Täzelikler

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

27.05.2020
1590610829
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň h...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

26.05.2020
1590518888
Şu gün Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we ...

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi

25.05.2020
1590436864
Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurban...
  • Image
  • Image

Bitarap Watanymyz — Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti

18.05.2020
1589830288
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyz...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image



Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi


Image

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Ol häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem abadançylyk, ýurdumyzyň baş şäherinde arassaçylyk işlerini üpjün etmek boýunça degişli gulluklaryň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Tomusky dynç alyş möwsümine we Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de Diýarymyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň şäher ilatynyň abadançylyk derejesiniň we paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidigini belledi. Öňde durýan wezipeleri çözmekde häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna we täzeçil tehnologiýalara daýanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň her bir gününiň uly üstünliklere, täze ýeňişlere beslenmelidigini belläp, paýtagtymyzda desgalaryň gurluşygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi bilen baglanyşykly wezipeleri öz içine almalydyr. Hususan-da, mekdepleriň ýanyndaky dynç alyş meýdançalarynda okuwçylaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy, gyzjagazlaryň el işleriniň inçe syrlaryny ele almagy, dürli daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin gurnaklar hereket etmelidir. Şeýle hem Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatyň daýhanlarynyň gowaça ekişini üstünlikli tamamlandyklaryny habar berdi. Häkim şeýle hem sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça we güýzlük bugdaýa edilýän ideg, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şu günler gowaçanyň göwnejaý ösüşini üpjün etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler guramaçylykly alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim welaýatda tomusky dynç alyş möwsümine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, olaryň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçalara edilýän ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur taýýarlyk çäreleri geçirilmelidir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Welaýatda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz çagalaryň dynç alyş möwsüminde sportuň dürli görnüşleri, el işleri bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleriň, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, welaýatda gowaça ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim gowaçanyň ösüşini üpjün etmek, ak ekinlere edilýän idegiň depginini güýçlendirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy we olaryň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Häkim welaýatda gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletinde geçirmek, galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häzirki wagtda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmekde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmelidigini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynda işlediljek kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş bölümlerini möwsüme doly taýýarlamak babatda tabşyryk berdi.

Şunuň bilen birlikde, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Mekdep okuwçylarynyň dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri, göwün söýen hünärleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdirildi. Ol welaýatyň zähmetkeşleriniň gowaça ekişini tamamlandyklaryny aýdyp, häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda gowaça hem-de güýzlük bugdaýa agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde galla oragyna taýýarlyk görmek, welaýatda şaly ekişini bellenen möhletde geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletinde amala aşyrylmagynyň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekdi. Gowaça ideg edilende ähli kadalar we işleriň depginleri berjaý edilmelidir.

Orak möwsümi guramaçylykly geçirilmelidir, şaly ekişi hem bellenilen möhletlerde ýokary hilli guralmalydyr. Bu meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi ýatda galyjy, gyzykly hem-de çagalar üçin peýdaly bolmalydyr. Çagalar onuň dowamynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmalydyrlar, ýaryşlar guralmalydyr. Olaryň ukyp-başarnyklarynyň açylmagy üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmegi zerurdyr.

Soňra milli Liderimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi sanly wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol welaýatyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini tamamlandyklary barada habar berdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, şaly ekişine taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Häkim döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatyň ilatynyň durmuş düzümini has-da kämilleşdirmek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, milli Liderimiz welaýatda galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur taýýarlyk işleriniň geçirilmelidigini, gowaçalara edilýän ideg işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, şaly ekiljek ýerleri, oňa degişli zerur serişdeleri, ýokary hilli tohumlary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyga degişli aýratyn tabşyryklary berdi.

Şol bir wagtyň özünde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde çagalaryň möwsümi şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Çagalar üçin dürli ugurlar boýunça hünär öwredýän gurnaklaryň işi ýola goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ekişiniň üstünlikli geçirilendigi, şu günler bolsa gowaçalara, güýzlük bugdaýa edilýän ideg, şeýle hem beýleki ekinler üçin niýetlenen meýdanlarda amala aşyrylýan taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatda gant şugundyrynyň ekişini bellenilen möhletlerde geçirmek, ekiş üçin niýetlenen ýerleri we zerur bolan tohumlary taýýarlamak boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk çäreleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda alnyp barylýan meýdan işleriniň, aýratyn-da, gowaça we güýzlük bugdaýa edilýän idegiň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Ekin meýdanlarynda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz işledilmelidir. Öňde boljak gant şugundyrynyň ekişine hem-de baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görülmegine uly ähmiýet berilmelidir.

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi çagalar üçin şatlykly we gyzykly pursatlara beslenmelidir. Munuň üçin degişli maksatnama taýýarlanylmalydyr, onuň çäklerinde dürli gezelençleriň, gyzykly oýunlaryň we bäsleşikleriň geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir, bu işler tejribeli mugallymlara tabşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň gowaça ekişini doly tamamlandyklary barada hoş habary ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň oba zähmetkeşlerini şatlykly waka bilen gutlady we olara alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Gowaçalara edilýän idegiň agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekip, milli Liderimiz bu işleriň degişli derejede ýola goýulmagy bol hasylyň kepilidigini nygtady.

Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň depginleri, olaryň ýokary hilini üpjün etmek we bellenilen möhletlerde geçirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, möwsümleýin işleri bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik üns merkezinde saklanmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm