Täzelikler

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy

15.12.2019
1576434141
«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary, ýaşajyk...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine

14.12.2019
1576264957
Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmen...

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti

12.12.2019
1576175714
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk kons...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahata gatnaşyjylara

11.12.2019
1576004253
Gadyrly maslahata gatnaşyjylar! Sizi «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ö...

«KamAZ» awtomobilleriniň nobatdaky tapgyry Türkmenistana gelip gowuşdy

10.12.2019
1575920785
Russiýanyň tanymal «KamAZ» kompaniýasynyň awtotehnikasynyň nobatdaky tapgyry paromda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara de...

Indi Media-Türkmen habarlar agentliginiň öz VR-kody bar

10.12.2019
1575976047
2010-njy ýylda Hytaýyň «VR Code Technology» kompaniýasy ilkinji VR-koduň nusgasy bilen tanyşdyrypdy, ol geljekde bizi...

Sebitlerde baýramçylyk mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary

10.12.2019
1575999331
Şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Gökdepe etrabynyň sazlaşykly ösýän we ilaty köpelýän künjeginiň suw üp...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

06.12.2019
1575667017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bit...



Maý aýynda Kerki aeroportunyň gurluşygyna başlanylar


Image

Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde aeroportyň gurluşygyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar. Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gündogar sebitinde täze aeroporty gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, raýat awiasiýasy düzüminiň gurluşygynda baý tejribe toplan «Gündogdy» hususy kärhanasyna tabşyryldy. Kompaniýanyň amal eden iri taslamalarynyň biri hem Türkmenabatdaky Halkara aeroportunyň gurluşygydyr.

«Gündogdy» HK sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen Kerki aeroportynyň gurluşygyna şu ýylyň maý aýynda başlamagy göz öňünde tutýar. Aeroport 200 gektar meýdany tutar. Binanyň düzüminde wajyp ulag merkeziniň ähli bölümleriniň üznüksiz we netijeli işlemegini, ýolagçylara ýokary medeniýetli hyzmat etmegi, işgärlere zerur iş şertlerini üpjün etjek binalar toplumy bolar.

Uçuş zolagynyň uzynlygy 2 müň 700 metre, ini – 60 metre barabardyr. Ýolagçylar terminaly 1730 inedördül metr meýdany tutýar. Täze aeroport bu ugurdan enjamlary öndürýän dünýä belli kompaniýalaryň döwrebap enjamlary we esbaplary bilen üpjün ediler.

Aerodrom toplumynyň düzüminde abatlaýyş-tehniki, ýangyç guýujy gulluklar, ýangyna garşy göreş bölümi, ammarlar, ýükleri işleýän bölümler bolar. Raýat awiasiýasynyň täze binasyny 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm