Täzelikler

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...

Çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşidir

30.06.2020
1593544783
Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, ...

Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

22.06.2020
1592766512
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Hormatly watandaşlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

19.06.2020
1592602219
Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky m...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar

18.06.2020
1592504218
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň çäkleri...



Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi


Image

3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.

Ýurdumyzyň şaýollaryna we köçelerine sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän welosipedçileriň köpsanlysy çykdylar. Şonuň bilen birlikde, ekologiýa meselesi Welosiped gününiň çäreleriniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzda bu çäräniň Awtoulagsyz gün diýlip yglan edilmegi ýöne ýere däldir.

Ekologiýa abadançylygy hakyndaky alada milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň aýrylmaz bölegidir, türkmen halkynyň, her bir raýatyň many-mazmunly we bagtyýar durmuşy, sagdynlygy bu syýasatyň özenini düzýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz tebigaty goraýyş ulgamynda köptaraply halkara resminamalarynyň 20-sine gatnaşýar. Geçen ýyl howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy. «Ozon gatlagyny goramak hakynda» we «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna halkara hukugynyň degişli kadalary ornaşdyryldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýy amatly diýlip häsiýetlendirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä aýratyn üns berýär. Howa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen köpçülikleýin bag ekmek işleri, şol sanda ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýardam berýän, pyýada gezelenç etmegiň, welosipedde ýa-da jemgyýetçilik ulagynda gatnamagyň artykmaçlyklaryna ünsi çekýän beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär.

3-nji iýunda ýurdumyzyň baş şäherinde sagat 06:00-dan 18:00-a çenli diňe welosipedlerde, awtobuslarda hem-de gaýragoýulmasyz gulluklaryň ulaglarynda hereket etmäge ygtyýar berildi. Bu çäre gözel paýtagtymyza awtoulag serişdeleriniň köpsanlysyndan wagtlaýynça «dynç almaga», awtoulaglaryň çykarýan zyňyndy gazlaryndan howany ep-esli derejede arassalamaga mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugy tarapyndan paýtagtymyzda şol gün hereketleriň çäklendirilmeginiň atmosfera howasyna täsirine gözegçilik geçirildi. Hünärmenler Aşgabat şäherindäki bäş sany hemişelik we göçme gözegçilik nokadyndan howa nusgalyklaryny alyp, onuň düzümine barlag işlerini geçirdiler.

Howa nusgalyklarynyň deňeşdirilmegi netijesinde awtoulag serişdeleriniň hereketleriniň, degişlilikde, zyňyndy galyndylaryň çäklendirilmegi bilen, tozanyň möçberi 20 göterim, kükürt dioksidiniň möçberi 10 göterim, azot dioksidiniň möçberi 40 göterim we fenolyň möçberi iki esse peseldi.

Şeýlelikde, zyýanly zyňyndylaryň esasy çeşmesi bolan awtoulaglaryň hereketlerini çäklendirmek çäresi, hakykatdan-da, düýpli netije berdi — paýtagtymyzda howanyň arassaçylyk derejesi ep-esli ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmegi ak mermerli paýtagtymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýaşamak üçin amatly şähere öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işlere uly goşant bolup durýar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm