Täzelikler

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...

Çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşidir

30.06.2020
1593544783
Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, ...

Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

22.06.2020
1592766512
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Hormatly watandaşlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

19.06.2020
1592602219
Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky m...



Çagalar-sagaldyş merkezlerinde tomus möwsümi badalga aldy


Image

Şu gün paýtagtymyzda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dabarasy boldy. Bu täsin künjekdäki merkezler her tapgyrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden çagalaryň ýedi müňden gowragyny kabul edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek döwletimiziň baş aladalarynyň biridir.

Munuň üçin Türkmenistanda ýaşajyk ildeşlerimiziň mynasyp bilim we terbiýe almagy, sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaga, zehinlerini we ukyplaryny ösdürmek mümkinçiligine eýe bolmagy üçin ähli işler edilýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar.

Döwletimiz okuw ýylyny tamamlan mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwrüni şadyýan we peýdaly geçirmegi, Köpetdagyň jülgelerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşen sagaldyş merkezlerinde dynç almagy we saglyklaryny berkitmegi üçin hem aladalar edýär.

Şu gün Türkmenistandaky çagalar sagaldyş merkezleriniň ählisinde tomusky möwsüm badalga aldy. Gökderede hem-de welaýatlarda ýerleşýän dynç alyş merkezleri dynç alýan ilkinji ýaşlary kabul etdi.

Paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada konsert çykyşlary boldy. Şowhunly aýdymlar we joşgunly tanslar, şadyýan sahna çykyşlary meşhur çagalar aýdym-saz toparlaryndan işjeň dynç almagy halaýan ýaş janköýerlere döredijilikli sowgat boldy.

Paýtagtymyzyň hem-de ähli welaýatlaryň mekdep okuwçylarynyň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtobuslara münmäge tarap ugranlarynda hem aýdym-sazlaryň owazy asla peselmedi. Şol awtobuslar tiz wagtdan olary Gökderedäki täsin tebigy dynç alyş merkezlerine tomusky başdan geçirmelere tarap alyp gitdi.

Köpetdagyň jülgelerindäki dynç alyş merkezlerinde hem çagalary şatlykly we dabaraly garşyladylar. Oglanlaryň we gyzlaryň müňlerçesiniň dabaraly ýörişi tomusky dynç alyş merkezlerini gurşap aldy.

Ajaýyp dabaralarda mekdep okuwçylary türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşplerinde çykyş etdiler, joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, günsaýyn rowaçlanýan Watanymyzyň şanyna belent sena bolup ýaňlandy.

Soňra çagalary mynasyp dynç almak üçin iň amatly şertler döredilen sagaldyş merkezleriniň binalarynda ýerleşdirdiler. Çagalar merkezlerde ýerleşenden soň, döredijilik we sport toparlaryny düzerler, çünki tiz wagtdan bäsleşikler, ýaryşlar, çeper höwesjeňleriň konsertleri başlanyp, olar ähli merkezleriň çagalaryny birleşdirer.

Döwrebap dynç alyş merkezleri çagalaryň wagtlaryny manyly hem-de şadyýan geçirmegi üçin zerur bolan ähli şertlere eýedir. Bu köşklerde oýunlar hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ajaýyp meýdançalar ýerleşdirilendir, tans zallary, kompýuter merkezleri, el işleri gurnaklary, teatr we şekillendiriş studiýalary gurnalandyr, baý mazmunly kitap gaznasy bolan kitaphanalar işleýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda çagalaryň hemmetaraplaýyn dynç alşyny guramaga ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň — bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we derman senagaty, sport we ýaşlar syýasaty ulgamynyň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri ykjam taýýarlyk gördüler.

Olaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde her tomusky möwsümde dynç alyş merkezlerinde bäsleşikler ýaş artistleriň hem-de çagalar çeper höwesjeň toparlarynyň, döwlet we halkara derejelerindäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, şeýle hem meşhur estrada aýdymçylaryň we sazandalaryň gatnaşmagynda konsertler geçirilýär.

Ýaşajyk tomaşaçylar bilen duşuşmaga teatr we sirk toparlary hem, meşhur aýdym we tans toparlary hem taýýarlanýarlar. Çagalar üçin ak mermerli paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ajaýyp ýerlerine gezelençler, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, dynç alyş merkezlerine we seýilgählere baryp görmek guralar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image