Täzelikler

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy

07.04.2020
1586204841
1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýi...

Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň geljegi wideokonferensiýalar görnüşinde ara alnyp maslahatlaşyldy

06.04.2020
1586201689
Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň iri halk hojalyk pudaklarynyň wekillerini...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

03.04.2020
1585947226
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň g...

Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň maslahaty

01.04.2020
1585762131
Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýa...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi

31.03.2020
1585681344
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler

29.03.2020
1585502644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, ekişe ýurdumy...

Spanbonddan meltblauna çenli: Türkmenistanda islegli dokalmaýan materiallar öndürilýär

27.03.2020
1585330029
«Тürkmen senet» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup täze görnüşli dokalmaýan material – spanbond çykarmagy özl...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26.03.2020
1585250759
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...



Telekeçiligi goldamak - ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti


Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralynda geçirilen mejlisinde çykyş edip, hususy bölegiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary esaslarynda ösdürilýär, halk hojalygy toplumynyň bu ugrunyň netijeli we okgunly ösdürilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilendir. Munuň özi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karz syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Bu çäreleriň ählisi 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulandyr. Bu maksatnama Türkmenistanda telekeçilik işini höweslendirmek arkaly ykdysady ösüşi we durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Hususy bölegiň harytlaryň öndürilýän we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmagy hem-de ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Ýakynda, fewral aýynyň başynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň desgalar toplumy bina edilende we enjamlaşdyrylanda zerur bolan enjamlary, tehnikany we gurluşyk serişdelerini daşary ýurtlardan satyn almak üçin döwlet serişdelerinden ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryna golaý pul serişdesini bölüp bermek hakynda resmina gol çekdi.

Ýurdumyzyň telekeçileri gurluşyk pudagynda işewürligi ösdürýärler hem-de bu ugurda has iri şertnamalary baglaşýarlar. Olar iri desgalary, şol sanda Aşgabatda tutuş ýaşaýyş jaý toplumlaryny, kaşaň myhmanhanalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sport we dynç alyş merkezlerini, senagat we gaýtadan işleýän kärhanalary gurýarlar.

Ozal döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat-Türkmenabat awtobanyň gurluşygy üçin ABŞ-nyň 2,3 milliard dollaryny, Lebap welaýatyndaky Düýbi gatan kaliý dökünleri käninde Magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy üçin 600 million dollary bölüp berdi. Bu mysallar ýurdumyzda telekeçilik hereketini ösdürmäge gönükdirilen diňe käbir maglumatlardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan Hökümet mejlisinde telekeçi — fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen karz ylalaşygyna gol çeker, bu gazna ABŞ-nyň 10 million dollaryny bölüp berer.

Bu serişdeleriň hasabyna ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň birnäçe taslamalary maliýeleşdiriler, olaryň önümleri eksporta hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilige ugrukdyrylandyr.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine öz uly goşandyny goşmak bilen, halkara maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, olardan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy böleginde amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini alýar. OPEK Halkara ösüş gaznasy şeýle edaralaryň biridir.

OPEK Halkara ösüş gaznasy 1976-njy ýylda döredilen halkara maliýe guramasydyr. Alžir, Ekwador, Gabon, Indoneziýa, Eýran, Yrak, Kuweýt, Liwiýa, Nigeriýa, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Wenesuela bu guramanyň agzalary bolup durýarlar.

Bu guramanyň esasy maksady dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr. Gazna dünýäniň 134 döwleti bilen hyzmatdaşlyk edýär, dürli ýurtlaryň hökümetlerine döwlet taslamalary we hususy bölegiň taslamalary, söwda işini maliýeleşdirmek, grantlary bermek üçin maliýe serişdelerini bölüp bermek onuň esasy amallarydyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hususy telekeçiligiň ösdürilmegine maliýe goldawyny bermek bilen, 2019-njy ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde hususy bölegi ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasy bilen ABŞ-nyň 10 million dollaryna deň bolan ylalaşyga gol çekdi.

Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak maksady bilen bolsa bu bank ABŞ-nyň «John Credit inc.» kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikasyny getirmegi maliýeleşdirmek üçin 42 million amerikan dollaryndan gowrak karz ylalaşygyna gol çekmäge taýýarlanýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, telekeçileriň alyp barýan işleri Türkmenistanyň ählumumy ykdysady ulgama goşulyşmagyna ýardam etmelidir hem-de işleriň öňdebaryjy usullaryndan ugur almalydyr, şol sebäpli hem döwletimiz geljekde hem kiçi we orta telekeçiligi işjeň goldar, milli ykdysadyýetimizde onuň ornunyň giňeldilmegine ýardam berer.

Hususan-da, oba senagat toplumy, syýahatçylyk, söwda, dokma we azyk senagaty, ulag, hyzmatlar ulgamy hem-de gurluşyk senagaty ugurlarynda telekeçilere uly orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz senagat toplumynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. Geçen anna güni bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda elektron senagaty ýokary depginlerde ösdürilýär, innowasiýa tehnologiýalaryna daýanýan ugurdaş düzümler emele gelýär.

Mundan başga-da durmuş tehnikasynyň — gaz we elektrik enjamlarynyň, howur peçleriň, tozan sorujylaryň hem-de sowadyjylaryň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça önümçilikler döredilýär. Bularyň ählisi daşyndan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmaga hem-de ilaty köpçülikleýin islegden peýdalanýan harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Şunda ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleriň ýola goýulmagyna, ähli pudaklarda sanly ulgamlaryň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Sarp ediş harytlaryň önümçiliginiň giňeldilmegi, ýeňil we azyk senagatyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen birlikde hyzmat we söwda ulgamlarynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlary gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäsdeşlige ukyply harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşiniň ilata hödürlenmegini, ýokary goşmaça bahanyň döredilmegini, ykdysady diplomatiýany hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyny ýurdumyzyň işewürliginiň ösdürilmeginiň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm