Täzelikler

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

15.02.2020
1581786230
Şu gün Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökd...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

14.02.2020
1581706807
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Maliýe — ykdysadyýet ulgamy

13.02.2020
1581620231
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar as...
  • Image
  • Image

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy

12.02.2020
1581531994
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň energetika syýasaty ýan...

Daşkentdäki çempionatda ökdeler öňe saýlanýar

11.02.2020
1581442442
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň nobatdaky gü...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika

10.02.2020
1581362801
2019-njy ýylda köp sanly desgalaryň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik...
  • Image
  • Image

Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

07.02.2020
1581101387
Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň...

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy we welaýatlary ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

06.02.2020
1581014957
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda ...



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy


Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energo ulgamyna depginli goşulyşmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem örän uly orun tutýar.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda nebitgaz senagaty üçin ýakyn geljege niýetlenen ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.

Munuň özi pudagy diwersifikasiýalaşdyrmakdyr, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze döwrebap toplumlary gurmakdyr, täze känlerde, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegi güýçlendirmekdir, şeýle hem bu işlerde ulanylýan sanly tehnologiýalaryň gerimini, hususan-da, 3D-modelirlemek usullaryny ulanmak arkaly giňeltmekdir.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny köpugurly görnüşde ösdürmek ýaly halkara meselelerini çözmek boýunça başy başlanan maksatnamalaryň işjeň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

«Gaz geçirijileriň köpugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem kontinentleriň we Aziýanyň üsti bilen gaz geçirijileriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletleriň energetika howpsuzlygyny we ykdysady taýdan durnukly bolmagyny berkitmek, bütin Merkezi Aziýanyň we Aziýa sebitiniň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin ýurdumyzyň eksport kuwwatyny düýpli artdyrmak zerur bolup durýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ugurda durmuşa geçirilýän syýasat uzakmöhletleýinlik, açyklyk, milli bähbitleri nazara almak hem-de özara jogapkärçilik ýörelgelerinde guralýar.

Döwletara şertnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan — Özbegistan —Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwaty tapgyrlaýyn artdyrylýar. 2019-njy ýylyň dekabrynda dünýäde bu iň iri energiýa geçirijisiniň işe girizilenine 10 ýyl doldy. Şu geçen döwrüň içinde Merkezi Aziýadan HHR-e 260 milliard kub metr töweregi tebigy gaz iberildi. Şunça möçberiň 80 göterimden gowragy turbageçirijilere türkmen känlerinden, ilkinji nobatda bolsa, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanylýan geçirijilerden iberildi.

Häzirki wagtda transmilli geçirijiniň çig mal binýady pugtalandyrylýar. Onuň gurluşygy häzirki güne çenli hem anyk netijelere gönükdirilen uzakmöhletleýin, oňyn we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň nusgalyk göreldesi bolup hyzmat edýär.

Ine, täze känler «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäklerde tapgyrlaýyn herekete girizilýär, onuň gözleg, enjamlaşdyrmak we işläp taýýarlamak işlerini Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň şertlerinde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy («CNPC») amala aşyrýar. Amyderýanyň sag kenarynda geçirilen seýsmiki barlaglar gözleg we ulanyş guýularynyň burawlanmagy bu ýerde iri gaz känlerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Täze energetika geçirijisi türkmen gazyny Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna diňe bir uzakmöhletleýin ibermäge däl, eýsem, tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, bu ýerde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin kuwwatly itergi bolmagyna gönükdirilendir.

Munuň özi Owganystany parahatçylykly ýol bilen täzeden dikeltmek, onuň durmuş-ykdysady düzümlerini kämilleşdirmek, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleri çözmek üçin wajypdyr, bu bolsa, öz nobatynda, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. Gazyň belli bir möçberinden başga-da, biziň günortadaky goňşymyz öz çäklerinden türkmen energiýa serişdeleriniň geçirilýändigi üçin ep-esli derejede täjirçilik bähbidini hem görer.

Häzirki wagtyň «Türkmengaz» döwlet konserni TOPH taslamasynyň türkmen böleginiň gurluşygyny ýokary depginde alyp barýar. Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde deslapky taslama işleri hem-de gaz geçirijiniň taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy doly tamamlanyldy, taslamanyň daşky gurşawa täsirine baha bermek boýunça işler ýerine ýetirildi.

Gaz geçirijiniň gurluşygyny maddy-enjamlaýyn taýdan doly derejede üpjün etmek üçin potratçylary çekmek boýunça halkara bäsleşikleriniň netijeleriniň jemlenilmegi ahyrky tapgyra geldi. Bäsleşiklere Germaniýanyň, Türkiýäniň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Gresiýanyň hem-de beýleki döwletleriň gurluşyk şereketleri we nebitgaz enjamlaryny öndürýän kompaniýalary gatnaşýarlar.

Sözümizi dowam edip, 2019-njy ýylyň aprel aýynyň ortalarynda Russiýa Federasiýasyna gazyň täzeden iberilmegine başlandy. 1-nji iýuldan başlap bolsa, «Türkmengaz» döwlet konserninden tebigy gazy satyn almaga «Gazprom» bilen baglaşylan bäşýyllyk şertnama hereket edip başlady.

Pudagyň serişde binýadyny artdyrmak bilen baglanyşykly giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň biri dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdyr. Onuň ätiýaçlyk gory «Ýaşlar» hem-de «Garaköl» känleri bilen bilelikde alanyňda, 27 trillion kub metre ýakyn möçberde bahalandyrylýar.

Häzirki wagtda meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan käniň ulanyş gaznasynda guýularyň 40-dan gowragy bar. Olaryň her biriniň önüm berijiligi, ortaça, bir gije-gündizde iki million kub metr gaza deňdir.

Şonuň bilen birlikde, käniň bar bolan meýdançadan demirgazyk-günbatar we günorta-gündogar ugurlarda çäklerden daşyna çykýandygy barada uly aýdyň alamatlar bar. Goşmaça maglumatlar alnandan soň, “Galkynyşyň” gazynyň gorlaryna baha bermäge gaýtadan seredilip bilner.

Dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni «Galkynyş» gaz käninde ulanyş guýularynyň ýene-de 11-sini burawlamakda we ulanyşa girizmekde zerur bolan dürli turbalary hem-de enjamlary satyn almak barada Beýik Britaniýanyň «Sumitomo Corporation Europe Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Olaryň umumy önüm berijiligi bir gije-gündizde 20 million kub metr töweregi gaza barabar bolar.

Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasy bilen «Galkynyşy» özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän bir ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürjek zawodyň deslapky tehniki taslama işlerini ýerine ýetirmäge şertnama baglaşyldy. Ozal bu ýerde umumy kuwwaty «mawy ýangyjyň» 30 milliard kub metrine barabar bolan gazy gaýtadan işleýän toplumyň üçüsi ulanylmaga berildi.

Merkezi Garagumda gaz kondensat känler toparyna hyzmat edýän «Zäkli Derweze» gaz arassalaýjy desgalarda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desganyň gurluşygyna başlanyldy. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan Singapuryň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan bu taslamany 2022-nji ýylda tamamlamak maksat edinilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynda nebitiň we gazyň, beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga niýetlenen geologiýa-barlag işleriniň giň gerimli maksatnamasy taýýarlanyldy.

Bu işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň çig mal binýadyny pugtalandyrmak wezipesi durýar. Şol çig mal binýady «mawy ýangyjyň» Türkmenistanyň eksport energiýa geçirijisiniň esasy iberijisi bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, täze netijeli känleriň ýüze çykarylyp bilinjek belli ýerleriniň çäklerinde, şeýle hem onuň ýanynda ýerleşen geljegi uly meýdançalarda gözleg guýularynyň geofiziki barlaglary hem-de buraw işleri amala aşyrylýar.

2019-njy ýylda «Malaý» känininiň töwereklerinde «Täjibaý» diýen täze kän açyldy. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan burawlanan ilkinji iki guýy 2 müň 400 metr çuňlukda gazyň senagat akymynyň üstüni açyp, netijeli gatlagy ýüze çykardy.

Bu sebitde uglewodorodlaryň ýygnanan ýeriniň uly bolmadyk çuňluklarda ýerleşendigi hem-de özleşdirmäge elýeterlidigi möhümdir. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde ulanyş ýagdaýyndan pesde ýerleşen gatlak känleriniň gazlylyk derejesine baha bermek üçin buraw işleri dowam edýär. «Naýyp» hem-de «Bagaja» känleriniň töwereginde-de şunuň ýaly seýsmiki barlag we gözleg-buraw işleriniň toplumyny geçirmek bellenildi.

Täze 3D meýdan seýsmiki toplumyny hem-de meýdan işleriniň netijesinde alynýan maglumatlary işläp taýýarlamak işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin täze programma üpjünçiligini satyn almak maksat edinilýär. Bu toplum özleşdirilip gelinýän nebitgaz ýataklarynda geljekde nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak üçin, 4D seljeriş tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň demirgazygynda-da — «Günorta we Gündogar Gamyşlyja» «Ördekli», «Altyguýy» we beýleki känlerde hem gözleg-barlag işleri işjeň alnyp barylýar. Hususan-da, Demirgazyk Nazar — Ekerem meýdançasynda 1 belgili guýuda senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy hem-de gor hasaplama işlerine başlandy.

«Türkmennebit» döwlet konserni geljegi uly Günorta Uzynada meýdançasynda taslama çuňlugy 6 müň 500 metr bolan ilkinji gözleg guýusynyň gurluşygyna girişmäge taýýarlyk görýär. Bu düzüm Hazaryň kenarýaka zolagynda ýakynda açylan «Uzynada» ýatagynyň ýanynda ýerleşýär.

«Uzynadada» 7 müň metrden gowrak çuňlukda dört guýynyň burawlanyp, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň senagat akymynyň alnandygyny ýatlamak gerek. Şeýle guýular Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň taryhynda ilkinji gezek guruldy hem-de häzirki günde Merkezi Aziýada iň çuňlarydyr.

2019-njy ýylyň mart aýynda bu käni özleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge degişli «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de «ARETI» Halkara kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Täze maýa goýum taslamasy Singapurda hasaba alnan «Yug-Neftegaz» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde «Demirgazyk Goturdepe» käninde onuň töweregindäki Hazaryň ýalpak suwly ýerlerini goşmak bilen, 60 sany gözleg-barlag we ulanyş guýularyny gurmak maksat edinilýär.

Ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan möhüm ugurlar nebitgaz känleriniň ulanyş guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Tatneft» rus paýdarlar jemgyýeti bilen guýulary düýpli abatlamak hem-de «Goturdepe» käninde ýerasty gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat işlerini ýerine ýetirmek üçin şertnamasynyň möhleti uzaldyldy. Onuň çäklerinde «Tatneftiň» şahamçasynda işlemek üçin türkmen hünärmenleriniň goşmaça topary saýlandy, Russiýadan ýöriteleşdirilen tehnikalar getirildi.

Hazaryň türkmen böleginiň känleriniň hem uly geljegi bardyr, bilermenler onuň ätiýaçlyk goruny nebitiň we kondensatyň 12,1 milliard tonna möçberinde, şeýle hem 6,1 trillion kub metr gaz möçberinde bahalandyrýarlar.

Häzir bu ýerde Malaýziýanyň «Petronas Charigali (Türkmenistan)» kompaniýasy işläp, «Toplum-I» şertnamalaýyn çäkde uglewodorodlary gözlemek we gazyp almak işlerini amala aşyrýar, gönükdirilen maýa goýumlaryň umumy mukdary ABŞ-nyň 11 milliard dollaryna golaýdyr. Häzirki wagtda “Magtymguly” hem-de «Diýarbekir» känlerinde nebitiň we gazyň alynmagy depginli alnyp barylýar. Ýakyn geljekki meýilnamalarda «Garagol Deňiz» käniniň günbatar böleginde buraw işlerini işjeňleşdirmek wezipesi bar.

Öz nobatynda, «Dragon oil (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasy, BAE-niň «Dragon oil» kompaniýasyna degişli düzüm «Çeleken» şertnamalaýyn çäge girýän «Jeýtun» we «Jygalybeg» känlerini işleýär. Şeýle hem bu ýerde deňziň nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi. Eger sanlar barada aýdylmaly bolsa, onda şu maksatlar üçin eýýäm ABŞ-nyň 6,6 milliard dollaryndan gowrak serişde gönükdirildi.

Şu günler «Petronas» we «Dragon oil» Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeler hakynda» Kanunyna laýyklykda baglaşylan hereket edýän şertnamalary uzaltmak hakynda gepleşikleri alyp barýarlar hem-de şu babatda birnäçe täjirçilik tekliplerini hödürlediler.

Mundan başga-da, «Buried Hill» (Kipr), «RWE» we «Wintershall» (Germaniýa), «ARETI» (baş edarasy Şweýsariýanyň Ženewa şäheri) kompaniýalary bilen birnäçe deňiz toplumlarynda önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar bar. Hazar sebitinde ençeme ýyl bäri işläp gelýän Italiýanyň «Eni» kompaniýasy («Nebitdag» şertnamalaýyn çäk) hem-de Awstriýanyň «Mitro International» («Hazar» konsorsiumy) kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Şunuň bilen bir hatarda, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşen, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli iri senagat desgalaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen işler amala aşyrylýar.

Şu babatda Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň ulanylmaga berilmegi ähmiýetli waka boldy. Täsin gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň iýun aýynda geçirildi.

Zawod «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. Bu ýerde her ýyl «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işleniler hem-de iň ýokary ekologiýa talaplaryna kybap gelýän ECO-93 kysymly benziniň 600 müň tonnasy, şeýle hem 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüriler.

Senagat toplumy «Tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi hem-de Şweýsariýanyň federal tehnologiki institutynyň «Innowasion tehnologiýalar» hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak baradaky gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» diýen güwänamalaryna mynasyp boldy.

«GTG» (gas to gasoline) taslamasy Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan TIGAS tehnologiýasyna esaslanandyr. Ol ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşyklykda energiýany örän az möçberde sarp etmek we daşky gurşawa örän pes täsir etmek bilen, ýokary hilli benzin taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa «Nebit we gaz» tapgyrynda Beýik Britaniýanyň inženerler-himikler instituty tarapyndan döredilen «IChemE Global Awards 2019» diýen halkara sylagyny aldy.

EСО-93 kysymly ýangyç ulanylanda, awtoulaglardan bölünip çykýan gazlardan, kükürdiň oksidleri 50 esse, azodyň oksidleri 5 esse, uglerodyň oksidi 2 esse we uglewodorodlar 20 göterime çenli azalýar, bu bolsa zyýanly gazlaryň howa bölünip çykýan derejesini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu benzin ulanylanda, awtoulaglaryň hereketlendirijilerinde emele gelýän zyýanly ýanyk örtükleri azalyp, şolaryň tehniki taýdan hyzmat ediş dowamlylygy 2 essä çenli uzalýar.

Şeýlelikde, Ahaldaky zawod dünýä tejribesinde iň innowasion önümçilikleriň biridir. Şundan ugur alyp, şunuň ýaly toplumyň gurluşygyny amala aşyrmak maksat edinilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oktýabr aýynda Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd» we «Sojitz Corporation» kompaniýalar toparynyň arasynda degişli Ähtnama gol çekildi.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, iň täze ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar we nou-haular esasynda işleýän ylmy önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam eder. Nebitgaz ulgamynda 20-den gowrak iri desgalary gurmak we döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Geljekde Diýarymyzyň her welaýatynda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistrol, poliwinilasetat, metanol we beýleki öndürmek boýunça toplumlary gurmak maksat edinilýär. Bu ulgamda bellenen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini tizleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

2019-njy ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde resminamalaryň uly toplumyna, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi. Hususan-da, «NaPeСo» milli nebitgaz kompaniýasy bilen «LG International» kompaniýasynyň arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümlerini dünýä bazarlarynda ýerlemek üçin bilelikdäki kärhanany döretmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Bu toplumyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «TOYO Engineering Сorporation» (Ýaponiýa) gatnaşmagynda «LG International Corp» we «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan guruldy. 2018-nji ýylda ulanylmaga berlen kärhananyň önümçilik kuwwatlyklary bir ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge (olaryň 4,5 milliard kub metri degişli derejede gaýtadan işlenilenden soňra ýene gaz geçirijä goýberilýär) hem-de şonuň hasabyna ýokary dykyzlykdaky polietileniň 386 müň tonnasyny, dürli kysymly polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Koreýanyň Senagat tehnologiýalar instituty dokma sintetiki süýümleriň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiligini öwrener. Şeýlelik bilen, gaz pudagynda çig maly gazyp almakdan we gaýtadan işlemekden başlap, ýokary goşulan bahasy bolan önümleri öndürmäge we olary ýerlemäge çenli doly ulgam dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ösdürmegiň konseptual strategiýasy» işlenip taýýarlanylýar.

Bu resminamada Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklary jikme-jik seljeriler, olary has-da ösdürmegiň geljegi uly ugurlary, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan nebit önümleriniň has amatly görnüşleri kesgitleniler, şol önümleriň görnüşlerini toplumyň zawodlarynda öndürmek mümkindir.

Häzirki wagtda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynynda haýal kokslaýjy we gudrony arassalaýjy täze gurnamalaryň gurluşygy amala aşyrylýar. ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamanyň esasy wezipesi «Foster Wheeler» kompaniýasynyň tehnologiýasy esasynda gudronyň we mazudyň agyr galyndylaryny gaýtadan işlemekden ybaratdyr.

Şeýle hem bu desgada nebit koksynyň summar möçberinden başga-da, suwuklandyrylan gaz, benzin öndürmek üçin gerek bolan serişde öndüriler. Ýeňil koksly gaz şol bir wagtyň özünde dizel ýangyjyny gidroarassalaýyş boýunça desga üçin çig mal bolup durýar. Onda Ýewro-5 standartyna laýyk gelýän awtomobil ýangyjy öndüriler. Agyr koks gazy bolsa kärhanada hereket edýän katalitik desga üçin çig mala öwrülýär.

Geljekde iňňeli koksy almaga niýetlenen goşmaça ulgamyň ulanmaga berilmegi üçin desganyň täze enjamlarynyň mümkinçiliklerini doly güýjünde ulanmak göz öňünde tutulýar.

Ýakyn ýyllarda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Şolar nebitiň gaýtadan işlenilişiniň çuňlugyny 90 göterimden ýokary görkezijä çenli ýetirmäge, ýokary hilli benzinleriň, binýatlyk tehniki ýaglaryň hem-de beýleki nebithimiýa önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şulardan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň haryt-çig mal binýadyny giňeltmek baradaky taslamany oňlady. Bu taslamanyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde nebiti gaýtadan işleýän zawodda, nebit önümlerini saklamak we ýükläp ibermek boýunça Kenar kärhanasynda, şeýle hem Kerki şäherinde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň terminalynda çig maly we taýýar önümi saklamak üçin umumy göwrümi 120 müň kubmetre golaý bolan desgalaryň 19-syny gurmak maksat edinilýär.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän pudaklaýyn forumlara örän köpsanly adamlaryň gatnaşýan düzümi ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge dürli döwletleriň işewür toparlarynyň örän uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şonuň bilen birlikde, dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan ymtylmasy «Açyk gapylar» syýasaty hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky oňyn başlangyçlary bilen şertlenendir.

Maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X halkara gaz kongresi (TGС-2019) geçirildi. Oňa dünýäniň 30 döwletinden wekilleriň 450-ä golaýy gatnaşdy. Olaryň hatarynda 100-den gowrak iri nebitgaz kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri bar.

Dünýäniň gaz bazarynyň, sebit we sebitara gazulag düzüminiň geljekki ösüşi, şeýle hem gaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion tehnologiýalar we gazy gaýtadan işleýän senagatdaky taslamalar ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde daşary ýurtly işewürler bilen Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köp sanly işewür duşuşyklar geçirildi. Şolaryň barşynda ýurdumyzyň gaz senagatynyň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk tekliplere garaldy.

2019-njy ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň onuň açylyşynda belleýşi ýaly, Hazar deňziniň düýbündäki we oňa ýanaşyk çäklerdäki uglewodorod çig malynyň uly gorlary netijeli ulanylanda, kenarýaka ýurtlaryň hem-de olaryň goňşy döwletleriniň milli ykdysadyýetleriniň okgunly ösmegi üçin kuwwatly itergi bermäge, täze önümçilikleri döretmek, senagat desgalaryny gurmak üçin şertleri üpjün etmäge ukyplydyr.

«Hazaryň energiýasy sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň esasyna öwrülmelidir» diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Hazar ykdysady forumynyň aýratyn mejlisi Hazar deňzini energetika kuwwatyna bagyşlanyldy. Onuň barşynda Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna degişli pikir alyşmalary ýaýbaňlandy. Hususan-da, bu taslamany goldap, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdiler, Ýewropanyň «Edison Technologies», «MMEC Mannesmann», «Air Liquide Global E&C Solutions» kompaniýalary we Hytaýyň «SINOPEC Engineering Group» kompaniýasy ony durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, konsorsium Hazar deňziniň düýbünden uzynlygy 300 kilometr bolan gaz geçirijini çekmäge, zerur mukdarda gaz guýularyny burawlap doly taýýar etmäge, gaz geçirijini arassalanan gaz bilen üpjün edip biljek gazy arassalaýjy zawodlaryň hem-de gysyjy beketleriň we ähli degişli düzümleriň taslamalaryny düzmäge we gurmaga taýýardyr.

Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar sergisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazanan üstünlikleri görkezildi. Gözden geçirilişiň işleýän wagtynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy söwdalary geçirip, şolarda umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna barabar bolan nebitgazhimiýa önümlerini satyn almaga geleşikler baglaşyldy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT) atly halkara sergi we maslahat, däp bolşy ýaly, energetika pudagynda tejribe alyşmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda forum 24-nji gezek geçirilip, Aşgabatda görnükli alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň we abraýly guramalaryň, Ýewropanyň, Aziýanyň hem-de Amerikanyň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň we ugurdaş edaralarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Ýöriteleşdirilen sergide uglewodorod çig malyny gözlemek, gazyp almak we ugratmak, çuňňur burawlamak, ozalky bar bolan turbageçirijileri döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatda önümleriň we hyzmatlaryň giň gerimi hödürlenildi. Hazarda taslamalary amala aşyrmak üçin zerur bolan kenar düzüminiň kemala getirilmegine aýratyn üns berildi.

Maslahatyň gün tertibine energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy ýagdaýlar, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmek üçin nebit we gaz känlerinde gazyp almak işlerini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meseleler girizildi.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, transmilli turbageçiriji taslamalar, gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudagyň ileri tutulýan ugurlary, uglewodorod çig malyny çuňňur gaýtadan işlemek baradaky meseleler umumy mejlisleriň esasy ugurlarynyň hatarynda durdy.

Fewral aýynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Petrotech —2019» atly halkara nebitgaz maslahatynyň we sergisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Bu foruma dünýäniň iri kompaniýalaryny Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary, şol sanda Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdyrmak üçin «Türkmengaz» döwlet konserni gatnaşdy.

Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň jemlerine we 2020-nji ýylyň wezipelerine bagyşlanyp 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ösdürilmeginiň we döwrebaplaşdyrylmagynyň, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça täzeçil önümçilikleriň döredilmeginiň, eksport kuwwatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň köpugurly turba geçiriji arkaly energiýa serişdeleriniň kemala gelmeginiň Diýarymyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy ugurlarydygyny belledi.

Şoňa görä-de, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak, gaýtadan işlemek we täze ýataklary özleşdirmek boýunça taslamalar amala aşyrylmalydyr. Ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň täze turbageçirijiler arkaly eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur işler amala aşyrylmalydyr.

Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm taslamasynyň gurluşygyny işjeň dowam etmek zerurdyr. Täze gazy gaýtadan işleýän kärhanalary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirilmelidir diýip. milli Liderimiz belledi.

Mahlasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan ýurdumyzy ýakyn geljek üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de onuň möhüm düzüm bölegi bolan nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky strategiýanyň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, onuň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat eder.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm