Täzelikler

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

27.05.2020
1590610829
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň h...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

26.05.2020
1590518888
Şu gün Daşary işler ministrliginde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes we ...

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi

25.05.2020
1590436864
Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurban...
  • Image
  • Image

Bitarap Watanymyz — Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti

18.05.2020
1589830288
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyz...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image



Bitarap Watanymyz — Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti


Image

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda belli ýerine ýetirijileriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlary öz çykyşlaryny türkmen halkynyň bagtyýar eýýamyna, gazanýan ägirt uly üstünliklerine we mähriban Watanymyzyň eýelän sepgitlerine bagyşladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen baýramçylyk Gutlagynda Esasy Kanunymyzyň hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr...

Mundan ýigrimi sekiz ýyl öň Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi hem-de Döwlet Baýdagymyzyň döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň esaslary, syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-jemgyýetçilik ösüşleriniň binýady tutuldy» diýip belleýär.

Baýramçylyk konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň hem-de ýurdumyzyň folklor tans toparlarynyň we teatr artistleriniň ýerine ýetiren «Arkadagyň ak ýolunda, baky parla ýaşyl Tugum!» atly edebi aýdym-sazly çykyşlar bilen açyldy. Onda halkymyzyň esasy milli nyşanlarynyň biri bolan we türkmen halkyny beýik ýeňişlere ruhlandyrýan ýaşyl Baýdagymyzyň waspy ýetirildi. Döredijiligiň, aýdym-sazyň sazlaşygyndan dörän sungat eseri bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemläp, Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýanynda belentde parlaýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kompozisiýany «Laçyn» folklor toparynyň agzalary ýerine ýetirdiler. Onda ajaýyp sazyň we joşgunly tansyň üsti bilen ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler wasp edildi. Ýurdumyzyň Döwlet tans toparynyň, «Galkynyş», «Meňli», «Aşgabat», «Näzli» tans toparlarynyň çykyşlary belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Täsirli çykyşlar tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Aýdym-sazly çykyşlaryň milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan we Türkmenistanyň dünýäde özygtyýarly Bitarap döwlet hökmündäki abraýynyň belende galmagyny şertlendiren beýik işler baradaky wideoşekiller bilen utgaşmagy konsertiň täsirli pursatlara baý bolmagyny üpjün etdi. Onda halkymyzyň ruhy ýörelgeleri, beýik demokratik gymmatlyklary öz beýanyny tapdy.

«Serpaý» hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor-tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren gadymy «küştdepdi» tansy konsertiň şowhunyny artdyrdy.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Goý, baky parlasyn Watan Baýdagy!» atly aýdym baýramçylyk konsertiň jemlenmesine öwrüldi. Bu aýdym Diýarymyzyň ýaşyl Baýdagyna bagyşlanan sena bolup, kalplarynda mähriban Watanymyza, ýurdumyzy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan hoşallyk duýgularyny kalplarynda besleýän tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy.

Ýygnananlar türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň beýanyna öwrülen jemleýji çykyşy şowhunly el çarpyşmalary bilen garşyladylar.



Государственное информационное агентство Туркменистана
Электронная газета "Золотой век"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image
  • Image
  • Image