Täzelikler

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...



Daşkentdäki çempionatda ökdeler öňe saýlanýar


Image

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň nobatdaky gününde Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de üç medala mynasyp boldy.

Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty baş müdürliginiň 5-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa 87 kilogram agram derejede çykyş edip, bäsleşigiň iki görnüşinde 203 kilogram agramy galdyryp kümüş medala mynasyp boldy. Şunda türkmenistanly türgen agyrlygy silterläp hem-de itekläp götermekde ikinji netijäni görkezdi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Rüstem Annadurdyýew hem-de şu ýokary okuw mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Pirguly Pirgulyýew agyr atletika boýunça milli ýygyndymyza bürünç medallarynyň ýene-de ikisini getirdiler.

81 kilogram agramlyk derejede çykyş eden R.Annadurdyýew iki görnüş boýunça 224 kilogram netije bilen hormat münberiniň üçünji basgançagyna, P.Pirgulyýew bolsa (89 kg.) iki görnüşde 166 kilogram agramlygy galdyryp çempionatyň bürünç baýragyna mynasyp boldy.

Şeýlelikde, wekilçilikli halkara ýaryşyň tamamlanmagyna bir gün galanda, Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyň hasabynda 6 medal bar.

Şondan bir gün öň 49 kilogram agram derejede çykyş eden Ýulduz Jumabaýewa, Seýitjan Mirzaýew (61 kg.) hem-de Kristina Şermetowa (55 kg.) üç medala (bir kümüş we iki bürünç) mynasyp boldular.

Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionaty 12-nji fewralda tamamlanar. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça iň güýçli agyr atletikaçylar möhüm utuklary hem-de dört ýyllygyň esasy sport ýaryşlaryna – şu ýyl Ýaponiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm