Täzelikler

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...

Çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşidir

30.06.2020
1593544783
Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, ...

Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

22.06.2020
1592766512
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Hormatly watandaşlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

19.06.2020
1592602219
Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky m...



Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy


Image

Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikden gelip çykýan daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlarynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr geçelgeleri we energetika ulgamlarynda iki ýurduň halklarynyň, şeýle hem tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Ozal habar berlişi ýaly, iki döwletiň baştutanlarynyň telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen tarapy gün tertibine Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň netijeliliginiň artdyrylmagy boýunça degişli meseleleriň girizilmegi göz öňünde tutulan owgan Lideriniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky teklibini goldady.

Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň oňaýly geosyýasy ýerleşişi nukdaýnazaryndan sebitiň ykdysady integrasiýasynyň güýçlendirilmegi we söwdanyň göwrümleriniň düýpli artdyrylmagy babatynda bu ulag ugrunyň netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin ýokary ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar.

Sebit hem-de halkara gün tertibi boýunça pikirleri alyşmak bilen, iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegi, aýratyn hem koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy babatynda utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmeginiň zerurdygyny aýratyn bellediler.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň koronawirusyň dünýä derejesinde ýaýramagy ýaly gaýragoýulmasyz wehimlere garşy göreşde ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagy baradaky başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetlidigi we öz wagtynda öňe sürlendigi bellenilip geçildi.

Diplomatlar şeýle-de üznüksiz ýük gatnawlarynyň üpjün edilmegi üçin iki döwletiň serhetlerinde utgaşdyrylan sanitar-karantin çäreleriniň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmen tarapy telefon arkaly gepleşikleriň barşynda beýan edilen Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde – demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

OYR-niň daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar öz nobatynda aýdylanlar babatynda hoşallyk bildirdi we doganlyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan muzdsuz esasda berilýän yzygiderli ynsanperwerlik kömeklerine we hemmetaraplaýyn goldawyna owgan halkynyň ýokary baha berýändigini aýratyn belläp geçdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm