Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

23.09.2020
1600808525
Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasy...

Söwda pudagynda täzeçil usullar

21.09.2020
1600712901
Ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde okgunly ykdysady ösüş ýoluna düşdi. Bu ...

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisine we sanly ykdysadyýet boýunça maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

19.09.2020
1600460536
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenista...

Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan forum geçirildi

19.09.2020
1600535688
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyş...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastynyň arasynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

19.09.2020
1600515119
18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň...
  • Image

Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi

17.09.2020
1600368085
Şu gün Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejli...

Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň firma dükanlarynyň sany artýar

17.09.2020
1600360212
Aşgabatda, Oguz han köçesiniň ugrundaky «Dokmahyzmat» Döwlet kärhanasynyň ýanynda pudagyň kärhanalarynda öndürilýän ö...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

15.09.2020
1600191712
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prez...



Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi


Image

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesine seredildi. Şeýle hem 2020-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.

Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, 2019-njy ýylda ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat bermek üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna söz berdi. Olar geçen ýyl amala aşyrylan işler, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdiler.

Agzalan döwürde Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylan çäreler, hususan-da, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, durmuşyň ähli ugurlarynda şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini üpjün etmekde, dürli howplardan goramakda, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde MHM-niň wajyp orny barada aýdyp, jemgyýetiň asuda, döredijilikli durmuşynyň sütünlerini, milletiň agzybirligini we jebisligini berkitmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň işgärleriň işjeň durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirip, olary syýasy, hünär we hukuk taýdan taýýarlamaga, olaryň eserdeňligine, häzirki zamanyň ylymlaryndan we sanly tehnologiýalaryndan baş çykarmak ukybyna baglydygyny belledi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewiň general-polkownik harby adyny general-maýor harby adyna çenli peseltmek hakynda, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşatmak, şeýle hem oňa berk käýinç yglan etmek hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek we oňa soňky gezek duýdurmak bilen bagly resminamalara gol çekdi.

Soňra 2019-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda geçirilen işler, hususan-da, toplumlaýyn harby özgertmeleriň barşy hem-de onuň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli işler barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hünärli işgärleri taýýarlamak, ýaş esgerleri merdana pederlerimizden miras galan watançylyk we mukaddes borja wepalylyk däplerinde terbiýelemek boýunça anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby edaralaryna öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga degişli anyk tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, harby gullukçylaryň hünär baýramçylygyna bagyşlanan dabaralary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, goranmak ministri B.Gündogdyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Mejlisiň dowamynda Içeri işler ministrliginiň 2019-njy ýylda alyp baran işleriniň netijeleri, hususan-da, ýurdumyzda tertip-düzgüni üpjün etmek hem-de düzgün bozmalaryň, ýollarda ulag hadysalarynyň öňüni almak, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrligiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, hukuk we guramaçylyk esaslaryny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Jenaýatçylyga garşy göreşmegiň meselelerine berk gözegçiligiň üpjün edilmegine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini üpjün etmek boýunça wezipeleriň möhümdigini belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda şeýle hem ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçen ýyl ýerine ýetirilen işler barada hasabat diňlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, adalatlylygyň we kazyýet önümçiliginiň ýörelgeleriniň kämilleşdirilýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz kanunçylygyň berjaý edilmegini, hususan-da, kazyýetleriň çykarýan hökümleriniň we çözgütleriniň adalatly bolmagyny hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz netijeli kazyýet iş önümçiliginiň esaslaryny pugtalandyrmagy, kazylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny ulanmak bilen, okuwlary geçirmegiň möhüm talaplaryň biridigini belläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem 2019-njy ýylda prokuratura edaralary tarapyndan geçirilen işler, şol sanda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabaty diňledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň öz işlerini öňde goýlan esasy wezipelerden, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak maksady bilen ugur alyp guramalydygyny nygtady hem-de degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem mejlisiň barşynda 2019-njy ýylda Döwlet serhet gullugy tarapyndan geçirilen işler barada hasabat diňlenildi. Onda berkarar Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirmek boýunça görlen anyk çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ata Watanymyzyň serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz serhet goşunlaryny öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün etmek, täze döwrebap serhet galalaryny hem-de ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işiniň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlaryna ýetmäge ýardam etjek täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçen ýyl görlen çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we öňdebaryjy tejribäni nazara almak bilen, kadalaşdyryjy hukuknamalary işläp taýýarlamak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Adalat ministrligine degişli düzümlerde geçirilýän işleriň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekip, bu edaralarda sanly ulgamy hem-de elektron resminama dolanyşygyny ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra 2019-njy ýylda Döwlet gümrük gullugy tarapyndan durmuşa geçirilen işler barada hasabat diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň işgärleriniň ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini goramak işlerine goşýan goşandynyň uludygyny belläp, geljekde hem gümrük hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň serhetlerinden geçýän ýüklere we ulag serişdelerine berk gözegçiligi amala aşyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Häzir Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde, döwrebap ulag-üstaşyr geçelgeleri güýçli depginler bilen kemala getirildi diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşalyşynyň depginini yzygiderli seljermek barada görkezme berildi. Milli Liderimiz şu işleriň geçirilmeginiň üstaşyr-ulag kuwwatyny artdyrmak hem-de logistika ulgamyny ösdürmek üçin zerurdygyny nygtady.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň netijeli işini üpjün etmek boýunça geçen ýyl alnyp barlan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz öňde durýan işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Degişli ugurda sanly tehnologiýalaryň, öňdebaryjy we dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagy, ýaş işgärleriň taýýarlanylmagy esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini, şu ýylda hem bu baýramçylygyň uly dabaralara beslenjekdigini aýtdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, harby kasama ygrarly bolup, eziz Watanymyzyň ykdysady hem-de syýasy bähbitleriniň ygtybarly goragyny amala aşyryp, döwletimiziň çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli berjaý edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy ygtybarly goramak Watan goragçylarynyň paýyna düşýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady.

Milli Liderimiz esgerleriň we serkerdeleriň bu belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigine, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezjekdigine, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini berkitmekde ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna berk ynam bildirip, bu ýere ýygnananlary golaýlap gelen Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, döwletimiziň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça mundan beýläk-de anyk çäreleriň görüljekdigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary baradaky hemişelik aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belläp, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri döwletimiziň mundan beýläk hem dowam etjekdigini, harby gullukçylarymyz barada hemişe alada etjekdigini aýtdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-maýory Ç.Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty ýörite adyny dakmak hakynda Permanlara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde şeýle hem birnäçe beýleki meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm