Täzelikler

“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty

24.10.2020
1603631435
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.10.2020
1602878370
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Halkara walýuta gaznasy we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy

15.10.2020
1602785252
Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri ...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

15.10.2020
1602781482
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kow...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

08.10.2020
1602183192
Şu gün Türkmenistan — Owganystan — ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk ...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

08.10.2020
1602177963
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirz...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

07.10.2020
1602086601
“Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

07.10.2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üs...



Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi


Image

Şu gün Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi boldy. Oňa Türkmenistanyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyza gelen Premýer-ministri Askar Mamin gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä we sazlaşykly ösüşe eýedigini hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar däp bolan dostlukly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Şol duşuşyklarda goňşy ýurtlaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebitleriň çäklerinde özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary kesgitlenilýär.

Taraplar bilelikdäki toparyň ozalky mejlisleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň möhüm ähmiýet berýän nebitgaz, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasynda ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýän möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde ähmiýetlidigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan hem-de iki ýurduň milli Liderleriniň durmuşa geçirýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň möhüm maksatlaryna hemmetaraplaýyn kybap gelýän köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly üns berýärler.

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösýändigi bellenildi. Munuň özi iki ýurduň ösüşiniň we rowaçlygynyň wajyp şerti bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň netijesidir.

Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Gazagystanyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, özara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça köpugurly esasda ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we anyk çäreleri kesgitlediler.

Ynsanperwer ulgam türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ugurlary boýunça ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň örän wajypdygyny nygtap, şu günki mejlisiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine ýola goýulýan gatnaşyklara mundan beýläk-de kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm