Täzelikler

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

12.08.2020
1597255425
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary onlýan-gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy

12.08.2020
1597240704
12-nji awgustda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi...

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...



Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen


Image

Şu gün Daşary işler ministrliginde şu ýylyň birinji ýarym ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we ýolbaşçylygynda şu geçen döwürde ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen, şol sanda halkara düzümleriniň çäklerindäki ýokary derejedäki özara hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi. Şunda biziň ýurdumyzyň golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagyna aýratyn üns berildi.

Şonuň ýaly-da, ýygnananlar ministrligiň ikinji ýarym ýylda ýerine ýetirilmeli ileri tutulýan wezipeleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň esasy ugurlary, hususan-da, milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda öňe süren Hazaryň täze ekologiýa maksatnamasyny ilerletmek maslahatyň gün tertibiniň möhüm bölümleriniň biri boldy.

Şunuň bilen baglylykda, howanyň dünýä derejesinde üýtgeýän şertlerinde Hazaryň eko ulgamyny gorap saklamagyň ähmiýeti, biziň ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň maksatlaryny ilerletmekde, Aral deňziniň giňişliginde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýyň gowlandyrylmagynda goşýan saldamly goşandy bellenildi.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan birnäçe anyk netijeli başlangyçlar öňe sürlip, olar giň halkara goldawyna eýe boldy. Şonuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegi üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň genetiki serişdelere elýeterliligi düzgünleşdirmegiň Nagoý teswirnamasyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly hem-de olaryň adalatly we deňhukukly esasda Birleşen Milletler Guramasynyň biologiýa köpdürlilik hakyndaky Konwensiýa laýyklykda olaryň ulanylmagyndan görülýän bähbitleriň bilelikde peýdalanylmagy baradaky meselelere garaldy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm