwwaty has-da ýokarlandyrylýar.

Ýurdumyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň kadaly işlemegi üçin döredilýän amatlyklaryň hatarynda, ilkinji nobatda, olaryň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly we bökdençsiz bolmagyna köp zat bagly bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, energiýa serişdeleriniň möçberi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň baý döwletleriniň biridigini belledi. Mälim bolşy ýaly, bu ulgam iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanylýar.

Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde, häzirki wagtda türkmen energetika senagaty ýokary depginler bilen ösýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagyna ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga hem-de şol bir wagtyň özünde elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýän ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňledi. Häkim paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty ulag we pyýada geçelgesini, şeýle hem şol ýerasty geçelgäniň ýokarsyndaky aýlawly çatrykda bezeg sütünini gurmaga bäsleşigiň yglan edilendigi we bu bäsleşigiň tamamlaýjy tapgyrda barýandygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, desgalary bu ulgamda dünýäde öňdebaryjy gazananlaryň esasynda gurmagy hem-de bellenilen wagtynda ulanylmaga bermelidigini tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary, şol sanda myhmansöýerlik däpleri aýdyň beýanyny tapýar.

Häzir Aşgabat sebit we dünýä hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi, munuň özi halkara häsiýetli iri çäreleri geçirmek hem-de sany ýylsaýyn artýan daşary ýurtly myhmanlary mynasyp kabul etmek üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini aňladýar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzüminiň desgalarynyň taslamalaryny içgin öwrenmek meselelerine yzygiderli üns berýär.

Ýeri gelende aýtsak, Aşgabady uzakmöhletli ösdürmegiň strategik garaýşyna hormatly Prezidentimiz tarapyndan şeýle uly üns berilmegi onuň çäk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, abadançylyk maksatnamalaryny ýokary hilli durmuşa geçirmäge, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge, ekologiýa deňagramlylygyny saklamaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň hemişe belleýşi ýaly, paýtagtymyzda gurulýan binalarda ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr — tebigatyň ajaýyp görnüşleri we binagärlik toplumlary biri-biri bilen sazlaşmalydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu möhüm talaby binagärleriň we taslamalary düzüjileriň öňünde çylşyrymly döredijilik wezipelerini goýýar. Munuň özi şäheriň has-da gözelleşmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işiň diňe bir bezeg tarapyna däl, eýsem, okgunly ösýän uly şäheriň durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine hem üns berýär.

Döwlet Baştutanymyz iş saparyny jemlemek bilen, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, onuň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly we toplumlaýyn işlemegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlar üçin amatly şertleri döretmek bilen, päk ýürekden, geljegi nazarlap, binalary ygtybarly we owadan gurmagyň baş talap bolup durýandygyny belledi hem-de öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm