Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

23.09.2020
1600808525
Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasy...

Söwda pudagynda täzeçil usullar

21.09.2020
1600712901
Ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde okgunly ykdysady ösüş ýoluna düşdi. Bu ...

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisine we sanly ykdysadyýet boýunça maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

19.09.2020
1600460536
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenista...

Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan forum geçirildi

19.09.2020
1600535688
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyş...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastynyň arasynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

19.09.2020
1600515119
18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň...
  • Image

Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi

17.09.2020
1600368085
Şu gün Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejli...

Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň firma dükanlarynyň sany artýar

17.09.2020
1600360212
Aşgabatda, Oguz han köçesiniň ugrundaky «Dokmahyzmat» Döwlet kärhanasynyň ýanynda pudagyň kärhanalarynda öndürilýän ö...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

15.09.2020
1600191712
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prez...



2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň şanyna dabara


Image

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Arkadagyň paýhasy — Bitarap ýurduň berk binýady» atly dabara geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň taryhy we häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär.

Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orun eýeleýän Türkmenistanyň hemşelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi şol taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygyny 25 ýyllygy Watanymyzyň taryhynda örän möhüm senedir, onuň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm tapgyrydyr.

Bitaraplyk derejesi ýurdumyza Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň şygary Durnukly Ösüş maksatlary bilen baglylykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň Konsepsiýasyny beýan edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar. Şu ýylyň şygary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän ählumumy başlangyçlar bilen utgaşýar. Ýeri gelende ýatlap geçsek, häzir ýurdumyz köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 152-sine gatnaşýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň kabul eden, halkara hukugynyň umumy kadalaryny özünde jemleýän Konwensiýalaryň 133-si bar.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi häzirki zaman şertlerde Bitaraplygyň ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biragyzdan kabul edilen Kararnamada, hususan-da, sebitde hem-de dünýä derejesinde halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň wajypdygy, ýurtlaryň arasynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde onuň eýeleýän orny bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany biragyzdan kabul edendigini bellemek gerek.

Şu gezekki dabarada bellenilişi ýaly, amala aşyrýan daşary syýasat ugry hem-de milli Liderimiziň öňe sürýän teklipleri ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň bähbidine ähli ýurtlar we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Muňa, şol sanda, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän abraýly düzümler, ozaly bilen, BMG-niň düzümleri bilen bilelikde guralýan iri forumlar hzem-de duşuşyklar mysal bolup biler, bu düzümler bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin strategik we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir.

Bu barada 14-nji ýanwarda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda hem gürrüň edildi. Bu forum ýurdumyzda we daşary döwletlerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen giň gerimli çäreleriň başyny başlady.

Medeniýet ministrliginiň hem-de medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, döredijilik işgärleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Mukamlar köşgünde geçirilen şu günki dabara munuň dowamyna öwrüldi.

Çärä gatnaşyjylar Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýä giňişliginde abraýynyň artmagynyň hem-de ählumumy ylalaşdyryjylyk işlerinde ornuny ykrar etmegiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň, gürrüňsiz, täze şöhratly we beýik işlere beslenjekdigini bellediler.

Bellenilişi ýaly, içerki durnuklylyk we syýasy ulgamyň mäkämligi, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna demokratik ýörelgeleriň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy halkara giňişliginde Türkmenistanyň ygtybarly ornuny, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklaryny şertlendirýär.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, 2020-nji ýylyň şygary ynsanperwer ýörelgeler bilen üznüksiz bagly bolup, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Milli Liderimiz adamzat ösüşiniň ählumumy ösen meýillerine doly derejede kybap gelýän dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň özboluşly görnüşini işläp düzdi.

Çünki Bitaraplyk ylalaşdyryjylyk diplomatiýasynyň, deňhukukly halkara gatnaşyklarynyň hem-de döwletiň okgunly ösüşiniň özeni, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň kepili bolup durýar.

Ýygnananlar milli bähbitleriň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de ösüşiň özara baglylygyna esaslanan Türkmenistanyň döwlet bitaraplygynyň ýörelgelerine ýokary baha berip, Diýarymyzyň saýlap alan daşary syýasy ugrunyň türkmen halkynyň özboluşlylygyna, taryhy we medeni däplerine, ýurdumyzyň geostrategik ýagdaýy we serişdeler kuwwaty bilen şertlendirilen umumy ýagdaýlara sazlaşykly kybap gelýändigini aýratyn nygtadylar.

Bu çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary 2020-nji ýylyň «Türkmenistan —Bitaraplygyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň, döredijilik toparlarynyň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynda şu ýylyň şygarynyň many-mazmuny öz beýanyny tapdy.

Parahatçylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söýgüsiniň we hormatynyň ýürekdendigini beýan eden «Ýaşa, eziz Arkadagym!» atly aýdym dabaranyň jemleýji pursadyna öwrüldi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image