Täzelikler
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ş...
Bagy-bakja bezegidir Zeminiň

Daşoguz welaýatynda bagçylyk bilen meşgullanmaga höwesekleriň sany ýylsaýyn artýar. Mysal üçin, diňe Gurbansoltan eje...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlan...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda
Çuňňur hormatlanylýa...
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirz...
Türkmenistanda öndürildi: okuw, iş, işewürlik üçin IT önümleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň ...
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbarlarynyň, welaý...
«Ak hünji» HK polimer önümçiligini artdyrýar

«Ak hünji» hususy kärhanasy gurulýan binalaryň daşky bezegi üçin önümleri önümçilige goýberdi. Penopolistirolly gorag...
Döwlet söwda ulgamyny sanlaşdyrmak boýunça taslama durmuşa geçirilýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Tehnologiýalar merkeziniň we «Agzybirlik Tilsimaty» BK-nyň hünärmenleri Aşgabatda döwlet söwda ulgamyny sanlaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler.
«Agzybirlik Tilsimaty» nyşany bilen söwdany awtomatlaşdyrmak üçin POS-enjamalryň 300 toplumy: sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri we skanerleri, pul gutylary çykaryldy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine dgişli paýtagtymyzyň azyk dükanlarynyň ählisi şeýle enjamlar bilen üpjün ediler.
Elektron ulgama geçirmek işi ýylyň ahyryna çenli tamamlanar. Şunda paýtagtyň söwda nokatlarynyň ählisi sanly ulgama birleşdiriler, bu bolsa harytlaryň ammarlara gelip düşüşinden dükanlara ugradylşyna, satylan möçberine we galan harytlara çenli sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.
Şeýle merkezleşdirilen ulgam söwda nokatlarynyň harytlar bilen üpjünçiligi baradaky maglumatlary sistemalaşdyrmaga, dükanlarda olaryň ýeterlik goruny öz wagtyna üpjün etmäge, harytlar bilen üznüksiz üpjünçiligi ýola goýamaga, söwda we hatyt iberijiler bilen hasaplaşygyň elektron hasabatyny alyp barmaga mümkinçilik berer. Sanly binýat netijeli menejment we marketing meselelerini çözmek üçin şertler döreder.
«Kompýuter tehnologiýalary merkezi» kärhanasynyň direktory Hanmämmet Mollakowyň aýtmagyna görä, alyjylara amatly bolar ýaly täze internet-saýt döredilier, onda her bir dükan barada maglumat: onuň salgysy, telefonlary, harytlaryň görnüşleri we harytlary barada ähli maglumat ýerleşdiriler. Söwda portalyna girýänler harydy öýüne getirtmäge tabşyryk berip, sorag-jogap görnüşinde goşmaça maglumatlary alyp bilerler. Bu ulgam içerki bazarlarda islegi öwrenmäge mümkinçilik berer. Indiki tapgyrlarda sanlaşdyrma ulgamy welaýat merkezlerinde-de ornaşdyrylar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm