Täzelikler

“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty

24.10.2020
1603631435
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.10.2020
1602878370
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Halkara walýuta gaznasy we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy

15.10.2020
1602785252
Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri ...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

15.10.2020
1602781482
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kow...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

08.10.2020
1602183192
Şu gün Türkmenistan — Owganystan — ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk ...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

08.10.2020
1602177963
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirz...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

07.10.2020
1602086601
“Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

07.10.2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üs...



Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastynyň arasynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy


Image

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşygy boldy.

Gepleşikleriň başynda sebitiň ýolbaşçysy koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýran döwri Astrahan oblastyna ynsanperwer kömegini ibermek kararyna gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Bu päkniýetli kömek Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastyny baglaşdyrýan hoşmeýilli goňşuçylyk we dostluk ýörelgeleriniň nusgasy boldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen RF-iň Astrahan oblastynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine ýokary baha berildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri özara söwda dolanşygy ABŞ-nyň 6,9 million dollaryna barabar boldy.

Gubernator I. Babuşkiniň pikirine görä, hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasy üçin amatly mümkinçilikler bar. Hususan-da, Astrahan oblasty Türkmenistana oba hojalyk pudagynyň we balykçylyk önümlerini ibermegi ýola goýmaga taýýar. Öz gezeginde, sebit türkmen dokma önümlerine, pagta süýümine we polipropilene gyzyklanma bildirýär. Gubernator ykdysady gatrnaşyklaryň gün tertibini, mümkinçilik dörän ýagdaýynda, ýurdumyza sapary wagty ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Gepleşikleriň barşynda RF-iň hökümetiniň Russiýanyň günortasynda iri logistik merkezleriniň birine öwürmäge niýetlenen Astrahan oblastynda aýratyn ykdysady port zolagyny döretmek barada kabul eden kararyny göz öňünde tutmak bilen ulag-üstaşyr geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şeýle hem Astrahanyň gämi ussahanalarynda Türkmenistan üçin gämileri gurmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň üstünden Demirgazyk-Günorta ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek üçin degerli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Wolga derýasy bilen Moskwa-Astrahan- Hazarýaka döwletleri ugry boýunça ýük we gezelenç gatnawyny ýola goýmak bu taslamanyň bir bölegidir. Gubernator şeýle hem Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda göni parom gatnawynyň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady.

I.Babuşkin häzirki wagtda 2021-nji ýylda Moskwada 2-nji Hazar ykdysady forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýändigini habar berdi. Şu ýylyň 30-njy oktýabrynda Astrahanda geçiriljek etnomedeni gatnaşyklara bagyşlanan Hazar mediaforumy bu işiň bir tapgyrydyr.

Taraplar Türkmenistan bilen RF-iň Astrahan oblastynyň arasynda ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda Magtymguly adyndaky orta mekdebiň gurulmagy hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň mysallarynyň biridir. Sebitiň baştutany pursatdan peýdalanyp, bu mekdebe türkmen dili mugallymynyň iberilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda gubernator Igor Babuşkin köpugurly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa saglyk, abadançylyk we döwlet işinde üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image