Täzelikler

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...

Çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşidir

30.06.2020
1593544783
Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, ...

Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

22.06.2020
1592766512
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Hormatly watandaşlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

19.06.2020
1592602219
Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky m...



Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna


Image

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda halklary we döwletleri jebisleşdirýän bu baýrama bagyşlanan dabaralaryň kalbymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan ýürek buýsanjymyzy has-da joşduryp, täze üstünliklere hem-de rowaçlyklara ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri jan saglygyny başynyň täjine deňäp gelýär. Ata-babalarymyz sagdyn ýaşamagyň milli kadalaryny esaslandyrmak bilen, dünýäniň maddy we ruhy medeniýetine uly goşant goşupdyr. At çapmak, altyn gabak atmak, göreş tutmak, çilik, keçe-keçe, düzzüm ýaly iň gowy gylyk-häsiýetleri, sagdynlygy, synçylygy terbiýelemäge ýardam edýän oýunlar geçmişde hem, biziň günlerimizde hem halkymyzyň medeniýetli dynç almagy başarandygyna, adama uly hormat goýmagy ýörelge edinendigine güwä geçýär.

Häzirki döwürde müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli däplerimizi dowam etdirip, biz raýatlarymyzyň bedenterbiýe hem-de sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris. Sportuň asyrlarboýy dowam edip gelýän milli görnüşleri bilen birlikde, dünýäde giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen ugurlaryny hem giňeldýäris. Bu babatda ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa taýdan abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän hem-de uly geljegi bolan welosiped sportuny yzygiderli ösdürýäris.

Welosiped sportunyň häzirki döwürde köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, ilatymyzyň sportuň bu görnüşine bolan höwesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Welosipedli gezelenç etmek täsirli dynç alyş bilen utgaşdyrylýar. Welosiped sporty bilen meşgullanmak, milli baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli işjeň welosipedli ýörişleri guramak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda hem biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeginde şäheriň görküni has-da artdyrjak «Welosiped» binasyny açýarys. Şeýle hem ýurdumyzyň iri sport toplumlarynda, stadionlarda bedenterbiýe-sport çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirýäris. Munuň özi Bütindünýä welosiped gününiň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk hem-de ruhubelentlik ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň giňden dabaralanýandygyny tassyklaýar.

Mähriban halkym!

Eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, ýurdumyzyň medeni ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi biziň baş maksadymyzdyr. Bu ugurda biz milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Gysga döwrüň içinde Garaşsyz döwletimizde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi guruldy, döwrebap sport düzümleri döredildi. Halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary gurmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmek arkaly bu ugurda hem uly ösüşler gazanyldy. Häzirki döwürde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäherdir obalarymyzdaky bedenterbiýe we sport desgalarynyň we binalarynyň ulgamyny giňeltmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam edýäris.

Biz halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem uly üns berýäris. Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm