Täzelikler

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

15.02.2020
1581786230
Şu gün Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökd...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

14.02.2020
1581706807
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Maliýe — ykdysadyýet ulgamy

13.02.2020
1581620231
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar as...
  • Image
  • Image

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy

12.02.2020
1581531994
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň energetika syýasaty ýan...

Daşkentdäki çempionatda ökdeler öňe saýlanýar

11.02.2020
1581442442
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça halkara raýdaşlyk çempionatynyň nobatdaky gü...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika

10.02.2020
1581362801
2019-njy ýylda köp sanly desgalaryň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik...
  • Image
  • Image

Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

07.02.2020
1581101387
Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň...

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy we welaýatlary ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

06.02.2020
1581014957
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda ...



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Maliýe — ykdysadyýet ulgamy


Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçen, 2019-njy ýylyň makroykdysady netijeleri Garaşsyz, berkarar ata Watanymyzyň agrar ýurt bolmagyndan senagat taýdan ösen döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol özgertmeler mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Diýarymyz Garaşsyzlygynyň 28-nji ýylynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda mazmuny çuňňur beýan edilen syýasy ýörelgäni amala aşyryp, maliýe durnuklylygyny, durmuş ulgamy bilen birlikde, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegi başardy.

Bu ýagdaý şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde tassyklandy. Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha berip, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan käbir meseleleriň geosyýasatda we ykdysadyýetde dartgynlylygyň artdyrmagyna garamazdan, uly üstünlikler gazanylandygyny nygtady hem-de dürli pudaklardaky ösüşiň görkezijilerini aýdyň mysal hökmünde getirdi.

Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty we umuman, düýpli özgertmeleriň baş ugrunyň netijesinde mümkin boldy. Şol özgertmeleriň özeninde ylmy çemeleşme, hojalygy sowatly dolandyrmak we ýurduň ägirt uly mümkinçiligini doly hem-de ählitaraplaýyn amala aşyrmaga ýardam berýän strategik meýilleşdirme ýaly möhüm ugurlar durýar.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde geçen ýylyň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän esasy makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň ösüşini görkezip bolar. 2019-njy ýylda bu görkeziji 6,3 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,1 göterime, söwdada 14,2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 göterime barabar boldy.

Ykdysady özgertmeleri geçirmekde ýurdumyzyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda bolan hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleri goldamaga tehniki taýdan kömek berýän Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň pikirine görä, bu görkeziji dünýäde iň ýokary görkezijileriň biridir hem-de Merkezi Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň arasynda iň ýokary görkezijidir.

Beýleki statistiki maglumatlar barada aýdylanda, döwlete degişli bolmadyk ulgamyň oňyn netijelerini bellemek gerek. Umuman, önüm öndürmek ulgamynda 65,3 göterim hususy işewürligiň paýyna düşýär. Görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, önümleriň eksporty 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 4,6 göterim köpeldi hem-de 9 milliard manatdan hem agdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan býujet syýasaty ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdejileriň çykdajylardan agdyk ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hakyky ýagdaýlar göz öňünde tutulyp düzülýändigini, onda pul serişdeleriniň has oýlanyşykly, maksatlaýyn ulanylmagynyň nazara alynýandygyny bellemek möhümdir.

2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde getirilen maglumatlar munuň subutnamasydyr. Şonda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 100,6 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 99,9 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.

Bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyryndaky şertlerde ilatyň durmuş goraglylygy aýratyn gözegçilikde durýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Döwlet býujetiniň köp möçberdäki maýa goýumlary (her ýyl 70 göterimden gowrak) ýangyç-energetika, obasenagat ýaly ileri tutulýan toplumlar, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly pudaklar, ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümleri bilen bir hatarda, «akylly ulgama» — bilime, ylma, saglygy goraýşyň, medeniýetiň, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirildi.

Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokary derejesiniň saklanylmagy syn berilýän ýylda durmuş strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, 2019-njy ýylda döredilen 11 müň iş orny munuň subutnamasydyr.

Bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin zerur bolan ýagdaýlar halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň ýokary depgininiň, maýa goýum işjeňliginiň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Ykdysady özgertmeleriň geriminiň artyşyna görä, zähmet bazary kemala gelýär. Ol bolsa adamyň öz ukybyny islegine görä peýdalanmagyna degişli hukugyna esaslanandyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işçi güýjüni netijeli peýdalanmak boýunça çäreleriň görülmegini, iş üpjünçilik meselesiniň çözülmegini, ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmagy üçin şertleriň döredilmegini 2020-nji ýyl üçin ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Diýarymyzyň gülläp ösüşine şaýatlyk edýän ýene-de bir möhüm görkeziji türkmenistanlylaryň hakyky girdejileriniň ýokarlanmagyna degişlidir. Ol aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň her ýyl ýokarlandyrylmagynyň, şeýle hem döwletiň oýlanyşykly baha syýasatynyň, hususy başlangyçlary goldamagyň hem-de beýleki çäreleriň hasabyna üpjün edilýär. Şu babatda geçen ýylyň her bir ýylda bolşy ýaly bolandygyny — ortaça aýlyk iş hakynyň 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, görnetin köpelendigini bellemek gerek.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň netijelerini jemläp, 2020-nji ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetiniň sazlaşykly häsiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi. Onda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini nobatdaky gezek 10 göterim artdyrmak göz öňünde tutuldy.

Durnuklaşdyryş gaznasynyň ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyna oňyn täsir edýändigi gürrüňsizdir, onuň serişdeleri ileri tutulýan maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Bu bolsa oňaýsyz daşarky ýagdaýlaryň halk hojalyk toplumynyň käbir ulgamlaryna täsirini peseltmäge mümkinçilik berýär, iş öndürijiliginiň artmagyny hem-de hojalygy dolandyrmagyň innowasion usullaryna geçilmegini üpjün edýär. Ätiýaçlandyryşa hem örän uly üns berilýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklarynda bu ulgamyň ösdürilmegi hakyky zerur şerte öwrülýär. Geçen ýyl, ozalky ýyllarda bolşy ýaly, bu ulgamy düzgünleşdirýän öňki hereket edýän kadalar we düzgünler täzelenildi.

Ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek maksady bilen, 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlary bilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy bilen baglanyşykly zeleliň agyrlyk derejesine baglylykda, tölemäge degişli bolan ätiýaçlandyryş bahasynyň (ätiýaçlandyryş öwezini dolmak) möçberini kesgitlemegiň düzgüni; ýokary töwekgelçilikli şertleri bolan önümçiliklerde işleýän işgärleriň, önümçilikdäki heläkçilikli wakalardan we hünär sebäpli kesellemelerden işgärleriň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda düzgünnama tassyklanyldy.

Býujet-karz ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler yzygiderli ykdysady ösüşe hem-de düzümleýin we durmuş meseleleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Maliýe ulgamynyň durnuklylygy milli pulumyz bolan manadyň durnuklylygyny, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynyň arasynda pul serişdeleriniň çeýe, oýlanyşykly paýlanylmagyny, maýa goýum işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi.

2019-njy ýylyň esasy wakalarynyň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» tassyklanandygyny, şeýle hem sanly ykdysadyýete geçmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilip başlanandygyny bellemek gerek. Şol maksatnamalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şol maksatnamalaryň her biri strategik ugurlar boýunça hereket etmegiň anyk meýilnamalaryny özünde jemleýär hem-de pudaklaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýär. Bu resminamalaryň kabul edilmegi bilen köp derejeli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.

Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnamalaryň we konsepsiýanyň möhüm ugurlaryna, şeýle hem eýýäm geçirilen hem-de meýilleşdirilen işlere gysgaça syn berilse, ýerlikli bolardy.

Ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu resminamalarda kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipelerden ugur alyp, 2020-nji ýylda maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň öňündäki işleriň möhüm ugurlaryny kesgitländigini bellemek wajypdyr.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz pudaklary depginli ösdürmegiň we sanly ulgama geçirmegiň, diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň durnukly ýokary ösüş depginini saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna gözegçiligiň güýçlendirilmegine, içerki bazaryň eksport önümlerine bolan baglylygyny azaldyp, onuň giňeldilmegine aýratyn üns çekdi.

Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ulgamlaryna uly möçberdäki pul serişdeleriniň maýa goýulmagy, möhüm pudaklaryň döwrebap tehnologik ýagdaýa getirilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda agzaldy. Diýmek, iri maýa goýumlary kompýuter tehnikalarynyň önümçiliginiň, gurluşyk senagatynyň, deňiz we demir ýol ulaglarynyň, oba hojalygynyň we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ösdürilmegine, ylmy-barlag hem-de tejribe-konstruktorçylyk işlerine gönükdirilmelidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, banklar güýçli depgin bilen ösýär. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösmeginde hem-de bähbitli şertlerde dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynda banklara aýratyn orun berilýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen statistiki maglumatlara görä, bu ulgamda oňyn görkezijiler gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bank ulgamynyň esasy wezipeleri puluň hümmetsizligini kesgitlenen derejede saklamakdan, pul toplumyny düzgünleşdirmek we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleriniň zerur mukdary bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýediýyllyk maksatnamasynyň esasy düzgünlerine gaýdyp gelip, 2020-nji ýylda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri goldamagyň hasabyna senagat we hyzmat ediş ulgamlarynyň düzümleýin özgerdilmegi dowam etdiriler. Şunda pes goşulan bahasy we ylmy-tehniki derejesi bolan senagat önümlerini çykarmakdan goşulan baha üçin salgydy ýokary bolan harytlaryň öndürilmegine geçilmegi göz öňünde tutulýar.

Hususylaşdyrmak arkaly döwlet eýeçiligindäki desgalary azaltmak hem-de şolary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça işleriň işjeňleşdirilmegi hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, dolandyryş we önümçilik ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy ylmy hem-de tehnologik gazananlaryny ulanmak maksat edinilýär.

Şeýle-de dolandyryş ulgamynyň täzelenilmegi göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň binýadynda önümçilik toplumlarynyň işiniň üýtgedilip guralmagy ykdysadyýetiň täze nusgasyny döretmek üçin esas bolup hyzmat eder.

Halkara derejede köpugurly we özara ysnyşykly işlemek kärhanalara iri bazarlara çykylmagyna ýol açýar, olara öz hususy maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekden alynýan girdejilerden doly möçberde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şu ýagdaýlar nazara alnyp, maksatnama marketing strategiýasyna üýtgeşmeleriň girizilmegi bilen baglanyşykly çäreler goşuldy.

Milli Liderimiz döwlet çykdajylarynyň azaldylmagyny hem-de hususy ulgamyň we daşary ýurt şereketleriniň maýalaryny çekmek üçin mümkinçilikleriň ýokarlandyrylmagyny möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin maýa goýumlaryň täze görnüşleriniň, hususan-da, döwlet bilen işewür-jemgyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hasabyna maýa goýumlaryň täze görnüşleriniň işlenilip taýýarlanylmagy alnyp baryldy.

Elektroenergetika, nebiti we gazy gazyp almak hem-de gaýtadan işlemek, elektronika, senagat, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, syýahatçylyk ýakyn geljek üçin ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji hökmünde esasy pudaklaryň hatarynda kesgitlenildi.

Eger, garaşylýan netijeler barada aýdylsa, Prezident maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň şu görkezijileri — 2025-nji ýyla Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 8,2 göterime, jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýynyň 33,8 göterime, oba hojalygynyň paýynyň 8,9 göterime, gurluşygyň paýynyň 11,5 göterime we hyzmatlar ulgamynyň paýynyň 45,8 göterime deň bolmagyny gazanmaga mümkinçilik berjekdigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň güýçlendirilmeginiň, önümçilik kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň, ýokary derejeli milli önümleriň görnüşleriniň giňeldilmeginiň ýerli çig-mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, şolaryň gaýtadan işlenilişini artdyrmak hem-de ýokary goşulan bahasyny döretmek arkaly üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşary ýurtlaryň şonuň ýaly önümlerinden pes bolmadyk harytlaryň hili ileri tutulmalydyr.

Ýediýyllyk maksatnamany durmuşa geçirmek üçin hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmak, telekeçiligi, şeýle hem Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary hem-de örän amatly ýerleşmegi, geosyýasy ýagdaýlar bilen şertlenen ulanylmaýan ätiýaçlyklary we mümkinçilikleri işjeň çekmek maksat edinilýär.

Milli Liderimiziň görkezmesi boýunça Türkmenistanyň sebitlerini öz aralarynda hem-de serhetdeş döwletler bilen birikdirjek ýörite ykdysady zolaklaryň we geçelgeleriň kemala getirilmegine, daşarky bazarlara çykalgasy bolan ösen ulag-logistika düzümli senagat toplumlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakyn döwürde ýurdumyz boýunça esasy maýa meýilleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 229,3 milliard manada barabar bolmagy çaklanylýar. Şonça möçberdäki puluň 91,3 göterimi ýa-da 209,2 milliard manady önümçilik ulgamyna gönükdiriler. Şu maýa goýumlarynyň özleşdirilmegi häzirki zaman kärhanalary açmaga hem-de täze iş orunlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Orta möhletli geljekde bölek haryt dolanyşygynyň mukdarynyň depginli artmagyna garaşylýar. Bilermenleriň berýän bahasyna görä, bu görkeziji 2025-nji ýylda 81 milliard manada deň bolup, 2019-njy ýyl bilen (62,7 milliard manat) deňeşdirilende, 29,1 göterim ösüş gazanylar. Döwlete degişli bolmadyk ulgamyň söwdadaky paýy 91 göterime ýeter.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň giň görnüşleri öndürilýär. Şolar içerki azyk bolçulygyny üpjün edýär hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçiligi kemala getirmek, Türkmenistanyň eksport ýörelgesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.

Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda Diýarymyzda sarp ediş harytlarynyň önümçiligi pul görnüşinde 16,1 milliard manada ýeter hem-de 2019-njy ýylyň degişli görkezijisi (13,2 milliard manat) bilen deňeşdirilende, 22,2 göterim artar.

Öňümizdäki ýediýyllyk döwürde daşarky söwdanyň umumy mukdarynyň 135,2 milliard amerikan dollaryna, şol sanda onuň eksport düzüminiň 84,1 milliard dollara, importynyň bolsa 51,1 milliard dollara deň bolmagyna garaşylýar. Hünärmenler ozalky ýyllaryň statistiki maglumatlarynyň ösüş seljermelerine, çaklama görkezijilerine hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň bar bolan anyk serişdelerine daýanyp, bellenen borçnamalaryň her ýyl üpjün ediljekdigini nygtaýarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan özgertmek boýunça amala aşyrylýan Milli maksatnamanyň çäklerinde ozal bina edilmegi göz öňünde tutulan birnäçe täze desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň möhletlerine täzeden garalmagyny ýokarda agzalan maksatnamanyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.

Ine, 2019 — 2025-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň edaralary, ýaşaýyş jaýlary, düzümleýin desgalar bilen birlikde, dürli maksatly binalary gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Şu maksatlar üçin 9976,7 million manat möçberde (şol sanda Ahal welaýaty boýunça 1944,3 million manat, Balkan welaýaty boýunça 1244,1 million manat, Daşoguz welaýaty boýunça 2907,3 million manat, Lebap welaýaty boýunça 1851,3 million manat we Mary welaýaty boýunça 2029,7 million manat) maýa goýumlary gönükdiriler.

Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistanda ilatyň durmuş hal-ýagdaýy has ýokary derejä göteriler, bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesidir.

Gürrüňimizi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýyl üçin ykdysady toplumyň edaralarynyň öňünde obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2025-nji ýyla çenli döwür üçin täze Milli maksatnamany taýýarlamak boýunça wezipäni goýandygyny bellemek gerek. Onda kesgitlenilen çäreleri durmuşa geçirmäge maýa goýumlaryň uly möçberleri gönükdiriler.

Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, 2019-njy ýylda sanly ykdysadyýet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna badalga berildi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda bu ugurdaky işleriň ähmiýeti barada aýdyp, hökümetiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni ählumumy ýagdaýlara hem-de ähli derejelerde halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine jemledi.

Ýurdumyzyň geljekki ösüşleri daşarky ýagdaýlaryň güýçlenmegi: dünýä hojalyk gatnaşyklaryna has-da goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi, ylmy-tehniki ösüş bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ylalaşykly çözgütleriň işlenilip taýýarlanylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Döwrebap tehnologiýalaryň artykmaçlygy ähli döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň durmuş syýasatyna girizilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde hem aýdyň bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda telelukmançylyk tehnologiýalaryny, onlaýn-bilimi hem-de uzak aralykdan okatmak, elektron hökümet ulgamlaryny we beýlekileri ösdürmäge uly üns berildi.

Hojalyk, önümçilik, dolandyryş işleriniň sanlaşdyrylmagy eýýäm ýakyn geljekde «akylly» şäheri döretmäge mümkinçilik berer, ilatyň şolara bolan hajatlary doly we dessin kanagatlandyrylar. Täze tehnologiýalar goşmaça iş orunlaryny döretmäge, mysal üçin, kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary ulgamynda döretmäge ýardam eder. Şu ýagdaýy nazara almak bilen, geçen ýyl ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ozaly bilen, sanly ykdysadyýetde taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berildi.

Sanly we ykjam hyzmatlara ählumumy elýeterliligi üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze görnüşde — sanlylaşdyrma derejesinde islendik ýurduň ösüşiniň esasyny düzýän sebitleri özgertmek bilen gös-göni bagly bolan wezipäni öňde goýýar.

Milli Liderimiz 2019-njy ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şol meseläniň çözgüdiniň ýerleriň tebigy-serişde mümkinçiliklerine hem-de şolaryň yzygiderli ösüşine, ilatyň artyşyna hem-de iş bilen üpjünçiligine, ilatyň durmuş derejesine bagly bolup durýandygyny belledi.

Geçen ýylyň jemleriniň görkezişi ýaly, halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, ylmy işleri önümçilige ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirildi. Şunda ähli bellenilen meýilnamalar IT-tehnologiýalaryny peýdalanmak, täze düzümleri döretmek arkaly ýerine ýetirildi.

Konsepsiýada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň dürli ministrlikleri, edaralary, banklary, agentlikleri, şeýle hem telekeçileri maddy-enjamlaýyn binýady berkitmek, ilata hödürlenýän hyzmatlary Internet ulgamyna ornaşdyrmaga, milli töleg ulgamy arkaly onlaýn-düzgünde söwda etmäge mümkinçilik berýän ulgamlaýyn platformalary döretmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirdiler.

Şeýle maksatnamalaryň esasy artykmaçlygy — umumy elýeterlilik we ulanmaga amatlylygy bolup durýar. Daşary döwletleriň tejribesini öwrenýän hem-de dünýäde giňden ýaýran we öz netijeliligini subut eden döwrebap tehnologiýalary bazara getirýän ýurdumyzyň işewürleriniň işleri aýratyn bellärliklidir.

Şu ýerde «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň işini bellemek gerek. Olaryň işläp taýýarlan QR-kodlarynyň kömegi bilen töleg usuly ykjam telefonlarynyň eýelerine optiki nyşanlary göçürip, nagt däl görnüşde hem-de bank kartlarynyň kömegi bilen islendik harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet edaralarynda we pudaklarynda intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy önümçiligi guramak hem-de şolary dolandyrmak işini düýpli özgerdýär. Şunuň bilen baglylykda, maglumat howpsuzlygy babatda milli ölçegleri we usullary işläp taýýarlamak, şol sanda halkara standartlary hem-de tehniki düzgünleri bilen utgaşdyrmak wezipesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy wezipeleriniň biri hökmünde öňe sürüldi.

Synymyzy dowam etmek bilen, 2019-njy ýylda Kiberhowpsuzlyk hakynda Kanunyň öz wagtynda kabul edilendigini bellemek gerek. Ol ýurdumyzyň özygtýarlylygyny, bähbitlerini goramaga, ulgam howpsuzlygynyň wehimleriniň öňüni almaga, jemgyýetçilik düzgün-tertibini, edaralaryň hem-de raýatlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz üçin düýbünden täze pudagyň — kompýuter önümçiliginiň peýda bolmagy «sanly» Türkmenistanyň kemala gelmegi hem-de ykdysadyýetiň hajatlarynyň öz maglumat tehnologiýalarymyz arkaly üpjün edilmegi bilen baglylykda bu wezipä örän möhüm häsiýet berýär.

Degişli ugruň döremegi Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Kompýuter tehnologiýalary merkezi» tarapyndan «Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.», «Tongfang Hongkong Limited» hytaý kompaniýalary bilen bilelikde esaslandyrylan «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň işi bilen baglydyr.

2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şol kärhana tarapyndan çaga kompýuterleriniň 80 müňüsi öndürildi. Şolara ýüklenen programma tälim beriji wezipeleriň 198-sini ýerine ýetirýär hem-de kompýuterde türkmen, rus we iňlis dillerinde işläp bolýar.

«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy ilkibaşda döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça öňde goýan wezipelerini çözmegi ugur edindi. Häzir ikinji ugur — bar bolan harytlyk nyşanlarynyň reeksport ugry peýda bolýar. Beýle diýildigi milli nyşanly kompýuterleriň goňşy ýurtlara hem iberiljekdigini aňladýar, çünki şol kärhana Merkezi Aziýa sebitinde şeýle zawodlaryň ýeke-täk görnüşi bolup durýar.

Şeýle hem kärhana programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça «Microsoft» iri transmilli kompaniýasy hem-de elektron enjamlaryny we kompýuter ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän öňdebaryjy «Intel» bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Olar eýýäm Gazagystandaky, Özbegistandaky, Täjigistandaky, Owganystandaky sargytçylaryna kompýuterleri Türkmenistandan satyn almak barada maslahatlary berdiler.

Mundan başga-da, geçen ýylyň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabadyň çäginde döwlet söwda nokadynyň merkezleşdirilen ulgamyny döretmek boýunça işler geçirildi. Ol onlaýn düzgüninde harytlaryň hereketine elektron gözegçiligini amala aşyrmaga, ýagny harytlaryň ammarlara gelip gowuşmagy, dükanlara çykarylmagy, alyjylara satylan möçberiniň we galan böleginiň hasabyny ýöretmäge kömek edýär.

Alyjylar üçin amatly bolar ýaly Internetde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň her bir dükany barada, şolaryň salgylaryny, aragatnaşyk maglumatlaryny, harytlarynyň görnüşleri, şol sanda hil görkezijileri, harydyň öndürilen senesi hem-de ýeri, gaby, ulanyş möhleti we beýlekiler barada maglumat berýän ýörite saýt döredildi. Saýtda harydy eltip bermek bilen buýurmany resmileşdirmek, sowal-jogap görnüşinde goşmaça maglumatlary almak bolýar. Bu ulgam içerki bazardaky islegi öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Elektron haryt dolanyşygy ulgamynyň we alyjylar üçin täze hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy söwda işgärleriniň zähmet öndürijiligini hem-de raýatlarymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda öndürilýän harytlar barada elýeterli maglumatlar, söwdalar hakynda ygtybarly seljermeler türkmen önüm öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge hem-de eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmagyň iki ugruny — ykdysady we durmuş ugurlaryny hemişe ileri tutýar. Elektron demir ýol peteklerini satyn almak boýunça işe girizilen hyzmaty mysal hökmünde görkezmek bolar. Häzir bilelikdäki kärhana tarapyndan iň gowy dünýä tehnologiýalaryny ýerli şertlere uýgunlaşdyrmagyň esasynda «Türkmenhowaýollary» agentliginde işler awtomatlaşdyrylýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady, maliýe-bank ulgamynda sanlaşdyrmagyň taslamalary, salgyt gullugy üçin elektron hyzmaty işlenip taýýarlanylýar. Şonuň bilen bir hatarda, sanly ulgamlara hyzmat etmek, şol sanda Politehniki orta hünär okuw mekdebinde işgärleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar, şol ýerde bilim bermegiň iň gowy dünýä usullary ornaşdyrylýar.

Giň gerimli özgertmeleriň hukuk esaslaryny kemala getirmek öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy şertleriniň biridigini bellemek gerek.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň hem-de bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmaga hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Ýokarda bellenilişi ýaly, maýa goýumlarynyň, şol sanda daşary ýurt maýalarynyň çekilmegi ady agzalan maksatnamalary we konsepsiýalary üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurtly işewürlik-düzümleriň maýalaryny, öz ýurdumyzyň serişdelerini çekmek, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän döwrebap kärhanalary açmak üçin amatly hukuk, maliýe we beýleki şertleri kanunçylyk derejesinde döretmek uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Hususy telekeçiligi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň we döwlete degişli däl böleginiň sazlaşykly işini gazanmak döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda Kanunyň taslamasyny taýýarlamak ýurdumyzyň Mejlisiniň işiniň esasy ugry hökmünde kesgitlenildi.

Býujet-salgyt we pul-karz gatnaşyklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna kybap getirilmegine berilýän uly ünsi nazara almak bilen, 2019-njy ýylyň dowamynda bu ugurda kadalaşdyryjy namalar kämilleşdirilip, bank işini düzgünleşdirýän kanunlaryň seljermesi geçirildi.

Synymyzy dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy we üýtgewsiz ugry bolan ykdysady diplomatiýany ösdürmek meselesi barada durup geçeliň.

Mälim bolşy ýaly, şol adalga bilen jemgyýetçilik hem-de telekeçilik düzümlerini, häzirki zaman ykdysady, syýasy bilimlerini, hukuk ylymlaryny we gurallaryny, diplomatiýanyň usullaryny hem-de görnüşlerini çekmek, dünýä giňişliginde milli bähbitlerimizi amala aşyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gurallary peýdalanmak bilen, döwlet edaralarynyň alyp barýan işlerine düşünilýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny işjeňleşdirip, dünýäniň dürli döwletleri hem-de esasy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerini ep-esli giňeldendigini nygtamak gerek. 2019-njy ýylda hem, ozalky döwürlerde bolşy ýaly, netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda sebitiň we GDA-nyň ýurtlary bilen giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Umumy gymmatlyklara esaslanan hem-de bir bitewi maksatlar we wezipeler bilen birleşen hyzmatdaşlygyň görnüşini işläp düzmek dünýäniň ykdysady ulgamynyň durnuklylygynyň esasy şerti bolup durýar. Häzir Türkmenistan hut şol nukdaýnazardan ugur almak bilen, bu işe gatnaşmaga hem-de toplanan oňyn tejribesini alyşmaga taýýardygyny iş ýüzünde görkezýär.

2019-njy ýylyň awgustynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üstünlikli geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini aýdyň mysal hökmünde bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi ösüşiň häzirki işlerini düýpli seljermegiň, möhüm geosyýasy we geoykdysady giňişlik hökmünde Hazaryň şolarda eýeleýän ornunyň we ähmiýetiniň netijesine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, häzirki döwürde bu ýerde diňe bir kenarýaka ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki döwletleriň hem bähbitleri jemlenendir. Şol bähbitler bolsa Hazar sebitiniň uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, yklym möçberindäki ulag-üstaşyr merkezi, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly çäk bolup durýandygy bilen şertlendirilendir.

Ýeri gelende ýatlasak, forumyň baý mazmunly maksatnamasy çäreleriň — iş duşuşyklarynyň we gepleşikleriň ençemesini, hökümetara mejlislerini, ministrler derejesindäki maslahatlary, işewürler maslahatlaryny, bilermenler geňeşmelerini, mowzuklaýyn maslahatlary hem-de beýlekileri öz içine aldy.

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi hem-de «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisi örän ajaýyp çärelere öwrülip, şolaryň çäklerinde Diýarymyzyň hem-de Hazarýaka döwletleriň we olaryň hyzmatdaşlarynyň ykdysadyýetleriniň dürli pudaklarynyň gazanan üstünlikleri we kuwwaty görkezildi. Ägirt uly sergi täze tehnologik işleri peýdalanmak, hyzmatdaşlygy ýola goýmak we berkitmek boýunça tejribe alyşmak üçin netijeli çäre bolup hyzmat etdi.

Şonuň bilen bir hatarda, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça ygtyýarly edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň ähmiýetini bellemek gerek.

Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasyndaky Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän orny, sanly ykdysadyýet we aýratyn ykdysady zolaklar babatda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri, bilelikdäki maýa goýum taslamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Hazar deňzinde işleýän hökümetleriň, degişli ykdysady edaralaryň hem-de işlemäge gyzyklanma bildirýän işewürlik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklar üçin guraly döretmegiň wagty geldi. Hazarýaka döwletleriň her biriniň ykdysady isleglerini beýan edýän «Bilelikdäki ösüş arkaly durnuklylyk» çemeleşmesi hyzmatdaşlygyň oňaýly görnüşi hökmünde seçilip alyndy.

Hut şonuň üçin dünýäniň geosyýasy işleriniň ösüşiniň häzirki döwründe sebit hyzmatdaşlygyny diňe ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň guraly hökmünde däl-de, eýsem, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde möhüm ýagdaý hökmünde sebit hyzmatdaşlygy berkitmek uly ähmiýete eýe bolýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýörite, erkin ykdysady zolaklaryň (EYZ) döredilmegine we ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Olar häzirki wagtda dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi Hazarýaka döwletleriň milli ykdysadyýetleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de ahyrky netijede, ýurtlaryň gülläp ösmegine we olaryň halklarynyň abadançylygyna ýardam edýär. Bu mesele hem ady agzalan duşuşygyň gün tertibine girizildi.

Şu ýerde Türkmenistanda bu ugurda görülýän çäreler barada belläp geçmek ýerlikli bolar. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanan degişli Konsepsiýanyň amala aşyrylmagy bar.

Geçirilýän işler içerki bazary harytlar bilen doldurmaga, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga, döwrebap bazar düzümini kemala getirmäge, býujete gelip gowuşýan gyzyl puluň artmagyna hem-de tehnologiýalaryň we dolandyryş nou-haularyň alşylmagyna, çekilýän daşary ýurt maýalarynyň artmagyna ýardam edýär.

Geçen ýylyň ýene-de bir möhüm wakasyny — 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisini ýatlamak gerek. Forumyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna, Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmegiň meselelerine garaldy.

GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň taslamasy üns merkezinde boldy, ony işläp taýýarlamak başlangyjy milli Liderimize degişlidir. Şol resminama 2019-njy ýylyň oktýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça kabul edildi.

Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de beýlekiler bilen işjeň gatnaşyklar dowam etdi. Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi milli maliýe bank ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegini, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlaryny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň tassyklanylmagy bu babatda ähmiýetli waka boldy.

Maksatnamany işläp taýýarlamak zerurlygy dünýäniň maliýe-ykdysady giňişliginde ata Watanymyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen şertlendirildi. Abraýly maliýe düzümleri, ykdysady taýdan ösen we ösýän döwletler hem-de öňdebaryjy tejribä we innowasion tehnologiýalara eýe bolan iri kompaniýalar bilen gatnaşyklary giňeltmäge, halkara giňişliginde eziz Diýarymyzyň abraýyny pugtalandyrmaga hem-de ykdysadyýeti batly depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen wezipeleriň derwaýyslygy şoňa esas bolup hyzmat etdi.

Maksatnamada eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi höweslendirmek üçin maliýe-ykdysady, dolandyryş we hukuk gurşawyny kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy.

Resminamada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, abraýly halkara guramalar tarapyndan giň goldawa eýe bolan başlangyçlaryny we tekliplerini, şol sanda birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary netijeli amala aşyrmak boýunça çäreler bellenildi.

Maksatnamada daşary ykdysady işleri ösdürmek üçin anyk ädimleriň hatarynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna daşary ýurt maýalaryny çekmek, ýurdumyzda bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalaryny gurmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek wezipeleri kesgitlenildi.

Şonuň bilen birlikde, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň işini innowasion esasda ýola goýmagyň, ýokary hilli we arzan önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmagyň zerurlygyna üns berilýär.

Şeýlelikde, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýyl biziň döwletimiz üçin täze innowasiýalaryň, ösüşiň we rowaçlygyň täze döwri bolar. Şunda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen maýa goýum we ylmy-tehnologiýa hyzmatdaşlygy ýaly gurallar hem-de usullar aýratyn zerur bolar.

Seljerme synymyzyň netijelerini jemlemek bilen, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny bellejek şanly ýylynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urjakdygyny bellemek gerek.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image