Täzelikler

“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty

24.10.2020
1603631435
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.10.2020
1602878370
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Halkara walýuta gaznasy we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy

15.10.2020
1602785252
Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri ...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

15.10.2020
1602781482
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kow...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

08.10.2020
1602183192
Şu gün Türkmenistan — Owganystan — ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk ...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

08.10.2020
1602177963
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirz...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

07.10.2020
1602086601
“Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

07.10.2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üs...



Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik


Image

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki goňşy ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde netijelilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiliginiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň aýdyň görkezijisi bolup durýandygy hem-de ony has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berýändigi bellenildi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Ol ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriň ugry boýunça ilerleýär, munuň şeýledigine abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlara we tekliplere özara goldawyň berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklara netijeli häsiýetiň mahsusdygy bellenildi. Düýn wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Türkmenistan — Özbegistan işewür geňeşiniň 1-nji mejlisi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu geňeşiň alyp barýan işleri ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtda medeni-ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen hyzmatdaşlyk giňeýär we berkeýär.

Sebitiň we dünýäniň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly meselä degip geçdiler. Bu ýagdaý häzirki wagtda tutuş dünýä bileleşigi üçin uly synaga öwrüldi.

Bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistan we Özbegistan pandemiýanyň döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen, netijeli işleri geçirýärler.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň özara peýdaly tejribäni alyşmak üçin ylmy-lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, bilelikdäki tagallalar arkaly bu çylşyrymly wezipäni çözmekde üstünlikleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem telefon söhbetdeşliginiň barşynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriş duşuşygyny geçirmek hakynda mesele gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu duşuşygy 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Bu teklibiň goldanan ýagdaýynda Türkmenistan öňde agzalan mesele boýunça degişli guramaçylyk işine başlamaga taýýardyr. Öňde boljak sammiti geçirmegiň senesi we gün tertibi barada aýdylanda, olary sebitiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ylalaşmak teklip edilýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon gepleşigi özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm