Täzelikler

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

12.08.2020
1597255425
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary onlýan-gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy

12.08.2020
1597240704
12-nji awgustda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi...

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...



Türkmenistan durnukly ösüş ugrunda BMG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär


Image

Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň» tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabaraly çärä ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde BMG bilen hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçmek bilen, bu iri gurama hem-de onuň esasy düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Milletler Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen, sebitde we dünýäde abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň» ähmiýetini belledi.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu resminamanyň dürli ugurlarda, şol sanda ykdysady durnuklylygy we ösüşi saklamak, ilatyň durmuş hukuklaryny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ekologiýa deňagramlylygyny saklamak ýaly ugurlarda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etmelidir.

Şeýle hem täze Çarçuwaly maksatnamanyň BMG-niň köp sanly agentlikleriniň onuň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyny göz öňünde tutýandygy bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmeginiň hem-de öňdebaryjy tejribäni we halkara hyzmatdaşlygyň maslahatlaryny peýdalanmak arkaly umumy wezipeleri çözmäge köptaraplaýyn çemeleşmesiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Çäräniň çäklerinde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna» gol çekmek dabarasy boldy.

Soňra brifing geçirilip, onda BMG-niň Aşgabatdaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenmesinde Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategiki hyzmatdaşlyk derejesine çenli çykandygyny belledi. Türkmenistanyň dünýä giňişliginde oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan işjeň ýörelgesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýokary derejede ykrar edilýär.

Täze maksatnama BMG-niň ulgamynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen 2025-nji ýyla çenli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Onuň esasy maksady ileri tutulýan milli ugurlary durmuşa geçirmekde hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hökümete goldaw bermekden ybaratdyr.

— Adamlara gönükdirilen giň gerimli dolandyrmagy pugtalandyrmaga ilkinji derejeli maýa goýumlar berk we rowaç institusional hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny üpjün eder — diýip, Ýelena Panowa belledi hem-de bu şertiň, aýratyn-da, baý tebigy serişdeleri bolan ýurtlara uzakmöhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmek üçin esas dörediji bolup durýandygyny nygtady.

Çarçuwaly maksatnamanyň ugur alýan strategiki ileri tutulýan ýörelgeleri we ahyrky netijeleri Merkezi Aziýa bilen baglanyşykly giň çäklere kybap gelýär, umumy meseleleri çözmek üçin Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny, sebit we sebitara institutlar bilen gatnaşyklary goldaýar.

BMG-niň ulgamynyň maliýe institutlary hem-de ösüş banklary bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň telekeçiligi höweslendirmek üçin şertleri döretmäge we daşary ýurtlaryň göni maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berjekdigi nygtaldy.

BMG Türkmenistanda adam hukuklary babatda milli hyzmatdaşlar, aýratyn-da, adam hukuklary ulgamynda halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň pudagara topary bilen hyzmatdaşlygyny dowam eder.

— Raýat jemgyýeti hem-de hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin innowasion mümkinçiligi peýda bolup biljek hususy ulgam bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berler — diýip, BMG-niň Aşgabatdaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa aýtdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image