Täzelikler

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

12.08.2020
1597255425
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary onlýan-gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy

12.08.2020
1597240704
12-nji awgustda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi...

Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty

05.08.2020
1596647098
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sa...

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

01.08.2020
1596386775
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi

20.07.2020
1595268025
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sp...

Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm guralydyr

14.07.2020
1594751276
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

09.07.2020
1594321922
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglum...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

08.07.2020
1594229276
Şu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki gepleşikleriniň çäklerinde...



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: sagdyn durmuş ýörelgesi - türkmen jemgyýetiniň nusgawy däbi


Image

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sport barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam we onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada esasy ugry bolup durýan durmuş ugurly döwlet syýasaty netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha giň gerime eýe bolýar.

Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň birinji ýarymyndaky ösüşiniň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sport häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň sagdynlygynyň, nesilleriň sazlaşykly beden we ruhy taýdan ösüşiniň aýrylmaz düzümlerine öwrüldi.

Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine we ýokary netijeli sporta berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen ägirt uly başlangyçlaryna laýyklykda Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi.

Işjeň durmuş ýörelgesiniň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly jan saglygy ählitaraplaýyn berkitmegiň işjeň wagyzçysy bolan döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde sport ähli ýaşdaky we dürli hünärli adamlary birleşdirýän möhüm ähmiýete eýe bolan sport milli ýörelgä öwrüldi.

Bu işe ilatyň giň gatlaklarynyň çekilmegi olimpiýa hereketiniň gymmatlyklarynyň we ýörelgeleriniň ykrar edilmeginde, iň ukyply we maksadaokgunly adamlaryň tagallalary bilen ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginde ägirt uly orun eýeleýär. Zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça çagalaryň arasynda uly wagyz ediş we düşündiriş işleri alnyp barylýar. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça okuwlara irki döwürden başlap işjeň çekilýär.

Şunda ýaş nesil sportuň tomusky görnüşleri bilen birhatarda onuň hokkeý we buzda figuralaýyn typmak ýaly görnüşlerini hem uly höwes bilen ele alýar. Merkezi Aziýa sebitiniň howa şertleriniň aýratynlygyna garamazdan, sportuň bu görnüşler biziň ýurdumyzda çalt depginlerde ösýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elmydama nygtaýşy ýaly, yzygiderli maşklar we türgenleşikler diňe bir beden taýdan taplaman, adamyň işe ukyplylygyny ýokarlandyrman, eýsem tutanýerliligi, tertip-düzgünliligi terbiýeleýär, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Bedenterbiýe we sport bilen durnukly yzygiderli meşgullanmak endigini, beden we ruhy taýdan berkemäge ymtylyşy döretmek örän wajyp ählihalk wezipesi bolup durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli terbiýeçilik we bilim edaralarynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary we meýdançalary bar. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş toplumlarynda hem göz öňünde tutulandyr, olarda çagalar, futbol, tennis meýdançalary we beýlekiler hereket edýär.

Şonuň bilen birlikde, sportuň tehniki görnüşleri, şol sanda awtomotosport hem çalt depginlerde ösdürilýär. Awtoulag sürmegiň ýokary ussatlyk derejesini ençeme gezek görkezen döwlet Baştutanymyzyň goldawy netijesinde Aşgabatda Awtomobil sport merkezi we onuň düzümine girýän motodrom açyldy.

Hemişe bolşy ýaly, atçylyk sporty türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Biziň Watanymyz bütin dünýäde meşhur, gözellikde, owadanlykda we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk, ajaýyp sport görkezijileri bilen tapawutlanýan ahalteke bedewleriniň mekanydyr. Gadymy döwürlerden bäri halkymyzda toý dabaralarynda at çapyşygyny geçirmek däbi üýtgewsiz dowam edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda “Behişdi bedewleriň” hakyky janköýeri we at çapmagyň ussady bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi atçylyk sportunyň milli, şonuň ýaly-da halkara görnüşleri, hususan-da, konkur üstünlikli ösdürilýär. Bu görnüş ilkinji gezek 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary guruldy we hereket edýär.

Bu ugurda geçirilýän işler şahsyýetiň milli gymmatlyklaryň hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň esasynda ählitaraplaýyn ösüşiniň toplumlaýyn ulgamyny döretmek döwlet syýasatynyň baş ugrudygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny subut edýär.

Beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýelemek sportuň meşhurlyga eýe bolmagyna gönüden-göni ýardam edýär. Ony ösdürmek bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatynyň işiniň möhüm maksady hökmünde kesgitlenendir.

Türkmende “Saglygym-baş baýlygym” diýen pähim bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ol bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ýokary derejeli sporty we tutuşlygyna olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen belent işlere ugrukdyrýan özboluşly çelgi boldy.

Häzirki döwürde Türkmenistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar, köpugurly, halkara ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap stadionlaryň, ýörite okuw mekdepleriniň, awtodromlaryň we beýleki möhüm desgalaryň gurluşyklary boýunça wajyp taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli işler belent ynsanperwer ýörelgeleriniň töwereginde adamlary birleşdirýän halkara sport hereketine düýpli goşant goşýan eziz Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Sport hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, global dünýäniň, dostluk gatnaşyklarynyň we döwletleriň we halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň berkemeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Milletiň Lideri tarapyndan bu ulgamda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär: ýurdumyzyň sporty hil taýdan täze derejä çykýar, eziz ýurdumyz bolsa ýygy-ýygydan iri halkara bäsleşikleriniň geçirilýän ýerine öwrülýär.

Ajaýyp Olimpiýa şäherçesinde geçirilen, uly üstünliklere beslenen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr. Bu abraýly ýaryşlarda çykyş eden Türkmenistanyň ýygyndysy umumy topar hasabynda birinji ýeri eýelemek bilen, Watanymyzyň sport abraýyny üstünlikli gorady.

Bu üstünlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýä sport giňişliginde deňsiz-taýsyz üstünliklere eýe bolan Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ýeten sepgitleriniň ykrar edilmesi boldy.

Aziada-2017 ýaryşlarynyň geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda deňi-taýy bolmadyk taslama öwrüldi, biziň ýurdumyz iri möçberli ýaryşlary kabul etmäge ukyply sport döwleti derejesine eýe boldy.

2018-nji ýylda üstünlikli geçirilen “Amul-Hazar” Halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýyny artdyrmaga ýardam etdi. Awtoralliniň ugry taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçdi.

Şeýlelikde, ýurdumyz Halkara Olimpiýa komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň doly hukukly agzasy bolmak bilen, olimpiýa hereketini giňeltmäge hem-de wagyz etmäge ýardam edýär. Türkmenistan dünýäniň sport durmuşynda iri, şanly çäreleriň başyny başlamak hem-de geçirmek bilen, dünýä halklaryny we yklymlaryny ýakynlaşdyrýar.

Sport ähli döwürlerde parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi bolup hyzmat etdi, şonuň üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi sporty ösdürmekde, olimpiýa we bedenterbiýe-sagaldyş hereketleriniň gymmatlyklaryny ilerletmekde Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şol taryhy resminamada dünýäniň ähli ýurtlaryna ösüş maksatnamalarynda welosiped sporty meselesine aýratyn üns bermek hem-de ony halkara, sebit we milli maksatnamalara goşmak baradaky meselä aýratyn üns bermäge çagyryş öz beýanyny tapýar.

Ýeri gelende ýatlasak, 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyrlan şol halkara baýramçylygy mynasybetli türkmen paýtagtynda dünýä rekordy hökmünde hasaba alnan “Welosiped sportunyň has köpçülikleýin sapagy” geçirildi.

Geçen ýyl paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde 2019 sany welosipedçiniň gatnaşmagynda “Bir ugur boýunça has dowamly welosiped ýörişi” geçirilip, ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz şol gün diňe türkmenistanlylary däl-de, eýsem, ýurdumyzda işleýän köpsanly daşary ýurt diplomatlaryny we işewürlerini birleşdirýän köpçülikleýin welosiped ýörişlerini geçirmegiň asylly däbini ýola goýdy.

Şu ýyl 12 kilometrlik welosiped ýörişinden başga-da, Aşgabadyň täze ajaýyplyklarynyň birine öwrülen “Welosiped” binasynyň açylmagyna beslendi. Bu ýadygärlik adamzadyň taryhyna türkmen halkynyň goşandyny alamatlandyryp, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ýurdumyzyň baý taryhyny we häzirki döwürde gazananlaryny beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp binanyň açylyş dabarasynda belleýşi ýaly, bu çeper kompozisiýa halkymyzyň belent ruhubelentligini, onuň umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de halkara sport hereketine ygrarlylygyny, ösüşiň we abadançylygyň ýolunda ýurdumyzyň okgunly hereketini alamatlandyrýar.

Şeýlelikde, welosiped sportuny işjeň wagyz edýän, welosiped ýörişleriniň we baýramçylyklarynyň başyny başlaýan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, degişli ugur ýurdumyzda okgunly ösdürmek üçin täze itergä eýe boldy.

Ulagyň bu ekologiýa görnüşi tutuş dünýäde giňden meşhurlyga eýedir, welosipedli gezelenç adamyň saglygyna we ruhy baýlygyna oňyn täsirini ýetirýär. Ol adamyň ýüreginiň we dem alyş ulgamynyň işiniň gowulanmagy üçin örän peýdaly bolup durýar.

Dünýä ölçeglerine kybap gelýän Olimpiýa şäherjiginde ajaýyp welotregiň gurulmagy Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmekde möhüm waka boldy. Daşary ýurtly bilermenleriň hem-de Halkara welosipedçiler birleşiginiň hünärmenleriniň baha bermegine görä, bu ýerde degişli talaplaryň hemmesi berjaý edilip, zerur bolan maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Bu bolsa has ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin şertler döredýär.

Geljek-2021-nji ýylda türkmen paýtagty Welotrek sporty boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Ýurdumyzyň döwrebap ýol düzümi şosse ýaryşlary boýunça bäsleşikleri guramak hem üçin doly kybap gelýär.

Köpetdagyň eteginden geçýän ýollar hem welosiped sporty boýunça köpsanly milli ýaryşlary geçirmek bilen, häzir ussat türgenler üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçrilýän ýeri bolup hyzmat edýär.

Munuň şeýle bolmagyna diňe tutuş ýylyň dowamynda açyk asmanyň astynda welosiped sporty bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän amatly howa ýagdaýy däl-de, eýsem, şäher awtomobil ýollarynyň hili ýardam edýär.

Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde yglan etmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylara, ajaýyp nusga görkezip, sportuň dürli görnüşleri—at münmek, welosiped we awtomobil sporty, ylgamak, tennis we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanýar.

Häzirki döwrüň sport jemgyýetçilik we syýasy işgärleriniň biri hökmünde ykrar edilen hormatly Prezidentimiziň şeýle göreldesi halkara ýaryşlarynda watandaşlarymyzy has-da uly üstünliklere ruhlandyrýar.

Türkmen türgenleri dünýä sport giňişliginde has-da işjeň çykyş edip, dürli derejedäki medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar. Sportuň yzygiderli kämilleşdirilýän maddy-enjamlaýyn binýady hem-de ýaryşlary geçirmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, şol üstünligi gazanmaga ýardam edýär.

Şu ýylyň başyndan bäri XXXII Tomusky Olimpiýa Oýunlaryna milli ýygyndy toparymyzy taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde sportuň ýedi görnüşi: agyr atletika, boks, dzýudo, grek-rim hem-de erkin göreş, karate, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça türgenleriň okuw tälimleri geçirildi.

Şagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge we wagyz etmäge, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga gönükdirilen çäreleri guramak bilen, Türkmenistan sport döwleti diýen derejesini berkidip, dünýäniň beýleki döwletleri üçin aýdyň nusga bolup durýar.

Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamynda geçirýän özgertmeleriniň üstünliginiň, şeýle hem eziz Watanymyzy has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli taglymlarynyň we asylly başlangyçlarynyň töwereginde türkmenistanlylaryň jebisliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm