Täzelikler

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...

Çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşidir

30.06.2020
1593544783
Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, ...

Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

22.06.2020
1592766512
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Hormatly watandaşlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

19.06.2020
1592602219
Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky m...



Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady


Image

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda geçirilen mejlisinde şu aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda sapar bilen bolmagyň, ýerlerde galla oragynyň alnyp barlyşyny görmegiň, kabul edilen durmuş maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Milli Liderimiz gündogar welaýata ugramazdan öň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onda paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň depgini, şäher ilatynyň göwnejaý dynç alşy, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berýär.

Uzakmöhletleýin geljegi nazarda tutup, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan täze şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, onuň köpugurly mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny, şäheri hem-de onuň inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümlerini abadanlaşdyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylyşyny yzygiderli gözegçilikde saklaýar.

Desgalar gurlanda binagärlik ulgamynda dünýäniň iň oňat tejribesiniň we gazananlarynyň, häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň ulanylmagy gözellik we ekologiýa nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýe bolup, munuň özi milli Liderimiziň esasy talaplarynyň hatarynda durýar.

Mundan başga-da, möhüm gurluşyk taslamalaryna girişilende, taýýarlamakdan başlap, durmuşa geçirmäge çenli olaryň amala aşyrylyşynyň hemme tapgyrlary yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr, işleriň ýokary hili, desgalaryň gerekli derejede enjamlaşdyrylyşy hem-de olaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmegi, öňde goýlan wezipeleri çözmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşilmegi üpjün edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy ýaly, umuman, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we işläp taýýarlamalaryň, iň oňat dünýä tejribesiniň işjeň peýdalanylmagyna gönükdirilendigini nygtaýar. Gurluşyklaryň gerimi nazara alnyp, desgalaryň hiliniň ýokary derejesi üpjün edilmelidir hem-de milli binagärligiň özboluşlylygyna aýratyn üns berilmegi zerurdyr.

Täze binalar gurlanda olaryň maksatlaýyn we oýlanyşykly ulanylyşyny, toplumlaýyn ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-kommunikasiýa düzümleriniň döredilmegini göz öňünde tutmak gerek. Munuň özi ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegi we pudaklaýyn ylmyň gazananlaryndan ugur alynmagy bilen birlikde, ýurdumyzda ähli binalaryň we desgalaryň gurluşygyna bildirilýän esasy talapdyr.

Bularyň ählisi gurluşygyň hili, bezegi we gözelligi babatda bolşy ýaly, ekologiýa babatda hem halkara ölçeglere kybap gelmelidir. Soňa görä-de, taslamalar işlenilip düzülende tebigy gurşawyň gözelligi babatda öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, ýaşyl seýilgäh zolaklarynyň döredilmegini göz öňünde tutmak gerek.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň oňaýly dynç almagyny üpjün etmek, adamlaryň tebigatda wagtlaryny işjeň we peýdaly geçirmekleri üçin şertleri döretmek baradaky meseläni gozgady. Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerleşen köl şonuň ýaly ýerleriň biridir. Bu ýerde öz döwründe häzirki ýaşuly adamlar işden boş wagtlaryny geçirmegi halaýardylar.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç almagyň oňaýly häzirki zaman zolagyny döretmek meýilleşdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň kölüň kenarynda täze desgalary gurmak baradaky öňe süren başlangyjy paýtagtymyzyň medeni-dynç alyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek işinde nobatdaky ähmiýetli ädimdir.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýakynda Aşgabat boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda tebigatyň bu ajaýyp künjegine baryp görüp, bu ýeriniň tebigatynyň täsin aýratynlyklaryna hem-de oňaýly gurşawyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kölüň kenarynda şäherlileriň, şol sanda çagalaryň wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmegini üpjün etmäge gönükdirilen häzirki zaman düzümleri döretmegiň maksada laýykdygyny nygtap, dynç alýanlar üçin hyzmatlaryň zerur bolan görnüşlerini özünde jemleýän desgalar bilen bir hatarda, iri dynç alyş toplumlaryny, suw attraksionlaryny gurmalydygyny belledi. Şunda ekologiýa ýagdaýyny aýratyn göz öňünde tutmak zerurdyr.

Şeýlelikde, ýakyn geljekde bu ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň medeni dynç alşynyň ajaýyp künjegine öwrüler. Şonuň bilen birlikde, mähriban ülkämiziň tebigatynyň ägirt uly kuwwatynyň peýdalanylmagy, adam saglygynyň berkemegine, onuň beden taýdan işjeňliginiň artmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz täze desgalara döwrüň ruhuna kybap gelýän atlary dakmaga degişli häzirki döwrüň ýola goýlan däplerine eýerip, köli «Altyn köl» diýip atlandyrmagy teklip etdi.

Milli Liderimiz iş maslahatyny tamamlap, Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden Lebap welaýatyna ugrady.

Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm