Täzelikler

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

05.06.2020
1591389200
Şu gün oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi

04.06.2020
1591300431
3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler ...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

03.06.2020
1591127311
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram ...

Çagalar-sagaldyş merkezlerinde tomus möwsümi badalga aldy

02.06.2020
1591128694
Şu gün paýtagtymyzda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dab...
  • Image
  • Image

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...



Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň ýörelgeleri


Image

Şu gün ýurdumyzda aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.

Ir sagat 7-de Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan ähli saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Olar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlykly geldiler. Ses bermäge ilkinji gezek gatnaşan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşan synçylaryň pikirine görä, saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatyny amala aşyrmagyň hem-de türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik sütünlerini berkitmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim boldy. Bu möhüm waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi.

Milli parlamentde hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz saýlawçylarynyň bähbidini goramak hukugyna watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we ynamdan peýdalanýan adamlar dalaşgärlik etdiler.

Dalaşgärleriň hatarynda oba zähmetkeşleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň esasy hünärmenleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş pudaklarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary bar.

Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna syýasy partiýalardan we raýatlar toparlaryndan birnäçe dalaşgärler bellige alyndy. Şeýlelikde, bu günki saýlawlar, ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýdyňlyk ýörelgelerinde geçdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan saýlaw uçastoklarynyň hemmesi ses bermek üçin bellenilen wagtda gapylaryny açdy. Olaryň Aşgabat şäherinde 14-si, Ahal welaýatynda 50-si, Balkan welaýatynda 10-sy, Daşoguz welaýatynda 49-sy, Lebap welaýatynda 41-si, Mary welaýatynda bolsa 58-si hereket etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilýän saýlawlar boýunça Daşoguz welaýatynyň 54-nji «Baýdak» saýlaw okrugy, Mary welaýatynyň 106-njy «Wekil» saýlaw okrugy, 109-njy «Sakarçäge» saýlaw okrugy boýunça ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň 80 müň 230-sy bellige alyndy.

Ähli saýlaw uçastoklary tarapyndan welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses beren 50 müň 713 etrap, şäher halk maslahatlary boýunça 44 müň 93 hem-de geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 33 müň 312 saýlawçy bellige alyndy.

Saýlawlaryň barşyna synçylygy ähli saýlaw uçastoklarynda milli synçylar amala aşyrdylar. Olaryň baha bermegine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda geçdi.

Şu gezekki saýlawlaryň häsiýetli aýratynlygy olaryň käbir saýlaw uçastoklaryndan onlaýn-alyp görkezmek usuly arkaly geçirilmeginde jemlendi. Islendik adam amatly nawigasiýa arkaly Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda ses bermegiň barşyna syn etmek mümkinçiligine eýe boldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna, ýagny, sagat 19:00-a çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna 91,12 göterim saýlawçy, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 90,86 göterimi, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 90,71 göterimi hem-de geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 90,90 göterimi gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatyna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.

Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen ses sanamak işi başlandy. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda aýan ediler.

Şeýlelikde, şu gün geçirilen jemgyýetçilik-syýasy çäre demokratik özgertmeleri giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm