Täzelikler

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy

07.04.2020
1586204841
1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýi...

Türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň geljegi wideokonferensiýalar görnüşinde ara alnyp maslahatlaşyldy

06.04.2020
1586201689
Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň iri halk hojalyk pudaklarynyň wekillerini...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

03.04.2020
1585947226
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň g...

Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň maslahaty

01.04.2020
1585762131
Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýa...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi

31.03.2020
1585681344
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler

29.03.2020
1585502644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, ekişe ýurdumy...

Spanbonddan meltblauna çenli: Türkmenistanda islegli dokalmaýan materiallar öndürilýär

27.03.2020
1585330029
«Тürkmen senet» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup täze görnüşli dokalmaýan material – spanbond çykarmagy özl...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26.03.2020
1585250759
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...



Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy


Image

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda geçirilen mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 25-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 29-njy martda bu işe başlarlar.

Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulularyň ak pata bermeginde girişildi. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, taýýarlanylan meýdanlara gowaça tohumlary taşlandy. Soňra ýaşulular orunlaryny mehanizatorlara geçirdiler.

Pagtaçylyk — daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Geçen ýyl hasyl ussatlary Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artykmajy bilen ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň gazanýan üstünlikleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Pudakda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde obasenagat toplumynyň netijeliligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, obasenagat toplumyny inženerçilik-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri täzeçil usulda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine ýokary derejede laýyk gelýän täze görnüşdäki kuwwatly tehnikalar satyn alynýar.

Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy-barlaglaryň ösdürilmegine ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat doly döwrebaplaşdyryldy. Sebitlerde häzirki zaman görnüşdäki gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy.

Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak ýer işläp taýýarlamagyň täzeçil usulyny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gowaça ekmek üçin 620 müň gektara golaý meýdan taýýarlandy. Bu çözgüt täze dokma senagaty kärhanalarynyň işe girizilmegi, pagta önümlerine bolan içerki islegleriň artmagy nazara alnyp kabul edildi.

Gowaça ösdürip ýetişdirmäge oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijiler hem gatnaşýarlar.

Tutuş ýurdumyz boýunça şu ýyl «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirildi. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasyly tabşyrylar.

Ekiş möwsümine çenli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ekilýän orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda «Ýolöten-7», «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Serdar», «S-4727», «Ýolöten-39», «Jeýhun», «S-2606» ýaly tiz ýetişýän, ýokary hasylly, süýümi uzyn we arassa gowaçanyň görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten-14» görnüşi toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 600-den gowragy, ekiji gurallaryň 1 müň 700-den gowragy, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň 5 müňden gowragy peýdalanylar.

Şeýle hem şu möwsüme ýurdumyzda ýakynda gelip gowşan täze tehnikalary, hususan-da, ekiji gurallaryny, dünýä belli «John Deere» kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly ulgamy bilen enjamlaşdyrylan traktorlary çykarmak meýilleşdirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, tehnikalara gije-gündizleýin usulda hyzmaty ýola goýmak, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli işi, doly derejeli dynç alşy üçin zerur şertleri döretmek işleri ýerlerde doly berjaý edildi.

Bu möwsüme etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 375-si gatnaşdyrylar. Olar oba hojalykçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.

Möwsümiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginde, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşignde, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginde, mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň sazlaşykly ösüşini, obasenagat toplumynyň ýokary girdejililigini, şeýle hem oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi.

Maslahata welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, pagtaçy kärendeçiler gatnaşyp, olar «ak altyndan» we beýleki ekinlerden bol hasyl ýetişdirmek bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Hususan-da, gürrüň gowaça ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek, onuň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, meýdanlaryň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, şeýle hem ekinlere zyýan berijileriň we haşal otlaryň öňüni almak barada boldy.

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda oba hojalygynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi, ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we milli Liderimiziň oba senagat toplumynda başyny başlan özgertmelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçylar üçin özboluşly döredijilik sowgadyna öwrüldi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image