Täzelikler

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

12.08.2020
1597255425
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary onlýan-gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy

12.08.2020
1597240704
12-nji awgustda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi...

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...



Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar


Image

Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde dünýä ykdysadyýetiniň wajyp bölekleriniň biri bolan ulag ulgamyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, çäk taýdan örän amatly ýerleşýän goňşy döwletler bu ugurda ägirt uly kuwwata eýe bolup, ony durnukly ykdysady ösüşi, iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak we halkara söwda gatnaşyklaryny berkitmek üçin ulanmaga çalyşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek we täze döwrüň talap edýän ulag geçelgelerini kemala getirmek baradaky başlangyçlaryny uzak möhletleýin goldamak bilen, türkiýeli hyzmatdaşlar deňhukukly esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, wideoduşuşygyň çäklerinde taraplar hereket edýän ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, şonuň ýaly-da, sebit hem-de global çäklerde netijeli hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

***
Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Energetika Hartiýasynyň sekretariaty tarapyndan Energetika Hartiýasyna Ylalaşygy (EHY) döwrebaplaşdyrmak boýunça wideomaslahatlar görnüşinde geçirilýän gepleşikleriň birinji tapgyryna ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri gatnaşýarlar.

Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň agzalary bolan ähli döwletler eýýäm Şertnamany täzelemek barada öz tekliplerini hödürlediler. Taraplar Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky iş Toparynyň häzirki — hasap boýunça ikinji mejlisinde bu resminamanyň taslamasynyň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirdiler.

Energetika ulgamynda maýa goýumlaryny goramak esasy mowzuklaryň biridir. Geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda meseleleriň giň tertibine, şol sanda halkara maýa goýum düzgünini kemala getirmekdäki orny, täze üstaşyr serhet energetika ulgamyna maýa goýmagyň aýratynlyklary, ýurtlaryň we energetika taslamalaryna beýleki gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk we telekeçilik ugurlary Energetika Hartiýasyna Ylalaşygyň tutýan orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, energiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda EHY-ny dünýäniň energetika ulgamyna ornaşdyrmagyň häzirki zaman talaplaryna uýgunlaşdyrmagyň, oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin hökmany bolan hem-de maýa goýumlary we energiýa serişdeleriniň söwdasy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga ýardam edýän bitewi kadalary işläp taýýarlamagyň wajypdygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Häzirki wagtda energetika howpsuzlygy döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleriniň möhüm ähmiýete eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýewropanyň we Aziýanyň onlarça ýurduny birleşdirýän EHY häzirki wagtda ýeke-täk köptaraplaýyn ylalaşyk bolup durýar. Ol çylşyrymly syýasy, ykdysady hem-de energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek, şol sanda döwletara gaz geçirijileri we elektrik geçiriji ulgamlar bilen baglanyşykly hukuk meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Iri halkara taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlan Türkmenistan üçin bu meseleler örän möhüm ähmiýete eýedir.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm