Täzelikler

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

12.08.2020
1597255425
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary onlýan-gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy

12.08.2020
1597240704
12-nji awgustda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi...

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...



Milli konserwatoriýada baýramçylyk konsertleri boldy


Image

Maýa Kulyýwa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň zenanlaryna – mugallymlarydyr talyp gyzlaryna baharyň ilkinji on günlüginde saz desseleri peşgeş berildi.

Ýaş mugallymlaryň dörtlügi – Bahram Dolyýew (birinji skripka), Ýusup Gandymow (wiolençel), Faruh Myradow (ikinji skripka) we Tahyr Ataýew (alt) «Zenan müşki» kinofilminden Astor Pýassolanyň tangosyny özboluly ýerine ýetirdiler. Sahnada ilki wiolençel bilen birinji skripka peýda bolup, sazy bilen diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi. Soňra ikinji, ondan soň alt geldi. Kirişli saz gurallarynyň dörtlüginiň ýerine ýetirmeginde sazyň kulminasiýasy näzik çekinjeňlikden we ýumşak gussadan tä duýgylaryny açyk beýan edilişi ýaly dürli duýgylary hyjuwly hem joşgunly saz frazalarynda berdi, melodiki çeper kontrastlar bolsa meşhur kinofilmiň gahrymanlarynyň duýgylarynyň çuňňurlygyny nygtaýardy.

Kamera ansambly kafedrasy Georg Fridrih Gendeliň, Wolfgang Amadeý Mosartyň, Antonio Wiwaldiniň we Kamil Sen-Sansyň eserlerini çalyp, güneş nurly durýgylary peşgeş etdi.

Antonio Wiwaldiniň bahar özgerişlerini beýan edýän kwarteti hasam täsirlidi. Iki fleýta tebigatyň janlanşyny, guşlaryň saýraýşyny, fagotyň ýogyndan mahmal sesi bolsa, gür ýapraklaryň ygşyldysyny ýada salýardy. Natella Bagirowanyň çeper fortepiano öwrümleri dürli röwüşi saz şekilleriniň çeper gaýmasy bolup ýaňlandy.

Umumy fortepiano kafedrasy baýramçylyk konsertinde belli nusgawy eserleri ýerine ýetirip, kärdeşlerine ajaýyp sowgat etdi. Karen Haçaturýanyň «Çipolino» baletinden «Kowgy» atly intonasiýalara baý we joşgunly bölegi has-da täsirli boldy.

Kompozisiýa fakultetiniň talyby Döwran Şammyýew Ýewgeniý Kobylýanskiniň «Ene gözleri» aýdymyny hoş owazly aýdyp, bu ýere gelen zenanlara ýürek töründen çykýan mähirli duýgylardyr hoşniýet arzuwlaryny sowgat etdi...



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image