Täzelikler

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...



Täze döwletara elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyna başlanyldy


Image

Şu gün Serhetabat etrabynda täze döwletara elektrik geçirijisi bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistany depginli senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamasyny durmuşa geçirmekde elekroenergetika pudagyna möhüm orun berilýär.

Diýarymyzyň dürli sebitlerinde gysga döwürde kuwwatly elektro stansiýalaryň hem-de täze elektrik geçirijileriň gurulmagy netijesinde pudagyň ençeme esse artan kuwwaty ýurdumyzda her ýyl ulanmaga tabşyrylýan iri senagat toplumlaryny hem-de köp sanly durmuş desgalaryny elektroenergiýa bilen durnukly üpjün etmek bilen birlikde, ony goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär.

Ine şu gün hem bu pudakda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasyna badalga berildi. Şanly waka mynasybetli dabaralara elektroenergetika pudagynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar gatnaşdylar.

Medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň, Mary welaýatynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly we tansly çykyşlar uly türkmen toýunyň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy.

Çykyş edenler Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň ähli düzümleýin desgalaryny energiýa bilen üpjün etjek täze energiýa köprüsiniň uly halkara ähmiýetini nygtadylar. Mundan başga-da, geljekki elektrik geçiriji elekroenergiýany Pakistana hem-de Owganystanyň üsti bilen Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer.

Şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Energetika ministrligi tarapyndan Türkiýäniň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolup durýan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk baglaşyldy.

Ýurdumyzyň çäklerinde güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy «Mary GES — Hyrat şäheri» ugry boýunça Mary GES-den türkmen-owgan serhedine, Owganystan Yslam Respublikasyna çenli çekiler. Ony 2021-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga bermek maksat edinilýär.

Şeýle hem Energetika ministrliginiň düzüminde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Ol esasan TOP taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler bilen meşgullanar.

Bu energiýa geçirijisiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, ilkinji nobatda, Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Täze iş orunlarynyň peýda bolmagy bilen baglylykda, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga, degişli elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk hem-de durmuş düzümlerini döretmäge mümkinçilik dörär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň ýörelgelerine eýerip, ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek berýändigini, hususan-da, ýeňillikli şertlerde elektroenergiýany ibermek arkaly kömek edýändigini bellemek gerek. Energiýanyň doganlyk ýurda iberilýän mukdaryny artdyrmak maksady bilen, täze beketler gurulýar, elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär.

Gymmat bolmadyk, ygtybarly hem-de energiýanyň döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli döwletleriň yzygiderli ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary, şol sanda BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda gün tertibine» laýyklykdaky tagallalar şol maksadyň gazanylmagyna gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň örän baý gorlaryna eýedigini, elektroenergiýanyň öndürilmeginiň bolsa, däp bolşy ýaly, dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanýandygyny nygtamak gerek. Şundan ugur alnyp, geljegi uly bu pudaga goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi hemişe artdyrylýar. Häzir türkmen energetika senagaty depginli ösüş derejelerini görkezýär hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän elektroenergiýanyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň bu pudakda öňde goýan strategiki wezipelerini netijeli çözmäge pudaga ornaşdyrylýan täze inžener-tehniki işläp taýýarlamalar, ykdysady taýdan bähbitli, energiýa tygşytlaýjy hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan täze giň gerimli taslamanyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamynyň ýakynlaşmagy, türkmen energiýa geçirijilerini ibermegiň eksport ugurlarynyň geriminiň giňeldilmegi ugrunda ýene-de bir möhüm ädim bolar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm