Täzelikler

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

06.07.2020
1594054754
Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagy...

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

30.06.2020
1593545745
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň...

Çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşidir

30.06.2020
1593544783
Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, ...

Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

22.06.2020
1592766512
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Hormatly watandaşlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her ...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

19.06.2020
1592602219
Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky m...



Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar


Image

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň çäklerinde nobatdaky mejlis geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.

Mejlisde ýewropa tarapyna Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri wekilçilik etdiler.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň raýat jemgyýetiniň ösdürilmegi, kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet özgertmeleri, COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagy boýunça taraplaryň özara hereketleriniň işjeňleşdirilmegi ýaly ileri tutulýan ugurlar babatda pikir alşyldy.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkara we ýerli resminamalaryň çäklerinde adamlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Munuň özi, ilkinji nobatda, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli Strategiýasy ýaly resminamalardyr.

***
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Halkara zähmet guramasy tarapyndan geçirilen sebitleýin wideookuw maslahatyna gatnaşdylar.

COVID-19 koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keseliň ykdysadyýete ýetirýän oňaýsyz täsirini peseltmegiň mümkin bolan ýollaryny gözlemäge esasy ünsi çekildi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar kärhanalaryň, şol sanda ählumumy maliýe-ykdysady ulgamyň islendik üýtgemeleriniň ýetirýän amatsyz täsirine has köp garaşly bolan hususy bölegiň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmekde halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Bu babatda umumy dünýä ykdysady çökgünligiň dowam edýän ýagdaýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi durnuklylaşdyrmagyň has netijeli gurallaryny herekete getirmegi hem-de kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermegi göz öňünde tutýan oýlanyşykly strategiýasy netijesinde, birsydyrgyn durnukly ösüş depginini saklaýan Türkmenistanyň oňyn netijesi nusgalykdyr.

***
Türkmenistan bilen Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri bu Gaznanyň baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi bilen wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine girizildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasat ugruny yzygiderli ýöredýän Bitarap Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr.

Şolaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleri hem bar, bu ýurt bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklar oňyn häsiýete eýedir. Dürli ulgamlarda, şol sanda işewürler düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär.

Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet, maliýe we ýangyç-energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň giň gerimli nebitgaz taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy.

Şunda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň iri kompaniýalarynyň arasynda özara hormat goýmak we umumy bähbitlere kybap gelýän ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly şertleriň bardygy bellenildi.

***
Ýurdumyzyň DIM-niň hem-de Fransiýa — Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn-duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady ulgamda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine garaldy.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar boldy, söwda we maýa goýumlary, nebitgaz pudagy hem-de işewürler toparlarynyň ugurlary boýunça gatnaşyklar möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Şunda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi, bu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, häzirki zaman senagat düzümleriniň kemala getirilmegini, hususy bölegiň höweslendirilmegini ugur edinýän Türkmenistanda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň miwesidir.

Duşuşygyň çäklerinde dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýynyň halkara hem-de sebit söwda-ykdysady gatnaşyklara ýetirýän täsiri baradaky meselä-de deglip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylan birnäçe çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilendigi hem-de ählumumy pandemiýanyň milli ykdysadyýetleriň önümçilik pudaklaryna we möhüm durmuş wezipeleriniň çözülmegine ýetirýän oňaýsyz täsirini peseltmek boýunça täze çäreleri görmegiň mümkinçilikleri bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna, şol sanda göni maýa goýumlaryna, bilelikdäki kärhanalary döretmek, taslamalaýyn we düzümleýin maliýeleşdirmek we beýleki meselelere garamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

***
Aziýanyň Ösüş bankynyň Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde bu Maksatnamanyň Milli utgaşdyryjylarynyň onlaýn-görnüşinde geçirilen geňeş maslahatynyň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň işine türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu Maksatnamanyň esas goýujy ýörelgelerini hem-de onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalary doly goldaýar. Biziň ýurdumyz giň ugurlar boýunça oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy durmakda tagallalary utgaşdyrmak ugrunda çykyş etmek bilen, sebitde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam bermäge çalyşýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Maksatnamanyň ykdysady, söwda, energetika, syýahatçylyk ulgamlarynda, ykdysady geçelgeleri döretmek boýunça amala aşyrylan taslamalar, şeýle hem Aziýanyň Ösüş banky tarapyndan saglygy saklaýyş ulgamynda COVID-19 pandemiýasyna dessin taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdyryldy.

Häzirki ýagdaýyň jemlerini jemlemek hem-de pandemiýanyň bu Maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak, maksatnamanyň işiniň netijelerine baha bermek, şeýle hem zerur bolan üýtgetmeleri ylalaşmak maslahatyň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenildi.

***
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda ýurdumyz bilen Serra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekildi.

Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de «açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli sebitlerinde, şol sanda Afrika yklymynda ýerleşýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýup, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeldýär.

Gol çekmek çäresiniň öň ýanynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň oba hojalygy, biologiýa, maýa goýumlary ýaly ugurlaryny hem öz içine alýan gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplan oňyn tejribesini hasaba almak bilen, lukmançylyk hyzmatlary ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň hem-de Serra-Leone Respublikasynyň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge özara taýýardyklary beýan edildi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm