Täzelikler

Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi

04.06.2020
1591300431
3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler ...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

03.06.2020
1591127311
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram ...

Çagalar-sagaldyş merkezlerinde tomus möwsümi badalga aldy

02.06.2020
1591128694
Şu gün paýtagtymyzda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dab...
  • Image
  • Image

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

27.05.2020
1590610829
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň h...



Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi


Image

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryndan we halkymyzyň ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy döwletde ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, 19-njy martda türkmen paýtagtyndan bu ýurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ynsanperwer kömegi iberildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini doganlyk eýran halkyna muzdsuz kömek hökmünde iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Ýörite ýük Horasan — Rezawi welaýatyna ýetirildi, bu ýere Deregez şäheriniň häkimi Ali Farahi, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhales hem-de Deregez şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Mohandes Salimi, bu ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Bu welaýatyň resmi wekilleri ynsanperwerlik ýüküni çuňňur hoşallyk bilen kabul edip, doganlyk kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bu işleriň hemmesi milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatynyň nobatdaky gezek dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda goňşy döwletiň halkyna ynsanperwer kömegini iberdi. Munuň özi ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerine ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklar türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridir we ol nesilden-nesle geçip gelýär. Häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran ýiti öýken sowuklama keselinden Eýranyň raýatlarynyň birnäçesi ejir çekýär. Türkmenistan goňşy ýurt üçin şu kyn döwürde eýran halkyna doganlyk goluny uzatdy.

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, häzirki wagtda ol döwletara hyzmatdaşlygyň esasy bolup hyzmat edýär.

Iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär. Soňky onlarça ýyllaryň içinde biziň ýurtlarymyz bilelikdäki iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen berkidilen netijeli hyzmatdaşlygyň ägirt uly oňyn tejribesini topladylar. Şol taslamalar türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilip, tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Şolaryň hatarynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoly bar, ol sebitiň we dünýäniň ulag-üstaşyr düzüminiň möhüm halkasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen bu ynsanperwer çäre dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň üýtgewsizdiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup, iki goňşy döwletiň arasynda gatnaşyklaryň has-da berkemegine ýardam eder.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm