Täzelikler

“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty

24.10.2020
1603631435
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.10.2020
1602878370
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Halkara walýuta gaznasy we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy

15.10.2020
1602785252
Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri ...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

15.10.2020
1602781482
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kow...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

08.10.2020
1602183192
Şu gün Türkmenistan — Owganystan — ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk ...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

08.10.2020
1602177963
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirz...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

07.10.2020
1602086601
“Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

07.10.2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üs...



Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi


Image

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň respublikada jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyna ýokary ynam bildirilýändiginiň hem-de giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rustam Minnihanowa alyp barýan jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşan ýurduň ilkinji Prezidenti, häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Prezident Rustam Minnihanow mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly häsiýete eýedigini we ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen hem-de tatar halklarynyň asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň we diniň, diliň hem-de däp-dessurlaryň umumylygyna daýanýan doganlyk gatnaşyklary saklaýandygy aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň yzygiderli alyp barýan wajyp hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijesinde sebit derejesinde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýola goýulýan doly möçberli hyzmatdaşlygyň çäklerinde tagallalaryň utgaşdyrylmagy arkaly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýygjam häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň gün tertibinde soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Işewür düzümleriň ulgamy boýunça göni aragatnaşyklary ýola goýmak arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Şol bir wagtyň özünde netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk işjeň ýola goýulýar. Bu ugurlarda özara gatnaşyk boýunça asylly däplere eýe bolan baý tejribe toplanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Prezident Rustam Minnihanowyň goşýan goşandyna ýokary baha berilýändigini belläp, abadançylygyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça netijeli gatnaşyklaryň we bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikler, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm